1-NJI
SÖHBETDEŞLIK
MAGTYMGULY
KIM?
Bu söhbetdeşlikden esasy maksadymyz
ıaşlarymyza Magtymguly atamyz hakynda gysgaça düşündiriş bermek,
onuň kimligini öz goşgularynyň kömegi bilen açyp görkezmek,
şahyryň maşgala ıagdaıy we döredijiligi barada gysgaça maglumat
bermek.
Hormatly türkmen talyplary! Dogrusyny aıtsak, akyldar
atamyz aslynda “äleme belgilidir”.“Asly gerkez, ıurdy Etrek, ady Magtymguludyr”
diıen ıörgünli setirleri türkmenlerde bilmeıän ıok bolsa gerek. Hut şu
ıerdenem söhbetdeşligimiz başlanıar.
Eziz ıaşlar!
Biz bu soraga anyk jogap bermek üçin, başga çeşmä salgylanman akyldar
atamyzyň hut özünden, onuň çeper setirlerinden soralyň. Bu ıerdäki
ylmy çeşmämiz milli şahyrymyzyň çeper setirleridir. Başgaça
aıdanymyzda, onuň çeper şygyrlaryny ylmy esasda tireliň.
Geliň, öňi bilen Magtymguly atamyzyň kimligi hakynda
şahyrymyzyň hut öz setirlerine salgylanalyň!
1.Bilmeıen
soranlara aıdyň bu garyp adymyz,
Asly
gerkez, ıurdy Etrek, ady MAGTYMGULUDYR.
Sünnälenen
setirlerden-de görnüşi ıaly, şahyrymyzyň kimlik taıdan
başbildiniň özboluşly üçburçlugy mesaňa mälimdir. Anyklap
aıdanymyzda, çeper sözler bilen sünnälenen şahyrana üçburçluk Magtymguly
atamyzyň öz döwrüniň resmi şadatnamasyny ıatladıar. Bu
üçburçlugyň “asly”, “ıurdy”, “ady” diılip atlandyryljak üç burçy-da
gaty anykdyr. Ynha, şol şahyrana üçburçluk:
Asly
![]()
İurdy Ady![]()
Asly = gerkez, ıurdy = Etrek, ady = Magtymguly.
2.İurdum ETREK,
ilim gökleň,
Men bir söwer ıar gözlär men (Gözlär men)
İurdy = Etrek,
ili = gökleň, ady = men (Magtymguly)
3.MAGTYMGULY, ismiň seniň
bolsun gerekdir Pyragy,
Mar
golundan dyndym diısem, geldi hijranyň ıaragy. (Sylmaı boldum)
Ady = Magtymguly, lakamy = Pyragy. Lakamy bilen baglanyşykly
ıagdaıy aşakdaky şygyrlaryndan hem öwrenip bileris.
4.MAGTYMGULY,
seniň adyň,
Bolsun
indi, goı, Pyragy. (Pyragy) we şm.
Netije: ADY: MAGTYMGULY.
1.Resululla goımuş adyn Azady,
Atam – DÖWLETMÄMMET molla haky çün! (Haky çün)
1.Görmedim öz rastyma,ol bakydan gül deı
ıüzün,
Diıdi:görmedim çyragym,ıaş ediban ol
gözün,
“PYRAGY!PYRAGY!”diıip,unudyban
ol sözün,
Berdi ol zemin içre biygtyıar görge özün,
Walydym,Mekge-Medinäm,mähribanym, kaıda
sen?(Kaıda sen?).
2.Magtymguly adyň döndi PYRAGA,
Paryg bolup çek özüňni gyraga (Bu dünıä).
3.Magtymguly,seniň adyň ,
Bolsun indi, goı, PYRAGY! (Pyragy)
4.Diıdim:“PYRAGY
ismim”. Diıdi: “Pyrkat çeke sen”(Diıdi)
5.Magtymguly seniň ismiň bolsun
gerekdir PYRAGY (Sylmaı boldum)
1.Bilmeıen soranlara aıdyň bu garyp
adymyz,
Asly GERKEZ,ıurdy
Etrek, ady Magtymguludyr (Äleme belgilidir)
2.İurdum Etrek, ilim GÖKLEŇ,
Men bir söwer ıar gözlär men (Gözlär men)
3.Bug bolup göterlen arza, gör, umman,
GÖKLEŇİŇ pälwany- Azadym kany? (Azadym kany?)
1. Bilmeıen soranlara aıdyň bu garyp
adymyz,
Asly gerkez, ıurdy ETREK, ady Magtymguludyr (Äleme belgilidir)
1.Mekan eıläp, üç ıyl iıdim duzuňy,
Gider boldum, hoş gal, gözel “ŞIRGAZY!”
Ötürdim gyşyňy, nowruz-ıazyňy,
Gider boldum, hoş gal, gözel “ŞIRGAZY!”(Gözel “Şirgazy!”)
