Gökdepe söweşinde şehit bolan bagşy

Gönübek

Hakynda

Söweşe gatnaşan bir

Türkmeniñ gürrüñi

 

Çapa taýýarlan:

 

Seýitmyrat Öwezbaýev

 

Türkmenovedenie journaly

1927-nji ýyl 1-nji san

 

Türkmençä terjime eden:

 

Nargylyç Hojageldiev

Aşgabat  1991

«Altyn guşak»

 

 

Kril hatyndan Latynça geçiren:

 

Akmurat Gürgenli

 

2006 ý.

Parag

 

 

 

Redaksiýadan

 

   Şu makalany ýerleşdirmek bilen, bir zady öñünden aýdyp goýmagy borjumyz hasaplaýarys: 1880—1881-nji ýyllaryñ gandöküşikli günlerini ýadyndan çykarmadyk Türkmeniñ beren gürrüñleriñ, onuñ hut özüniñ başyndan geçiren duýgularynyñ täsiriñ ýitirmezligi üçin, daşyndan göräýmäge yýzygiderlilik saklanmaýan ýalydygyna, beýan edilýän wakalaryñ hronologiýa doly laýyk gelmeýändigine, tekeleriñ çözüşlaryna artykrak orun berilýändigine garamazdan, bu zatlaryñ hemmesi el degrilmän galdyryldy.

   S.Öwezbaýev Türkmen halkynyñ arasynda aýdylyp ýören rowaýatlaryñ, ýatlamalaryñ, hekaýatlaryñ hem tymsallaryñ giden bir tapgyryny yýzygiderli ýazga geçirmeklige girişdi, bu gürrüñ hem şol tapgyrdan kiçijik bir parçadyr. Bu gürrüñ patyşa imperializminiñ ýowuz güýji bilen mynjyradylan Türkmen durmuşynyñ  soñky hasratly günlerini obrazlaýyn beýan edýär. Bu ýerde öz häkimligi sebäpli yýnjalykdan gaçan Britan şiriniñ hem kölgesi görünýär.

 

                                                                   Türkmenovedenie jurnaly

                                                *********

 

A

man aga, Amangeldi Göni, Gönübek «Türkmençilik» zamasynyñ ýeke-täk hem iñ gowy nusgasydy. Ol tekeleriñ syçmaz tiresiniñ arap urugundandy. Nurberdi hanyñ birinji geñeşdary hem sag goludy. Onuñ pikri, onuñ sözi halkyñ, tutuş şol döwür jemgiýetiniñ pikri, sözi hasaplanýardy. Ol gatnaşmasa, ýekeje-de uly maslahat geçirilmezdi. Ol taýsyz sazandady, Türkmen sazynyñ atasydy, onuñ ýaly saz çalyp bilýän adam häzirem ýokdur. Ol ölemen çilimkeşdi. Ol Nurberdi hanyñ baştutanlygynda birnäçe atly-abraýly gojalary ýanyna alyp, Ahalyñ o çetinden o çetine aýlanardy, olar her obada diýen ýaly düşlärdiler,obalar arasyndaky oñşuksyzlygyñ anygyna ýeterdiler, gan duşmanlary ýaraşdyrardylar, dürli jemgiýetçilik hem syýasy wakalar babatda halk köpçüliginiñ pikrini bilerdiler. Şahsy durmuşynda Gönübek kiçigöwünli, pukara adamdy. Sypaýylygy, alçaklygy, hemme kişä deñ gözde garaýanlygy üçin ony hemme kişi syýlardy, hormatlardy. Onuñ öýi hemişe märekeden doludyr. Ýakyn hem alys obalardan gelen dost-ýarlary onuñ öýünde ençeme günläp ýaşardylar. Onuñ öýünde üýtgeşik bir dessur saklanypdyr. Ylden ilki uklan ýa-da ajygan adam masgaraçylyga galan hasaplanypdyr. Elbetde, onuñ öýünde-de uklanardam, iýlibem-içilerdi. Bu ýerde gep başga zatda-dy. Hemme kişi bir wagtda ýatmalydy, hemme kişi bir wagtda iýip-içmelidi. Dürli ýerlerden gelen adamlar ýurt gürrüñini ederdiler, öz gün-güzeranlary barada derdinşerdiler.

  Myhmanlar hem gelip-gidýänler üçin ot-iým, un, hurşlyk goýun gerek bolanda, Gönübek ilkinji gabat gelen adamy islendik barjamly adamlaryñ üstüne ibererdi, zerur zatlaryñ hemmesi edil onuñ öz ambaryndan ýa-da sürüsinden getirilýän dek, şol demde taýyn bolardy. Onuñ haýyşyny ret etmelidir ýa-da ondan hak-heşdek soramalydyr diýen pikir hiç kimiñ kellesine-de gelmezdi, bu zatlaryñ hemmesini Gönübek üçin berer goýbererdiler. Onuñ köp dost-ýarlary, sarpasyny saklaýan adamlary özlerinden bilibem ähli gerek zatlary getirer durardylar.

   Bu adamy hemme kişi syýlaýardy, hormatlaýardy, onuñ sözüni ykrar ederdiler, halkyñ begenen ýerinde begenerdi, gyýnan ýerine gyýnanýan, il-günüñ ruhy daýanjy bolan bu adam şeýle ýaşapdy, şeýle hem ömür sürüpdi.

  Yne onñ nähili lebzine berk adamdygyny görkezýän käbir gylyklary hakda gürrüñ berýin. Biz birnäçe ýüz adam bolup, Kerimberdi işan, Nurberdi han hem şol döwrüñ birnäçe atly-abraýly adamlary bolup bile Gäwers obasyna ýygnandyk. Parslar şol ýere çözmaga taýýarlanýarmyş diýen gürrüñ bardy. Näzdepede—(Bamydan 25km-däki oba, 1869-da obanyñ ähli ilaty Büjnurt hökümdary Haýdarguly han[Şatlu] tarapyndan girew hömünde Eýrana sürlüpdir)—

   Bolan wakanyñ gaýtalanmazlygy üçinem şol ýere üýşüpdik. Bu ýere ýygnan adamlaryñ hemmesi toparlara bölünşip, oba adamlarynyñ öýlerinde ýaşaýardy. Ýörite meýdança arassalanyp, Kerimberdi işan, Nurberdi han dagy köpsanly namaz okaýan adamlar bilen bile şol ýere üýşýärdiler hem namaz okaýardylar. Kerimberdi işan Mekkä 6 aýda gidip-gelipdir, hajy bolany üçin ol gaty syýlanýardy. Birmahal Nurberdi han Mara gidende onuñ ýerine Ahalyñ hany bolmaga Gurbanmyrat işan syýnandy, hatta “soltan Sanjar mazy” (Saný–ثانی  2-nji diýlse dogry bolardy- AG) diýbem at berdiler, bu işiñ soñy Tilki hem Ganjyk obalarynyñ arasynda gan dökülmegi bilen tamam boldy, Gurbanmyrat işan soñra iliñ gözünden düşdi.  

 

    Biziñ goñşy ýurtlar bilen nesilme-nesil alyp baran göreşlerimiziñ arasynda ruslara garşy göreşimiz iñ agyr, iñ gan döküşikli, iñ gaýdusyz göreş boldy. Gökdepe galanyñ diwarlarynyñ eteginde, içinde, guma tarap gaçylyp gidilen ýolda, gala goralanda, ýykylanda, ol alnandan soñky üç günüñ dowamynda 15 müñden köp adam öldi. Biziñ ähli emlägimiz dargady. Ýesir düşen çagaly aýallarymyzyñ, ýöne çagalarymyzyñ özleriniñ her haýsy bir ýurtdan çykdy, ýeñijileriñ, biziñ başymyza düşen betbagtlykdan peýdalanan goñşy duşmanlarymyzyñ elinden eline geçdi. Güýçler deñär ýaly däldi. Ýeñilen adamlaryñ başyna nähili günleriñ düşjegi hemme kişä-de, her bir adama-da äşgärdi. 12-nji ýanvar, sowuk gyş güni biziñ erkana ýaşaýşymyzyñ iñ soñky güni hem Türkmençiligiñ hem mazara dykylan güni boldy. Şol elhenç günden biziñ tutuş köne durmuşymyzyñ harabalygynda ösüp ugran täze durmuş başlandy.

   “Täze”, halk üçin agyzdyryk bolan durmuşyñ nähili betbagtçylykdygyna göz ýetirilmegi, ýeñilmekden nähili ejir, sütem, maddy hem moral ýitgiler çekiljekdigine göz ýetirilmegi galaný goraýjylara güýç-kuwwat berýärdi, olary uly gahrymançylyga, janaýamazlyga, «öz-özüñi heläklemäge» ruhlandyrýardy. Elbetde, ol günleriñ «öz-özüñi heläklemegi» biziñ günlerimizdäki «öz-özüñi heläklemek» däldi. Güýçleriñ deñ däldigininiñ, biziñ ahyr soñy hökman bagtymyzyñ ýatjakdygynyñ şol betbagtçylykly günden has ozal aýdyñ bolandygyny aýtmak gerek. Şeýle-de bolsa galanyñ gaýduwsylyk bilen goramagymyzy dowam etdirýärdik.