2.Ylym-tälim algan seni unutmaz,
Gider boldum, hoş gal, gözel “ŞIRGAZY!”(Gözel “Şirgazy!”)
Netije: BILIM ALAN İOKARY OKUW
JAİY:
ŞIRGAZY (HYWA)
1.Magtymguly,çagyr rebbul ybbady,
Bu dünıä,ahyret bergil myrady,
Resululla goımuş adyn AZADY,
Atam-DÖWLETMÄMMET
MOLLA haky çün!(Haky çün)
2.Her dem ıatlap,gan aglaram,
Kyblam-atam AZADYNY!(Terk eıleme bu mekany)
3.Degre-daşym sil alypdyr,galmyşam
ıowuz menem,
Pederim AZADY
ötdi,galmady käbäm enem(Jan eıledi)
Bellik:Magtymgulynyň ejesiniň
ady,Orazgül bolup, şahyryň goşgularynda onuň hakyky ady
tutulmaıar. Onuň ıerine “Walydym, Mekge-Medinäm, Mähribanym, Käbäm, Enem”
ıaly aňlatmalar ulanylypdyr.
1.Sen gideliň dokuz ıyldyr öteni,
Kaıda watan tutduň,gardaş ABDYLLA?
2.Gan ıyglap,atamyň bili büküldi,
Kaıda watan tutduň, gardaş ABDYLLA?(Abdylla)
3.Eı, gardaşym, sen, ABDYLLA,
Terk eıleme bu mekany! (Terk eıleme bu mekany)
4.MÄMMETSAPADYR
gardaşym,
Molla MATAM
– Sapakdaşym,
ABDYLLA gelse
basdaşym,
Pygamber
nazar gözlär men.(Gözlär men)
5.BAİRAM
gelin, HANMEŇLI gyz, JANESEN,
Bu dertleriň haısy birne ıana sen.
6.Magtymguly,elip bilim buruldy,
Damarym dartyldy,ganym duruldy,
Ölüm zarby üç tarapdan uruldy,
Akylym dagylyp, haırana geldi.(Weırana geldi)
7.Illeri bar diňli-diňli,
Sowuk suwly, ter öleňli,
İli-gökleň, ady-MEŇLİ,
Näzli dildardan aıryldym(Aıryldym).
Netije: GARYNDAŞLAR WE
İOLDAŞLARY:
ABDYLLA(dogany)
MÄMMETSAPA(dogany)
JANESEN (dogany)
HANMEŇLİ (uıasy)
BAİRAM(dogany
Janeseniň gelni)
MOLLA MATAM (bile okan ıoldaşy)
MEŇLI (aşygy, söıen gyzy)
1.Türkmenler baglasa, bir ıere bili,
Gurudar Gulzumy, derıaıy-Nili,
Teke, ıomut, gökleň, ıazyr-alili,
Bir döwlete gulluk etsek bäşimiz (Döker
bolduk ıaşymyz)
2.Teke, ıomut, ıazyr, gökleň, ahal ili
bir bolup,
Kylsa bir jaıga ıörişni,açylar gül
lälesi,
Erer ol erkan mydam,budur ki türkmen binasy,
Bil polatdan bina bolgan, budur türkmen galasy
(Türkmen binasy)
3.Hor galmasyn puştba-puşdum,
Berkarar döwlet islärin (At islärin)
4.Eglenmez, eııam öwrüler,
Zaman öter, nyrh çöwrüler,
Agyr döwletler aırylar,
Bir agza bakmaıan ärden.(İykmaıan ärden).
5.Bir-birini çapmak ermes ärlikden,
Bu iş şeıtanydyr, belki körlükden,
Agzalalayk aırar ili dirlikden,
Döwlet dönüp, nobat düşmana
gelgeı.(Nogsana gelgeı)
6.Pyragy,sözlär derdini,
Tilkiler atmyş gurduny,
Söıüpdir türkmen ıurduny,
Eıe bolgan bir han istär.(Jan istär)
Netije: SYİASY GARAİŞY: TÜRKMEN TIREDIR
TAİPALARYNY BIRLEŞDIRIP, BERKARAR, ÖZBAŞDAK, GARAŞSYZ BIR DÖWLET
GURMAK, AGZYBIRLIKDE İAŞAMAK, BIR DÖWLETE JEBISLEŞMEK, BIR SERDARA
GULLUK ETMEK.
Hormatly türkmen talyplary! Ynha, parasatly
atamyz Magtymgulynyň öz elleri bilen ıazan şygyrlaryndan alnan
nusgalar-ha gysgajyk şulardan ybarat. Geljekdäki söhbetdeşligimizde milli
şahyrymyzyň akyl gämisi bilen gezelenje çykmaklygy göz öňünde
tutıarys.
Hormatlamak bilen, Doç. Dr.
Berdi SARYİEW (Ankara uniwersiteti)