   Inglis wekili, olaryñ adyndan gürlän adam [O’Donovan «Turkmenvedenyýe» jurnalynyñ çykgydy-AG] ýarag kömegini berjekdigini wada etdi. Emma ahyryna çenli şol kömek diýilýän gelmedi. Ýowuz günler golaýlaşýardy... Ölenler ozdurdy, olar öz işlerini bitirdiler, şonuñ üçinem olar rahat, batyýar, basymrak ölseñdiñ... bu elhençligi... masgaraçylygy... depelenmegi görmeli bolmasydy” diýen pikir beýnyñe barha pugta urnaşýardy. Haýwana mahsus gorky duýgusy ýatdan çykypdy, ýigitler ýaýdanman çozuşa gidýärdiler, özem hiç zatdan heder etmän, öz wepat bolan ýoldaşlarynyñ jesediniñ üstünden geçip gidýärdiler. «Ýaşanyñdan öleniñ ibalý» diýen pikir uludan-kiçä hemme kişiniñ añyna ornapdy.

   Käbir pursatlar, käbir ýagdaýlar edil şu günki ýaly bolup hakydamda janlanýar. Ýadyma düşýär, bulutsyz, güneşli gündi. Meniñ ýaram ýagşylaşýardy, ýöne entek bütinleý bitip gitmändi. Galanyñ içine tüpeñ oklary düşüp durdy, käte bolsa granat ýarylýardy. Çagalar ylgaşyp, ok çöpleýärdiler, olaryñ atalary bolsa, elleriniñ boş wagty ol oklary eredip, öz hyrlylary üçin togalak seçme guýýardylar. Bu işiñ soñy käbir çagalar üçin ölüm bilen gutarýardy, şeýle-de bolsa, ok çöplemek zerurdy, çagalaryñ güýji ýetýän bu iş dowm edýärdi . Ruslar galanyñ diýwarlaryna golaý gelipdiler. Adamlaryñ bolşundan, gürrüñlerinden duşmanyñ alkymlap gelmeginiñ nähili howpludygy bildirip durdy. Men tümden daşaryk çykypdym. Kim eli gylyçly, kim pyçakly, kim taýagyñ uwjuna dañlan gyrkylykly, galanyñ diwaryna tarap barýardy, kimler ylgaýardy. Tüpeñi, pistoleti-sapançasy bar adamlaryñ bary eýýäm şol ýerdedi hem duşmana ok ýagdyrýardy. Men duwşumdan geçýän adamlaryñ her birini oñat dilegler bilen ugradýardym, olaryñ tutuk ýüzlerine syýn edýärdim.

   Segsen ädim takmyn öñ ýanymdan bir garry aýal maña tarap gelýärdi. Ol ýañy tamdyrdan çykan çörekli kerseni ýanbaşyna göterip gelýärdi. Ol töwerekde bolup geçýän wakalara-da, olaryñ juwwuldysynda-da baçynam galdyranokdy. Men gapdalymdan ylgaşyp barýan adamlary ýagşy dileg bilen ugradyp durşuma bar zady unudypdym. Men ýene eli çörekli gelýän garry aýala tarap seredemde, onuñ ölüp ýatandygyny gördüm. Ol gyzgyn gan daman üýşmek çöregi göwresi bilen ýarym ýapyp ýatyrdy. Onuñ duwşundan ylgaşyp geçip barýan adamlar ýatan jesediñ ýanynda saklanýardylar. Çommalyp oturýardylar-da, gana boýalan çörekden bir bşlejik döwüp alýardylar, ony agyzlaryna atyp:

–       Hudaý jan, bize-de şunuñ ýaly añsat ölüm ber-!– diýşip, öz ýollaryna gidýärdiler.

Başy dik gaýdyp gelenler gaty az boldy, köpüsi ýaralanypdy, maýyp bolupdy. Gidenleriñ bir bölegi bolsa baky rahatlyk tapdy, näme bolarka, nähili masgaraçylygyñ üstünden barlarka diýen ejirli garaşmadan dyýndy. Kä o ýerde, kä bu ýerde mergenleryñ yýzyndan suw eltip berýän ýa-da getirlen maslyklaryñ arasyndan öz hossarlarynyñ jesedini gözläpýören aýallar görünýärdi.

   Şol günlerde Gara batyr– haýsy tiredendigini, haýsy urugdandygyny bilemok,– duşman okundan heläk bolandygyny özüm görmedim, ýöne gözi bilen gören adamlardan eşitdim.

 Uzakdan ruslaryñ garymlary hatara uzanyp gidýärmiş. Olaryñ sag gapdalrakda atly kazaklar topar tutup durmuş. Käte-käte atyşyk sesi eşidilärmiş. Duşmanyñ okuna juda seýrek jogap berýän galany goraýjylar öz aralarynda ruslaryñ nähili hereket etjekdigi barada pikir alşypdyrlar. Gije çuw ýalañaç bolup duşmanyñ arasynda aralaşan, garawuluñ ýanyna duýdansyz baryp, gylyç bilen ony çapyp hem berdankasyny olja alyp, sag-aman dolanyp gelen birini ýatlapdyrlar. Başga-da şonuñ ýaly üç sany adamyñ gije duşmanyñ garymlarynyñ daşyndan aýlanyp, olaryñ ýeñsesinden gelip, uwklap ýatan iki sany ofiseri hem üç sany soldaty öldürendikleri hakda gürrüñ edipdirler. Olar iki sany rovelver[sapança], üç sany tüpeñ we öldürlen adamlaryñ ädiklerini olja alyp, sag-aman dolanyp gelipdirler. Öldürlenleriñ ikisiniñ ofiselerdigini rovelverlerden hem olaryñ ýerlerindäki çadyrdan bilipdirler. Munuñ ýaly şowlulyk bagtyñ getirdigi hasap edilärdi, ozaly bilenem edermen ýigitleriñ batyrlygynyñ netijesi hasap edilýärdi. Şonda Diñlidepäniñ edil alkymynda bir tümüñ üstüne granat düşüp, dört adamy öldürendigini hem ýatlapdyrlar.

   ­­– Ajal kastyña çyksa, nirede bolsañam tapar. Ajalyñ ýetmese her ýerde bolsañam, her hili ýagdaýa düşseñem aman galarsyñ– diýp, goja mergenleriñ biri aýdypdyr.

   –Hudaý öz amanadyny diñe gerek wagty alar, bu diñe onuñ islegine baglydyr–diýp, ol sözüniñ ahyrynda aýdypdyr.

   –Eger men onuñ amanadyny eltip öñünde goýsam, ol almazmy?– diýp, Gara batyr sorapdyr.

–       Beýdip bilmersiñ– diýp, mergen jogap beripdir.

–        Bu adamyñ elindäki zat däldir.

–        Ine şu gün, hut häziriñ özünde men oña amanadyny gowşuraryn. Ol islese-de bererin, islemese-de.

Gara batyr şeýle diýpdir-de, gala tarap gidipdir, sähel salymynda atyna atlanyp gelipdir. Elindäki naýzasyny hem ýapyrbyrak tutupdyr. Ol galanyñ günorta derwezesinden geçip, onuñ diwarynyñ etegini syýryp, oturan hem gyýşarlyp ýatan ýoldaşlarynyñ ýanyna barypdyr. Olara:

–       Görüñ, men häzir hudaýa amanadyny tabşyrmaga gidýärin. Islese-de bererin, islemese-de diýpdir.

Onuñ aýagynyñ astynda ajaýyp dor aty bar eken. Ol eýere tarap ýapyrlypdyr-da, atly kazaklara tarap ok ýaly atylypdyr. Yýzynda galanlar oña bilegsigelijilik bilen syýn edipdirler. Ruslaryñ garymlaryndan ok atylmasy artypdyr. Kazaklar şol öñküsi ýaly topar tutup durmuşlar. Gara batyr olaryñ ýanyna ýüzin salyp barypdyr-da, şobada ikisini atdan agdarypdyr. Uzakdan Gara batytyñ hemme hereketini aç-açan syýnlamak mümkin bolmandyr, ýöne duşmanyñ başyna düşen başagaýlyk gaty uly bolupdyr. Birnäçe kazak atdan agypdyr, birnäçesi atyny ýüzin saldyryp gaçyp sypypdyr.

   Gara batyr gala tarap yýzyna dolanypdyr. Oña tarap ok ýagdyrypdyrlar. Ol atyny peýwagtyna öñürdigine goýberip, galanyñ diýwaryna, gürrüñleşip bolar ýaly aralyga gelipdir. Şol ýerde hem ol atyndan agyp gaýdypdyr. Duşman oky degen pursatynda onuñ ömür tanapyny şarta ýolupdyr.

   Gara batyryñ edermenligine haýran galyp duran ýoldaşlarynyñ bar keýpi gaçypdyr, olar Gara batyryñ jesedini ýygnamagynyñ ugruna çykypdyrlar.

–       ol öz sözünde durdy, şehit boldy– diýip, ony göterip gelýänleriñ biri aýdypdyr.

–       Ajal onuñ yýzyndan ýetdi– diýip, Gara batyryñ jesedini getirmäge kömekleşip, onuñ atyny iýdip gelýän goja mergen aýdypdyr.

   Hasrat uzaga çekmändir, şo demde gamgynlyk adamlaryñ ýüzünden syýrylypdyr. Sebäbi Gara batyr ençeme agyr günleriñ hem giýjeleriñ azabyndan dyýndy ahyry! Şunuñ ýaly, şuña meñzeş edermenlikler– öz-özüñi heläklemek köp bolupdy.

   Kepeläniñ köri aty bilen meşhur iki gözi hem kör bagşy galanyñ ýykylan güni gyýkylyk-galmagalyñ gelýän tarapyna ylgapdyr. Ýöne ol betbagt görgüli özüniñ gaçjak bolşundan pýda ýokdugyna derrew göz ýetiripdir. Ol ölenleriñ jesedine, ýaralylaryñ göwresine, çukurdyr tümmege büdäp, iki ädimiñ birinde ýykylypdyr.

–Il-gün, ýurt hakdaky iñ soñky aýdymyny aýdaýyn–diýipdir-de, ol oturyp, dutaryny gabyndan çykarypdyr, sesiniñ ýetdiginden aýdyma gyýgyrypdyr. Emma ajal oky onuñ aýdymyny ortasyndan ýolupdyr. Gulagyñy gapyp gelýän top-tüpeñ sesiniñ, dumly-duşy gaplap alan ýagynyñ, elhenç zenzelqnin, aýallaryñ hem çagalaryñ agy-nalasynyñ, güpür-tapyryñ arasynda Kör bagşynyñ aýdymy erkana, kakabaş türkmençiligiñ soñunyñ gelendigi hakdaky endamyñy tikeneklediji pygan bolup ýañlanypdyr.

   Şol wagtky ýagdaýyñ çykgynsyzlygy, muña hemme kişiniñem gözüniñ ýetikligi hakda Guba şahyr diýen biri hem aýdypdyr.

 

   Ruslar ilkinji gezek çözuşlarynda, gala entek gurlup gutarylmandy. Ähli maşgalalar öýlerde, çatmalarda, tümlerde galanyñ galanyñ içinde ýaşaýardylar. Ruslaryñ hüjümleri galanyñ diýwarynyñ daş ýüzünde yýzyna serpikdirilýärdi. Giýjelerine duşmanyñ üstüne nobatma-nobat hüjüm edilşi ýaly, giýjelerine galanyñ daşyna hem nobatma-nobat güýçli garawul goýulýardy. Galada aksakgallar bir onuñka, bir munuñka ýygnanyşyp, bilelikde nähili zerur çäreleri geçirmelidigi barada maslahat edýärdiler. Başga çäreler bilen bir hatarda, biziñ Garrygalanyñ ýanynda parslardan basyp alan ýalñyz topumyzy Änewden Gökdepä geçirmeli edildi. Änew hemişe biziñ gowşak ýerimiz hasap edilýärdi. Biz golaýda parslary ol ýerden kowup çykarypdyk. Ol ýerden kowlan iýlat öz hanlaryndan jeza beriji ýöriş gurnamagy hem Änewi ýene-de basyp almagy köp gezek haýyş edipdi. Biz ýekeje topumyzy howp abananda, golaýdaky obalary habardar etmek üçin şol ýerde  goýupdyk. Top sesi çykan badyna, her kim hiz zada garaşman, ýarag şaýyny tutup, Änewe kömege ýetişmelidi, golaýdaky beýleki obalara hem çapar iýbermelidi. Biz Änewi alanymyzdan soñ, ikinji ýyl bir gezek şunuñ ýaly duýduryş berenimizde, ol ýere sekiz müñe golaý atly ýygnanypdy. Yne şol topy hem Gökdepä getirmeli edildi. Mundan başga-da däriniñ bahasyny gymmatlatmagy, atykmaç ýarag saklamagy gadagan etmek karar edildi. Abdulla ussa topa ok guýar ýaly, döwük kündükleri hem gazanlary hökmany suratda oña tabşyrmaly edipdi. Ýene-de watana wepalylyk barada, ony “kapyr” ruslardan gaýdusyz goramak barada ählşhalk kasamyny kabul etmeklik karar edildi. Buharadan, Hywadan biziñ boluşymyzy makullaýan habarlar gelýärdi.

  Urş hereketlerine başlanmazynyñ öñ ýanynda geçirlen ullakan maslahatda Hanmämmet atalyk(syçmaz) bilen Orazmämmet han (beg) urşmaga garşy gürlediler, öz pikirlerini güýçleriñ deñ däldigi bilen, Türkmenleriñ ýaragynyñ ýokdugy bilen, güýçleriñ hem serişdeleriñ gatnaşygy şeýlekä hökman agyr netijeleriñ üstünden baryljakdygy bilen esaslandyrdylar. Olar özlerine gepleşik geçirmäge ygtyýar berilmegini teklip etdiler, iýlata bolsa, maşgalalaryny guma göçürip, şol ýerde gepleşikleriñ netijesine garaşmagy maslahat berdiler. Gepleşikler başa barmasa, urşy kiçijik toparlara bölünip alyp barmaly diýdiler. Olaryñ pikriç gala salyp oturmagyñam geregi ýok eken. Olar galanyñ salynmagyny hem iýlatyñ bir ýere ýygylmagy basybaljylaryñ işini añsatlaşdyar diýdiler. Özlerine ygtyýarly kyrk adamyñ berilmegini haýyş etdiler.

   Maslahata ýygnanlaryñ aglaba köpüsi olaryñ pikrine garşy boldy. Olar ruslar yslamyñ müdimilik duşmany, olar bile ýaşaşmak mümkin däl, ýurdumyzy tükeniksiz gandöküşiklik bilen juda gymmat satyn aldyk, biziñ daş-töweregimiz aç-açan hem gizlin duşmanlardan doly, bu ýerden başga gidere ýer ýok diýdiler. Biz öz ýurdumyzda otyrys, ruslara azar beremizok, olar bilen şärik zadymyz ýok, olara bizden näme gerekmiş? Onsañam dünýäde Orsýetden başga Angliýa, Türkiýe, Fransiýa, Hytaý ýaly döwletlerem bar ahyryn, olar ruslara edenini edip ýörmäge ýol bermezler. Biz gala gurup, ähli garyndaşlarymyza hem goñşularymyza kömek sorap ýüz tutmaly. Biz galanyñ içinde öz ýurdumyzy gorap, öz maşgalalarymyzy gorap, iñ soñkymyza çenli ölmeli, ýöne özümize agyzdyryk saldyrmaly däl. Biziñ topragymyz goralmagyna hem pida çekilmegine haklydyr. Ähli gorkaklar, ikirjiñlenýän nalajedeýinler, ylalaşyjylar, urşa, goranmaga garşy dönüklik edýän adamlardyr. Yñ soñunda hem biz Türkmenler duşmandan gaçyp gidiberer ýaly Buharanyñ, Hywanyñ gorkak nökerleri däl ahyry.

   Birnäçe ýyl şondan öñ Kerimberdi işan bilen bile Mekgeden gelen araplardyr Türklerem öz-özüñi saklamak hem yslamyñ umumy işini goramak üçin ruslar bilen gaýdusyz göreşmegiñ zerurdygyny aýdypdylar. Ruslar öñlerem bu ýerlere aralaşjak bolup telim gezek syýnanşyp görüpdiler. Ýöne atyrýadlary paýhynlanan soñ, olar yýzlaryna gaýdypdylar. Bu gezegem, eger biz gaýdusyzlyk bilen pugta dursak, ruslar giderler. Eger biz olar bilen gepleşiklere başlasak, gowşaklyk etsek, ýaýdansak, onda ruslar hemişelik galarlar, özleriniñkileri getirerler hem bizi bar zatdan mahrum ederler. Biz şonda näderis? Ynglisler ýarag kömegini etmegi wada berýärler. Eger ähli maşgalasyny  bir ýere ýygnamasak, Türkmenler urşmazlar. Yñ ahyrynda hem goý maşgalalarymyz biziñ bilen bile heläk bolsunlar, bary bir olar bizden soñ olja bolarlar. Raýat bolmagyñ nämedigini biz bu gün görmeli däl. Hatda dinibir halkdan hem onuñ hökümdarlaryndan (Horezm) sütemden, paç-hyraçdyr kemsidilmekden başga gören zadymyz ýok. Ruslar näme ondan gowudyr öýdýäñizmi? Olar ymamyñ baştutanlygynda Kawkazyñ ýaryny parçaladylar diýýärler. Musulmanlar Ruma (Türkiýä) gaçyp gitmäge mejbur bolanmyşlar. Yñlis patyşasy ruslary halanokmyş diýýärler.

  Urşuñ tarapdarlarynyñ, halkyñ aglaba köpçüliginiñ aýdan zatlarý şunuñ ýalydy.

–       Men ruslary halamok– diýip, Atalyk aýtdy. – Men olaryñ kimdigini Hywada görendirin. Men Hywalylar bilen ruslaryñ urşuna gatnaşdym ahyry. Meniñ watana–da, dini ygtygada-da garşylygym ýok. Meniñ öz ykbalymyza, maşgalamyzyñ ykbalyna nebsim agraýar. Men başga zat aýtjak däl. Eger gerek bolsa, men siz bilen bile ölerin.

  Märekäniñ allajy nazar hem goh-galmagaly Atalyga uzak gürlemäge maý bermedi. Onuñ yýzyndan Orazmmät han gürledi.

–       Ýurtlar hem halklar kasam bilen däl-de, top bilen, tüpeñ bilen goranýarlar– diýip, ol gürläp başlady.– kasam, ant, soñam lebziñden dänmek, ýurdy saklaman, gaýta weýran edýär. Men özümizi, ýurdumyzy, çagalarymyzy hem aýallarymyzy şeýle aýylganç ejire sezewar etmäge hiç hili zerurlyk ýokmuka diýýärin. Ruslar biziñ öñki sanyna bakman gyran parslarymyza däl, tatlarymyzyam däl. Eger siz bu gün guran toprak galañyz bilen ruslara garşy durmak isleýän bolsañyz, bu siziñ ýer ýüzünde galdyran iñ soñky keşdäñiz bolar. Ejiz towşan tüýräk bolsa ýagşy. Doñzuñ arkasyny tüýniñ tersine däl, ugruna syýpanyñ ýagşy. Eger bu añkasy aşan mähelläniñ, aklyny aldyran adamlaryñ gepine gitsek, biz ähli emlägimizem, özümizem heläk ederis. Maña gepleşik geçirmäge ygtyýar edilmegini soraýaryn. Men bu kasamyñyzy kabul etmeýärin, ähliñi hem etmekden saklanmaga çagyrýaryn.

  Märekäniñ arasyndan gazaply sesler ýañlanyp başlady:

–       Ruslardan näçe hak aldyñ?

–       Hemşerleriñ kim?

–       Haçan dinden dändiñ?

–       Dönük!

–       Haýyn!

–       Ruslarý gyrmagy Atalyk bilen Orazmämmetden başlamaly!

  Adamlaryñ sesinden olaryñ ýetjek derejesine ýetendigi, çäkden geçip, Atalyk bilen Orazmämmet hanyñ bokurdagyna ýapyşaýmagynyñam daş däldigi görnüp durdy.

   Şolardan soñ geplän aksakgallar märekäni köşeşdirmek bilen boldular, Atalyk bilen Orazmämmet hanyñ berýän maslahatynyñ ak ýürekdendigine, olaryñ watany goramaga taýýardygyna ynandyrdylar. Ätiýaçlylyk hem seresaplylyk etmek gowy zat diýdiler. Hemme kişini parahatlyga, pähim-paýhasa çagyrdylar, her bir adama, onda-da Orazmämmet han bilen Atalyk ýaly atly-abraýly adamlara öz pikrini, pähim-paýhasyny erkana aýtmaga mümkinçilik bermegiñ zerurdygyny nygtadylar. Eger şeýle edilmejek bolsa, ondanam bir maslahat bolarmy diýdiler.

   Şeýlelikde, bu meseläniñ düýp manysy babatda bir-birine çapraz pikirler orta atyldy hem aksakgallar belli bir karara gelip bilmediler, meseläni halkyñ ygtyýaryna hödürlemeli, özem köpçüligiñ  erki azlyk üçin hökmany bolmaly diýen netijä geldiler. Köp müñ adam gatnaşan maslahat biragyzdan diýen ýaly urşmaly diýen netijä  geldi.  Hut şol ýeriñ özünde  öz obalaryny hem tirelerini bulaýan aýry-aýry aksakgallary hem olaryñ obasyny talaña salmaly, rus häkimiýetleri bilen aragatnaşyk saklaýan Dykma serdaryñ obasy Börmäni talap, ondaky ähli maşgalalary Gökdepä göçürip getirmeli etdiler. Çulba baýyñ öýüni ýumurmak, Köşi obasyny weýran etmek bellendi. Şüpheliräk görünýän köp adamlaryñ atlary agzaldy.

   Ýöne öýleri ýumurmaly, obalary weýran etmeli bolmady. Müñ atlydan ybarat ýörite otrýad bilen Börme obasy talanandan soñ, ikirjiñlenýän adamlaryñ hemmesi köpçülige goşulyp, Gökdepe galasyna jemlenip başlady.

   Şu wakalardan soñ ähli halk bolup kasam etmek baradaky mesele öz-özünden çözüldi duruberdi. Märeke ilki bolup Orazmämmet han bilen Hanmämmet atalygyñ ant içmegini talap etdi. Kasam şeýle ýagdaýda kabul edildi. Birnäçe işanlaryñ, mollalaryñ, aksakgallaryñ arasynda duran Kerimberdi işanyñ öñünde elde göçürilen äpet gurhany goýdular. Kasam edýänler işan bilen gurhanyñ aralygyndan ýöne geçip gitse-de bolýardy, iki ilini gurhana degrip, ýüzüne syýlsa-da bolýardy! – Agyr märeke:

–       Orazmämmet! Atalyk! – diýip, gyýgyryp başlady. Halkyñ talabyna boýun bolup, olar ilki kasam etmeli boldular.

–       Sen bir akmak halk ekeniñ!– diýip, Orazmämmet han aýtdy. – özümiñ akmak bolanym üçin däl-de, seniñ akmak bolanyñ üçin men şu kasamy kabul edýärin, şu ýerde-de ölerin. Özüñe abatlyk islemeýän bolsañ, senem ölmegi başar!

    Ol şeýle diýdi-de, gurhanyñ gapdalyndan geçdi.

–       Men size Atalygyñ namart däldigini subut ederin– diýip, Atalyk görgüli aýtdy.– Dinden çykan biz däldiris, dinden çykan akmak halky nähak ýola iterýän adamlardyr. Yne menem geçýärin!  

    Müñläp-müñläp märeke başyny dik tutup, uly tertiplilik bilen şondan soñky aýylganç wakalar biziñ aramyzda keserlip ýatan heläkçilik çäginden añry ätmedi.

 

   Bu gürrüñi edilen wakalardan has soñ, Dykma serdar öz ýoldaşlary bilen Ruslardan biziñ tarapymyza geçip geçenmiş diýen habar ýaýrady. Dykma serdar özüniñ ruslaryñ arasyna gitmeginiñ sebäbini olaryñ planlaryny, güýjüni biljek boldum diýp düşündirdi. Ol indi bu işi gutaran hasap edýändigini, şonuñ üçinem özüniñ hem Börmelileriñ maşgalalarynyñ esir alynmagynyñ düşünişmezlikden  bolan zatdygyny aýtdy. Öz sözüne gulak asan ähli adamlar bilen bilelikde ähli halkyñ duran ýerinde durjakdygyna ynandyrdy. Onuñ bu sözleri esaly diýlip bilindi hem ony saýry tutmak bes edildi. Dykma serdaryñ sözlerine görä, rus otrýadlaryna iki sany ýomut–Musa han bilen Molladüñder ýolbeletçilik edýärmiş, Dykma serdar Musa han bilen dildüwşenmiş, ol rus otrýadlarynyñ planlary hakynda habar berip durjakmyş. «Kim Musa hana gabat gelse, ony atsyn, ýöne urmasyn. Molladüñder bolsa «kapyrlaryñ donuna» giren adam, ol Ruslara çyn ýürek bilen gulluk dýär. Her zat etmeli welin, onuñ ýoguna ýanmaly» diýdi. Özüniñ soñky hereketleri bilen Serdar öz wadasyny pugta berjaý etdi.

 

   Ruslar barha golaýlaşyp gelýärdi. Biziñ bölek-bölek kiçijik atly toparlarymyz kem-käs iş bitirmän duranokdy, ýone onuñ duşmana ýetirip bilýän ullakan zyýany hem ýokdy. Galadan indi ýetip gelýän rus güýçleriniñ öñ hatarlary görnüp başlapdy. Aýgytly çaknaşyk öñdedi. Gorky-ürkimiz ýokdy, sebäbi etnek köpçülik bolup, duşman bilen aýgytly çaknaşyp görmändik, şonuñ üçinem hakykaty doly göz öñüne getirip bilmeýärdik.

   Biz şondan ozal ruslary iki gezek görüpdik. Birinji Buhara emiri kömek çagyranda, müñ atlynyñ hatarynda Ketdegorganyñ etgindäki söweşe gatnaşypdyk. Emir Muzaffar ruslar bilen ýaraşyk barada gepleşik geçirip başlandan soñ biz öýmize gaýdypdyk. İkinji gezek biz rus otrýadlary uzyn adanyñ ýanynda gury ýere düşjek bolanlarynda olaryñ üstüne çozupdyk. Şonda ruslar bizden gämilerine gaçyp gutulypdyrlar. Halk köpçüligi ruslary entek görmändi hem olar hakda bilýäñ zady ýokdy. Galadaky köp adamlar: «Gylyjymyz ruslara ötermikä? Olaryñ näçe kellesi barka? Her bir orsuñ näçe jany barka?» diýşip, öwünjeñlik bilen gürleýärdiler. Ozal urşy gören, ruslaryñ kimdigine belet adamlar öz ýoldaşlarynyñ boluşyna seslerini çykarman syýn edýärdiler. Diñe olaryñ käbiri «ony basym özüñiz görersiñiz. Basym görersiñiz» diýen gyýsgajyk jümleler bilen jogap berýärdiler.

   Nurberdi hanyñ uly ogly Berdimyrat han egni ýüpek donly, eli ýalañaç gylyçly galanyñ hemme ýerine, öñ hatardaky mergenleriñ arasyna aýlanyp çykdy.

–       Allanyñ dabaraly güni ýetip geldi– diýip, ol aýdýardy. Ol güni garşylamak, öñem telim gezek toý edişimiz ýaly, toý etmek gerek. Alla bizdendir. Ýeñsek bize uly şöhrat garaşýar, ölsek– jennet. Şatlykly ýylgyryp, ýalaw ýaly gylyjymyzy syýryp, duşmanyñ üstüne şir kimin topulalyñ. Mert boluñ. Yýza çekilmek ýok, rehim-şepagatam ýok. Ölmek üçin şu günden, şu günlerden, öñdäki şol aýgytly günden gowy gün ýokdur!

 

   Aýgytly günler golaýlaşýardy… Açyk howaly günüñ ir säheri ýadyma düşýär. Aýmançalaryñ birinde Gönübek bir topar aksakgallary daşyna üýşürip otyýrdy. Ol öten agşam düýş görendigini gürrüñ berýärdi.düýşinde Gönübek ak çýs eşejigini çapdyryp, günorta-gündogara tarap barýarmyş. Öñünde-de bir telär garalyp görünýärmiş, eşejik ýüzüñ ugruna şol teläriñ üstünden uranmyş, ol hiç zat bolmadyk ýaly ýoluny dowam etdirenmiş, Gönübek bolsa ýykylmanmyş…

   –Kim meniñ bu düýşümi ýorup berjek?– diýip, Amangeldi Gönübek göni oturanlara ýüzlendi. Hemme kişi sesini çykarman dymyp otyýrdy. Onsoñ Gönübek özüniñ iñ ýakyndostlarynyñ birine ýüzlendi hem öz düýşüni ýorup bermegini haýyş etdi.

–       İsleseñ ýoraýaryn– diýip, dosty jogap bedri– Ýorup bereýin.

–       Gaty çynym bilen haýyş edýän– diýip, Gönübek janlandy.

–       Bu gezek ruslar bizi ýeñip bilenok– diýip, dosty düýşi ýorup başlady.– Ýöne, Gönübek, sen ölýäsiñ.

–                   Ylahy omyn!– diýip, Gönübek sakgalyny syýpap oturşyna üç gezek gaýtalady. – Sen bu düýşüñ ýorgudyny bölek-bölek düşündir– diýip, ol soñra dostuna ýüzlendi.

–       Ol çýsja kiçijik eşeg-ä biz– diýip, dosty jogap bedri.– Sen halkyñ syýlagly adamy, onuñ aýdymçysy, biziñ durmuşymyzyñ ruhy daýanjy, şonuñ üçinem ol eşegi sen münip barýarsyñ. Seniñ münip barýan eşegiñ üstünden uran teläri bolsa biziñ üstümize geýän hem ýolumyzda keserip ýatan ruslar. Eşegiñ teläriñ üstünden urmagy bolsa öñümizde duran aýgytly çaknaşyk. Eşegiñ hiç zat bolman öz ýoluna gidiberişinden gürnüşi ýaly, biz öñümizdäki duran päsgelçiligi ýeñip geçýäris. Seniñ ýykylyp galmagyñ bolsa, äşgär zat, biz soñky ýolumyzy sensiz dowam etdirmeli bolýas– diýip, dosty düýşüñ ýorgudyny tamamlady.

–       Ylahy omyn!– diýip, Gönübek ýene üç gezek gaýtalady, ýene sakgalyny syýpady.

      Oturanlar düýşüñ beýle ýorgudyndan nägile boldular, heý, şeýle günlerde hem şeýle zatlary aýtmak bolarmy?! Ýöne gönübegiñ özi welin bu ýorgutdan kanagatlandy.

–       Şundan gowy, şundan dogry ýorgut ýok, bolubam bilmez, men başga ýorgudy islämogam– diýip, ol aýtdy.

   Şondan soñ üç-dört gün geçdi. Hemme zat ruslaryñ bu gün-erte galanyñ üstüne döküljekdiginden habar berýärdi. Olardan öñürtmek karayna gelindi. Dañbilen hemmämiz jem bolup hüjüme geçmegi, birden ruslar gala goragsyz tarapdan hüjüm edende gaýtawul berer ýaly, galada diñe az sanlyja adam galdyrmagy şertleşdik. Ir agşamdan başlap, uzak giýjesi bilen taýýarlyk görüldi. Kim gylyjyny çalardy, kim taýagynyñ uwjuna gyrkylyk berkidip çaýlardy, kim pyjagyny çalardy, kim gyssagarada ok guýardy, kim däri taýýarlaýardy. Daña golaý galanyñ diwarynyñ daş ýüzündäki käliñ içinde ýer-jaý ýokdy, nökerlerden ýana hyryn-dykyndy. Şertli alamata eýerip, hemme kişi «Alla!» diýip, duşmanyñ üstüne topulmalydy.  Hemme kişi howsala bilen garaşýardy. Säheriñ sergin şemaly ösüp başlanam bolsa, entek garañkydy. Ahyry ýiti syýkylyp ýañlandy. «Al-la-a-a! Al-la!» diýen sesler müñlerçe gursakdan  dyýnygsyz çykdy. Giýjäniñ dartgynly üm-sümligini ýañlandyryp, sansyz gyýkylyk-galmagal uzaklara ýaýrap gitdi.  Aýagy ýalañaç, köýneginiñ ýeñi, balagynyñ gonjy çermegi mähelle gara ergin bolup ruslara tarap eñip ugrady, nämälim garañkylyga, syrly garañkylyga siñip gitdi. Yýzy üzülmän, topar-topar bolup gygyrylýan «Al-la-a-a!» diýen zowwam sesler atyşygyñ paýyrdysy bilen goşullyşyp başlady. Uzalyp gidýän duşman garymlary şol şol pursatyñ özünde tüpeñlerden hem mitralýezleriñ azgyndan çykýan otdan ýaña ýagtylyp gitdi. Başagaýlyk, başly-baratlyk bilen atýardylar. Toplar dymýardy. Nökerler gidip baryşlaryna ýykylýardylar. Kim sesiz-üýnsüz ýykylýardy, kim «oh!» diýýärdi, kim «ah!» diýýärdi, kim süýkdürlip gyýgyrýardy, çirkin gyýgyryp ýykylýanlaram bardy. Daş-töwerek ýykylýan nökerden doludy. Kimiñ ýykylanyny, nädip ýykylanyny, ýaralanyp ýa-da ölüp ýykylanyny seljermek ýaly däldi.

   Aman galanlar öñe ylgaýardylar. Yýzdan gelýänler ölenleriñ jesedine, ýaralylara büdräp ýykylýardylar, ýerlerinden turup, ýene öñe ylgamagyny dowam edýärdiler.

   Ýolda ýykylanlar gaty köp boldy. Ýekeje ok hem boş geçenok diýen ýalydy, sebäbi gaty üýşmek bolnup çozulynypdy, märeke hem inine ýaýrañdy, hem öñi-ardy ýokdy. Ylgap barýan adamlaryñ ok degip ýykylýany köp bolansoñ, olaryñ hatarlary barha seýrekleýärdi. Käýerlerde atyşyk kesilipdi, adamlaryñ gyýkylygy, ýaraglaryñ jarkyldysy, sögünç, nagra eşdilýärdi, bu biziñkileriñ duşmanyñ üstüne ýetendiginiñ hem çapyp başlandygynyñ alamatydy. Basym garymyñ uzaboýuna atyşyk kesildi, hemme ýerde Türkmenleriñ sesleri eşidilýärdi, käte olaryñ seslerine ruslaryñ düşnüksiz gyýkylygy hem goşulýardy. Garymlardaky mergenleriñ birentegi çapyldy, birentegi ýaralanyp taşlap gaçyp gitdi. Göze görnüp gaçýanlaryñ yýzyndan kowýardylar. Adamlaryñ köpüsi garymlarda güýmenip galdy, olar ýarag, ok gözleýärdiler, ölenleriñ aýapgaplaryny çykaryp aýlardylar. Daş-töwerek ölülerden, ýaralylardan leýis bolup ýatyrdy, öli, ýaraly Ruslar, Türkmenler, iññildi,– bu zatlaryñ hemmesi jemlenip tamamlanyp barýan giýjäniñ alagarañkysyna düwlenen aýylganç kartinani emele getirýärdi. Käbir adamlaryñ sudury bir eýläk, bir beýläk ylgaýardy, birnäçeler bolsa gala tarap eñipdiler. Rus lagerinde nirelerdendir bir ýerlerde howsalaly gyýkylyk, düşnüksiz sesler eşidilýärdi. Aradan birneme wagt geçenden soñ, Ruslar tarapyndan ýene atyşyk başlandy, ýöne indi ol ullukan zeper ýetirip bilenokdy.

   Howa ýagtylyp başlady. Hemme zat aýyl-saýyl boldy. Ruslar diñe mergenleriñ seýrek hataryny galdyryp, garañkynyñ içinde gaty yýza çekilipdiler. Biziñkileriñ köpüsi galara tarap dolandylar. Kim olja alan ýaragyny getirerdi, kim ölüniñ jesedini, kim ýaralyny alyp gelýärdi, käbirleri bolsa hiç sebäp ýok ýerinden yýzyna dolanypdy. Garymlaryñ içi öldürlen rus soldatlaryndan doludy. Kimiñ kelle çanagy pytradylypdyr, kimiñ garny silkilipdir, kimiñ eli ýok. Özem her hili ýagdaýda ýatyrlar, hemmesiniñ diýen ýalam egin-eşigi sypyrylgydy. Türkmeleriñem jesedi dürli ýagdaýda sergi bolup ýatyrdy: kim ýüzin ýatyrdy, kim ýüplik ýaly süýnüp ýatyrdy, kim gapdalyna gyýşaryp ýatyrdy. Haýsy ýanyna seredseñ, gan yýzy bolup duwrdy.

   Biziñkileriñ jesetleriniñ bir bölegi giýje gala äkidilipdi, bir bölegi, has dogrusy, köpüsi henizem ýygnalman ýatyrdy. Ýatanlaryñ birnäçesinde henizem dirilil alamaty bardy. Jesetleri hem ýaralylary ýygnamak dowam etdirildi. Basym söweş meýdany bütinleý arassalandy. Mergenler garymlara iki-ikiden hem top tutup gelip başladylar. Olaryñ birnäçesiniñ elinde berdankasy bardy, batyr ýigitler olja alan ýaragyny olguna, doganyna ýa-da başga bir ýakyn adamyna beripdirler. Olaryñ köpüsiniñ bolsa hyrlysy bardy. Ganym galanyñ bir ol ýerinden, bir bu ýerinden biziñ atlylarymyz çykyp başlady hem dürli tarapdan duşman sapyna tarap süýşüp ugrady. Uzakdan topar tutuşyp duran atly kazaklar hem görünýärdi. Toplardan ok atylyp başlandy. Top oklarynyñ birnäçesi galanyñ içine ýa-da golaýyna düşerdi, birnäçesi garymlara düşerlerdi.

   Daş-töwerek hereketden doludy. Biziñ atlylarymyz kazaklaryñ yýzyndan kowup gitdiler, piýada mergenleriñ oduna sezewar bolubam yýzlaryna gaçdylar. Günortanlar atly ýigitleriñ bir topary dolanyp geldi. Olar atly kazaklaryn yýzyndan kowandyklaryny, kazaklaryñ baştutanynyñ hem Türkmendigini gürrüñ bedriler. Şol Türkmeniñ gaçyp barýarka zyñan zady diýp, bir bölejik kagyzy bedriler. Ruslaryñ häli-şindi diýen ýaly dürli kagyzlary taşlap durandygyny, ol hatlarda bolsa urşman boýun egmegin teklip edilendigini aýtmak gerek. Ol hatlar haýbat atmak bilen tamamlanýardy.

   Bir ýerden sowatly adam tapyp getirdiler. Ol hat Musa handan eken. Ol hatynda ruslaryñ şu gün aýgytly hüjüme geçmegi ýüreklerine düwendigini, şonuñ üçinem söweşe taýýar bolup durmagy maslahat berýärdi. Hatyñ mazmuny galadaky ähli adamlara, galanyñ diwarynyñ daş ýüzündäki mergenlere ýetirildi.

   Şehit ölenleri ýuwup-artyp oturman, geými bilen jaýlamaly bolansoñ, bu iş añsatlaşardy, şonuñ üçinem aradan kän wagt geçmänkä, jaýlanmadyk ýekeje jesedem galmady. Gaty köp ýaralylar tümlerde hem öýlerde iñleşip ýatyrdylar. Aýallary hem garyndaşlary olaryñ daşynda pelesañ kakardylar. Ýöne hekimden, däri-dermandan peýda ýokdy, hemme zat bedeniñ düşen ýara çydam edip biljegine-bilmejegine, ýaranyñ agyrlygyna ýa-da ýeñilligine, ok ýarasydygyna ýa-da naýza ýarasydygyna baglydy. Kysmaty dolan bolsa öler, ýogsa-da diri galar diýip, adamlar öz-özlerini köşeşdirýärdiler, umyýt edýärdiler. Adamyñ sanalgysy dolmadyk bolsa, däri-dermanam häki bir sebäpdi. Kazasy dolan bolsada däri-dermandanam peýda bolaz diýerdiler.           

    Toplaryñ hem tüpeñleriñ atyşly güýçlenip başlady, uzakdan gürünýän gaýda-gaýmalaşyk, öñ hatardaky mergenleriñ hatarlarynyñ görülmegi Musa hanyñ duýduryşynyñ dogrudygyny tassyklaýardy. Dolanyp gelen atly ýigitlerem ruslaryñ söweşe taýýarlyk görýändigini tassykladylar. Ähli mergenleri galadan daşary çykaryp, amatly ýerlerde ýerleşdirmek, men diýen mergenleri saýlap almak kararyna gelindi.

    Her zada garaşybermeli pursat geldi. Mergenleriñ ýerleşen ýerine suw, azyk eltip gelen adamlar ruslaryñ adatdan daşary güýçli ot sowurýandygyny, mergenleriñ köp ýitgi çekýändigini habar bedriler. Goşmaça güýç gerekdigini, sebäbi Ruslaryñ güýçlerini jemläp, barha öñe omzaýandyklaryny aýtdylar. Biziñ mergenlerimiziñ oky olara ýetmänsoñ, olar arkaýyn hereket edýärmişler. Diñe olaryñ käbiri biziñ berdankarymyzyñ okundan heläk boýlarmyş, ýöne berdanka bizde juda azdy.

   Mergenler hem söweşe dowtalap beýleki adamlar topat-topar bolup ýa-da ýekelikde az saýlap alan ýerlerine gidýärdiler. Galada diñe sowuk ýaragly adamlar galdylar. Olara biziñ mergenlerimize kömek gerek bolaýan halatynda galanyñ diwarlarynyñ daş ýüzündäki käliñ içinde häzir bolmak tapşyryldy.

   Biz dessine özümiziñ ýeke-täk topumyzy diñli depäniñ üstüne çykarmak bilen bolduk. Birnäçe top okuny guýan Abdylla ussa topy atmaga taýynlanyp başlady. Biz gaty köp adam bolup, bilesigelijilik bilen topuñ atylmagyna syýn etmek üçin depäniñ üstüne çykdyk. Mazaly taýýarlanandan soñ, nyşana alyp, Abdylla ussa topy guwledip goýberdi. Dürli tarapdan «ja-an! ja-an!» diýen sesler ýañlandy. Topuñ nilinden çykýan goýy tüsse daş-töweregi gapsak aldy. Tüsse darganşansoñ, Abdylla ussa ony ikinji gezek atmaga taýýarlanyp başlady. Ýene-de şol öñki gümmürdi, ýene-de şol öñki tüsse, ýene-de şol öñki begençli sesler.

   Ruslar agyr märekäniñ depäniñ üstünde üýşmek bolup duranyny görüp, bize tarap birnäçe top okuny gönderdi. Top oklary biziñ golaýjygymyzda ýaryldy, onsoñ biz dargamaga mejbur bolduk. Diñe Abdyllanyñ ýeke özi atmagyny dowam etdirmäge syýnandy. Ýöne mergenleriñ ýatan ýerinden bir adam top atmasyn diýen haýyş bilen geldi, sebäbi onuñ oklary zordan mergenleriñ üstaşyr geçýärm, olar özümiziñkiler üçin howplymyş, ruslara edip bilýän zady ýokmys. Dogrudanam, top okunyñ atylyp barşyny-da syýnlap durmalydy, onuñ öñünden sowlubam ýetişmek münkindi. Biz topumyzdan köp zada garşýardy, ýöne ony ullanşymyz şonuñ bilen tamamlandy. Ol top soñ-soñlaram depäniñ üstünde idi-yssywatsyz uzak waglap ýatdy. Öñ hatarlardaky mergenler biri-birinden iýmeç habarlar getirýärdiler. Uly ýitgiler çekýändigmizi, ruslaryñ uly güýçleriniñ barha golaýlaşýandygyny, ýagdaýyñ bütinleý üýtgemeginiñ äşgär bolup ugrandygyny aýdýarlar.

   Günoratana golaý tüpeñlerden hem toplardan ok atyşly ýetjek derejesine ýetdi. Mergenler bilen galanyñ aralygynda biziñ mergenleriñ ýatan ýerine gelýärkä ýa-da ol ýerden barýarka ok degen adamlarymyzyñ jesetleri görünýärdi. Aýallar, çagalar hem gojalar: «yslama kuwwat ber!» «ýa Hudaý» diýşip, Allaha ýalbarýardylar. Käbir aýallar arkalaryna suwly meşik ýa-da çörekli torba alyp, galadan garymlara tarap ylgaýardylar. Ok olary hem aýap durmaýardy. Birnäçeler bolsa sag aman yýzyna dolanyp gelýärdi.

   Günortandan soñ top atyşly has güýçlenip, tüpeñ atyşly birneme kyparlady. Birdenem garaşylman durka «ura-a-a! Ura-a-a!» diýen sesler howany ýañlandyryp gitdi. Ruslar naýzalaryny gezäp topuldylar. Biziñkilerem «Al-la-a-a!» diýip, källerdeen hem çöketlerden ýerlerden çykyp öñe eñdiler. «ura!» hem «Alla!» diýen sesler goşulş, güwläp durdy, ýarylýan granatlaryñ sesi hem şol güwwüli-de goşulyp gidýärdi. Biziñkiler ylgap ýetýänçäler, ruslar biziñ mergenlerimiziñ epesli bölegini paýhynladylar hem garymlary eýlediler. Mergenleriñ bir bölegi gala tarap gaçyp gaýtdy. Ruslar ýakyn aralykdan biziñ topar tutup barýan adamlarymyzyñ üstüne ajal oduny ýagdyrdylar. Şol «Alla!» hem «ura!» diýen sesler henizem howany dolduryp duwrdy. Biziñ hatarlarymyz seýrekleýärdi. Biziñ hüjüme geçen adamlarymyz bilen mergenleriñ pozisýalaryndan gaçyp gelýäñ adamlar garyşanda, aljyrañlylyk başlandy. Biziñkileriñ bir bölegi ruslaryñ üstüne ylgamagyny dowam etdirdi, bir bölegi ýaýdanyp aýak çeken ýaly boldy. Gönübek hem hüjüme barýanlaryñ arasyndady. Ruslar biziñkileriñ aljyraña düşenini görüp, garymlardan ylgap çykdylar-da, olaryñ üstüne eñdiler. Alla!...Ura!... Alla!...Ura!...günüñ günoratany Ruslar bilen Türkmenler döwüş gurup başladylar. Biri çapýardy, biri sançýardy, biri atýardy. Şakyrdy, düññküldi, gow, gümmürdi, çirkin sesler, iññildi diýnman  ýañlanýardy, niräñe baksañ, gan akýardy, ruslaryñ hem Türkmenleriñ jesetleri çaşyp ýatyrdy, Türkmenleriñki köpdi… ruslaryñ sany barha artýardy, yýzdan çaltlyk bilen täze güýçler gelip ýetişýärdi. Top hem tüpeñ atylşy ýetjek derejesine ýetipdi, bütin dünýä elhenç gümmürdä gaplanyp duran ýalydy. Biziñ hatarlarymyza aljyrañlylyk aralaşypdy, ruslaryñ bolsa ruhy göterilen ýaly boldy. Biziñ käbir adamlarymyz yýzlaryna gaçyp başladylar. Ruslaryñ gyýgyklgy has güýçlendi. Gala tarap gaçýanlaryñ sany barha artýardy. Ruslaryñ yýzyndan kömege gelenler öñ hatardakylar bilen goşuluşdylar. Sähel salymdan soñ hemme kişiniñ ýüzi gala tarap öwrüldi. Öñden kä onda kä munda ýykylanlaryny taşlap, Türkmenler gaçyp barýardylar, yýzlaryndan bolsa üstünlikden gylaw alan ruslar arany ýygryp gelýärdiler. Indi diñe «ura!» diýen sesler eşidilýärdi…ruslaryñ hemmesi duran-duran ýerinden, dürli aralykdan gala tarap eñipdiler. Biziñ heläk boljagymyz iki uwçsyzdy. Aýry-aýry adamlar, aksakgallar näçe gyýgyrsalaram, gaçyp gelýän mähelläni yýzyna dolap biler ýaly däldi. Ruslaryñ ýeñişi äşgär boldy.

   Giden meýdan dürli ýagdaýda ýatan maslykdan doludy, añyrrakda rus hem Türkmen maslyklary garym-gatym ýatyrdy, galanyñ diýwarlaryna golaýlaşdygyça, diñe Türkmenleriñ maslyklary ýatyrdy. Gala gaty golaý galypdy. Ruslar biziñkiler bilen bile gala kürsäp uraýjak ýalydy. Galanyñ içindäki başagaýlyk gaty uludy. «Näme üçin siz bizi bu ýere ýygnadyñyz?», «Näme üçin kelläñize telpek geýip, sakgalyñyzy ösdürip ýörsüniz?», «Namartlar!» diýip, üýtgeşik howsala düçen aýallar gyýgyrşýardylar. Käbirleri bolsa başlarynda syýpyryp alan gyýñaçlaryny galgadyp, «Biziñ arkamyzda gizleniñ!» diýip gyýgyrýardy. Köp aýallar gaçyp gelýänleriñ öñünden çykmak üçin ylgadylar.

   Ahyrky pursat golaýlap gelýärdi. Galada gaçyp gelýänleriñ öñ hatary öñ bu ýerde duran adamlar bilen gatyşdy. Adamlar uly basga düşüpdiler. Gyýkylyk, agy-nala, aljyrañly urunma, çagalaryñ agysy… «ýör, ýör! Alla, haýda, durma…Alla-a» diýen sesler eşidilýärdi. Gyýkylyk-galmaga arty, birdenem garşylman durka märeke özleriniñkiniñ hem ruslaryñ öñünden ylgady. Öñe hem yýza ylgaýanlaryñ tolkuny sepleşdi, Türkmenleriñ mähellesi artdy. Sähel pursat ýaýdanyp aýak çekdiler… aýallar ýaglyklaryny galgadyp gyýgyryşýardylar…«Al-la-a!..ura-a-a! Al-la-a!» …ýene-de bar märeke ruslaryñ üstüne eñdi. Zor salnyşy şeýle bir güýçlüdi, öñe eñenleriñ sany şeýle bir köpdi, ruslar agyr märekäniñ arasyna çümüp gitdi. Olaryñ köpüsi çapylyp taşlandy, sähel bölegi yýzyna gaçdy. Indi ters ugra ylgaýardylar, ylgaýanlaryñ tertibem öñkiniñ tersinedi, – öñden Ruslar, yýzdan Türkmenler barýardylar. Gaçyp barýan ruslaryñ sany artýardy, sebäbi olara kömege gelýän täze güýçlerem goşulşyp yýzyna gaçýardy. «Alla!» diýen sesler güýçli ýañlanýardy, «ura!» sesleri ysgynsyz eşidilýäri. Sähel salymdan soñ bolsa «ura!» sesleriniñ eşidilşi düýbünden kesildi. Türkmenleriñ maslygynyñ, ruslaryñ hem Türkmenleriñ maslygynyñ, diñe ruslaryñ üstünden geçip, agyr mähelle öñe süýşüp barýardy, birleri kowýardylar, beýlekileri janyny halas etmek üçin gaçýardy. Toplardan ok atylmasy kesildi. Onda-munda ruslary kowup barýan atly toparlarymyz görnüp başlady. Kazaklaryñ olaryñ öñünde durjak bolmak syýnanşygy netijesiz boldy. Ruslaryñ hatarlary çagşap başlady. Biziñ ýeñşimiz äşgär görnüp duwrdy. Ruslaryñ maslyklarynyñ sany barha artýardy. Gaçyp barýanlaryñ söbügini sydyrdyp, baryny garyp gutarmagam mümkindi. Alysdaky artilleriýa pozisýasyny taşlap gitmek bilendi. Ruslar galanja güýçlerinden mergenleriñ hataryny düzüp, daýanç edinmekçi boldular. Biziñkileriñ bi topary ruslaryñ taşlap giden ýaraglaryny, okly peşeñlerini ýygnap yýza galdy.

   Gün ýaşara golaýlap barýardy. Adamlar halys tapdan düşüpdiler. Kowup barýanlaryñ sany ilki birnäçe ýüze, soñra birnäçe onluga çenli azaldy. Garañky düşüp başlady. Kowgy bes edildi. Atyşyk sesi düýbünden eşidilmeýärdi. Alagarañkylykda üýşüşip oturan adamlar, yýzyna ýöreşip gelýänler, meýdanda alakjap, rus maslyklaryny sermeşdirip ýörenler görünýärdi. Kä ondan, käm undan ýaralylaryñ iññildisi eşidilýärdi. Meýdana ýakyn adamlaryñ jesedini gözläp ýören aýallaram peýda boldy, olar diri galanlara gözüñ aýdyñ diýýärdiler. Adamlar biri-birleriniñ atlaryny tutup gyýgyryşýardylar, diri galanlary tükelleýärdiler. Ölenleriñ jesedini, ýaralylary göterip, topar tutup gala tarap barýan adamlaryñ sudury garalyp görünýärdi. Meýdanyñ içindäki hereket uzakly gije hem kesilmedi. Söweşe gatnaşanlar gala tarap dolanyp gelýärdiler, aýallardyr jesetleri hem ýaralylary ýygnamak üçin bellenen adamlar bolsa galadan çykyşyp barýardylar. Ertire çenli çukura zada gaçyp ýa-da ruslaryñ jesetleriniñ astyna düşüp galan birlän-ikilän adam bolaýmasa, meýdanda biziñkileriñ ýygnalmadyk jesedi galmady. Öldürlen soldatlar bolsa bütin töwerekde serlişip ýatyrdy.

   Gijäni garaşyp geçirdik. Diñe ertir ir bilen ruslaryñ galanja güýçlerini alyp gidendikleri hakdaky habary eşidenimizden soñ ýeñendigimize çynymyz bilen begendik. Birek-biregi gutlamak, çäksiz begenç, çekilen köp pydalaryñ yzasy– hemme zat garym-gatymdy, galany goraýjylar şeýle  alasarmyk hem çapraz duýgulary başdan geçirýärdiler. Atlylar ir bilen topar tutup, yýza çekilýän ruslaryñ yýzyndan olja üçin ugradylar. Hut şol günüñ özünde ýene-de şol Musa hanyñ täze habary alyndy. Ruslar bütinleý gitmegi ýüreklerine düwüpdirler. Bu habary eşidenlerinden soñ, atlylaryñ täze topary gaýdyp barýan ruslaryñ yýzyndan gitdiler. Ygtyýar olaryñ özündedi, näme etse edibermelidiler, ýöne Ruslara zeper ýetirseler boýlardy.

 

   Soñ diri galanlaryñ gürrüñlerinden mälim boşluna görä, Gönübek ýaragsyz eken, özen mergenlere kömek bermäge topulan ilkinji toparyñ arasynda eken. Şol wagt hem ýagdaý bütinleý özgerýär. Ruslaryñ güýjüniñ agdyklygy äşgär boýlar. Türkmenler iýza gaçyp başlanlarynda Gönübek olary mertlige, gaýdusyzlyga çagyrypdyr. Ýöne onuñ töwellasy, ýalbar-ýakary netije bermändir. Gönübek:

–       Duşmanyñ gala girenini hem haram eli bilen biziñ maşgalalarymyza batyranyny bir görmäýin!– diýipdir-de, aýak çekipdir, teýim[teýommen-toprak bilen täret kylmak- AG] edipdir, dyýzyna çöküp kyblasyna garap oturşyna kelemesini öwrüpdir. Biz derbi-dagyn edilen Ruslary kowup barýarkak, onuñ jesedi şol oturan ýerinde, şol mañlaýyny ýere degrip ýatyşyna ýatan eken. Görgüli gürrüñsiz biziñ işimiz gaýtdy hasap edipdir, şonuñ üçinem iñ soñky aýylganç çözgüdi, ruslaryñ gala girmegini islemändir. Ony şol ýatan ýerinde jaýlamak karayna gelindi, şeýle-de edildi. Şeýdip, onuñ gören düýşi, onuñ ýorgudy oraşan bolup çykýar.

   Şehit bolanlaryñam, ýaralylaryñam sany biçak kändi. Ýeñiş bize juda gymmat düşdi. Ölenleriñ arasynda Nurberdi hanyñ agtygy-Döwlet hanyñ ogly Berdimyrat han (Diñlidepäniñ ýapgydynda jaýlandy), Dykma serdaryñ ogly Hanberdi serdar bardy. Şehit bolanlaryñ hemmesiniñ adyny ýekeme-ýeke sanap çykmak mümkin däl, olaryñ hemmesi watany, dini hem maşgalasyny gorap wepat boldy.

   Gönübegiñ ölümi onuñ nähili adamdygynyñ, Türkmençilige nähili ynanýandyygnyñ subutnamasydyr. Onuñ ölümi hem gazanan ýeñişimiz bilen biz täze ýola gadam basdyk, şol gün biziñ erkana hem öz-özümizden göwnümiz hoş durmuşymyzyñ iñ soñky güni boldy. Ondan soñ tragiki täze durmuş başlandy.

   Şondan soñ ikinji, üçünji gün duşmany ahyryna çenli mynjyratmak üçin agyr atly goşun ibermek kararyna gelindi. Kiçijik atly toparlar ruslaryñ transportyndan käbir zatlary basyp almagy başarypdylar, kazaklar bilen ownuk çaknaşyklara giripdiler, ýitgi çekselerem, Ruslara ujyýpsyzja zeper ýetirip bilipdiler. Ruslar galan güýçlerini tertibe salypdylar, şeýle ýagdaýda hem iññän seresaplyk bilen yýza çekilmeklerini dowam etdirýärdiler.

   Müñ ýaryma golaý atly ruslaryñ yýzyndan kowgy gitdi. Bu güýçlere hem Ruslara ullakan zarba urmak başartmandy, diñe kerwenleri talamak, üzülip galan kiçijik kazak toparlaryny ýok etmek bilen çäklenipdirler. Ruslary gözünden ýitirmän, olara uly wehim salyp, bu atly otrýad olary Gyzylarbada çenli «ugratdy». Ruslar ondan añyrlygyna gitdiler. Mundan añryk olaryñ yýzyna düşmek bes edildi. Käbir batyr ýigitler kiçijik topar bolup, ondanam añryk gitdiler.

   Gyzylarbadyñ golaýynda kazaklar bilen bolan bir çaknaşykda birnäçe kazak bilen birlikde olaryñ ýolbeledi Türkmen Molladüñder hem ýesir düşüpdir. Kazaklary şol ýeriñ özünde öldüripdirler, Düñderi bolsa Gyzylarbada alyp gelipdirler. Onuñ kimdigini tananlaryndan soñ, onuñ üçin «dowzahy şu dünýäde ýasamaly» edipdirler. Ullakan tamdyrda ot ýakypdyrlar-da, Molladüñderi başşaklygyna  oduñ içine taşlapdyrlar. Şeýdip diñe dönüklik eden, ruslara satylan hem özüniñkileri ruslara satan haýyny oda ýakypdyrlar.

   Ortaýdlar gala dolanyp geldiler. Galanyñ diwarlarynyñ beýikligini hem galyñlygyny doly gurup gutarmaklyk karar edildi. Gum içinden täze maşgalalar göçüp gelip başlady. Ýaralylaryñ gutulany gutuldy, öleni öldi.

  

   Marydan Nurberdi han gaýdyp geldi. Ol biziñ urşumyzyñbütin dowamynda syrkaw ýatypdy. Nurberdi han agtygy Berdimyrat hanyñ wepat bolanlygyna gaty begenýänligini mälim etdi.

–       Ähli adamlar üçin şeýle agyr günde men pyda çekmedik bolsam, bu meniñ üçin ullakan masgaraçylyk bolardy– diýdi– Gönübegiñ ölümi maña has agyr degdi. Bu biziñ üçin orny dolmajak ýitgidir. Başga Gönübek dünýä inmez.

   Diñe gazanylan ýeñişşiñ iññän möhümligine akyl ýetirilmegi çekilen uly ýitgileriñ yzasyny az-kem gowşadýardy. Han tutuş gala aýlanyp çykdy, galany goraýjylaryñ hemmesiniñ ýanyna bardy, diri galanlary ýeñiş bilen gutlady, ölenleriñ jaýynyñ jennet bolmagyny arzuw etdi.

   Nurberdi han az sanly aksakgallaryñ gizlin maslahatynda mundan beýläk näme etmelidigi hakdaky meseläñi gozgady. Garşylyk görkezmegiñ kyýnlygy, çekilen ýitgileriñ möçberiniñ  ummasyzdygy, aýan boldy. Oramämmet han bilen Atalyk parahatçylykly gepleşiklere girişmek hakdaky öñki pikirlerini gaýtaladylar. Göreşi dowam etdirmegiñ  tarapdarlary hem boldy. Halk köpçüliginiñ arasynda hiç hili gürrüñ geçirmän, bir howa garaşmak kararyny gelindi. Ruslar gidip, dolanyp gelmeseler, onda ýagdaý öñküligine galýar, eger Ruslar täze güýç toplap gaýdyp geläýselerem, «halkyñ arkasyndan» olar bilen gepleşiklere başlamaly, göreş ýagdaýynda iñ gowy şertleri goýmagy gazanjak bolmaly diýdiler. Hiç hili birtaraplaýyn gepleşikleri geçirmeli däl edildi. Halkyñ söweş ruhuny goldamaly, gepleşikleri Nurberdi han alyp barmaly edildi. Kabul edilen bu karaypugta gizlin saklamaly diýen netijä gelindi.

   Bu pikre höjetlik bilen garşy çykan, hiç bir zada garamazdan göreşi dowam etdirmegi talap eden käbir aksakgallaram boldy. Nurberdi han olara:

   – Görübereris– diýip jogap bedri, şunuñ bilenem maslahat tamamlandy.

   Urşuñ tarapdarlary hem, urşmaga garşy bolýanlaram hany öz tarapdary hasaplaýardy, iki tarap hem oña uly umyýt baglaýardy, onuñ at-abraýyna bil baglaýardy, onuñ at-abraýy dürli pikir edýän adamlary hanyñ zerur hasap eden bir kararyna getirmeli diýip hasap edýärdi.

   Gündizlerine-de, giýjelerine-de adamlar galanyñ bir o ýerine, bir bu ýerine ýygnanýardylar, hemme kişi gürrüñ berýärdi, hemme kişi diñ saýlardy. Bolup geçen wakalar entek juda täzedi hem özüniñ garaşylmadyk netijesi babatda beýik mana eýedi. Bütin sähra, ähli goñşy ýurtlara biziñ Ruslar bilen urşda gazanan ýeñişimiz hakdaky habar ýaýrapdy, biziñ ýeñişimiz bolşundanam has ulaldylyp görkezilýärdi. Bu zatlaryñ hemmesi entek urşda bolup görmedik adamlary, bagty getirip aman galan adamlary, şeýle hem Mara çenli biziñ ähli garyndaşlarymyzy göreşe galkyndyrýardy.

   Basym Nurberdi han öldi, ony ruslaryñ iberen adamlary awy berip öldüripdirler. Umuman, ruslar şowsuzlyga uçranlaryndan soñ, parslardan, Özbeklerden, tatarlardan hem başgalardan biziñ aramyza öz jansyzlaryny iberip durýardylar. Nurberdi hanyñ ölmegi bilen Ahaly goramakda hem il-gün hakda alada etmekde uly at-abraý gazanan adamdan mahrum bolundy. Tähran bilen Buhara Nurberdi hany Ahalyñ hakyky hany diýip ykrar edipdi. Ony köpçülik birnäçe gezek han saýlapdy, birnäçe gezek hanlykdan kowupdy, ýöne şonda-da ony hemişe hormatlaýardylar hem ykrar edýärdiler. Bizi soñky başymyza düşen keç ykbaldan diñe ol gorap saklap biljekdi, onuñ diýenine däl diýip biljek adam ýokdy. Orazmämmet han bilen Atalyk ruslar bilen parahatçylykly gatnaşyklary ýola goýmaga ýene syýnanşyk edende welin, öñki garşylyklar ýene gaýtalanypdy. Gala gutarnykly ýumrulanda, ol uzak wagtlap gabalanda hem hüjüme geçilmezinden ozal galanyñ diýwarynyñ  esli bölegi partladylanda Orazmämmet han, Kerimberdi işan, Hanmämmet atalyk wepat boldy.   

                                               

 *  *  *

 

   Aradan köp ýyllar geçensoñ, 1900-nji ýyllar töwereginde Zakaspy oblastynyñ [Türkmenistanyñ şol wagtky aty- AG] naçalningi-häkimi hem goşun komandiýuşisi[başlygy] general Kuropatkin adatyna görä obalara aýlanyp ýörkä, bir goja bilen gürrüñdeş bolup ondan:

   – Gökdepäñiñ diwarlarynyn  eteginde näçe Türkmen gyryldy?– diýip sorapdyr.

   – Üç – diýip, goja jogap beripdir. General gaýtalap soranda, goja ýene öñküsi ýaly:

   – Üç – diýip jogap beripdir.

   Kuropatkin goja öz soragyna düşünýäñ däldir öýdüpdir, diñe ruslaryñ özüniñ bäş müñden gowrak wepat bolan Türkmeni jaýlandygyny, özüniñ gala alnanda öldürlen Türkmenleriñ takmynan sanyny bilmek isleýändigini aýdypdyr. Goja edil öñküsi ýaly:

   –Üç – diýip gaýtalapdyr. Gürrüñdeşiniñ alasarmyk ýagdaýda galandygyny duýan goja soñra dilmaja ýüzlenip şeýle diýipdir– Sen ýanarala[generala] aýt, men onuñ soragyna düşünýärin, ol ýere duwlanan ähli adamlaryñ umumy sany hakda aýdýar. Wepat bolan köp adamyñ jaýlanandygy hak, heleýlerimiz olary hut şol günüñ ertesi dogurdylar. Meniñ gürrüñini edýän üç adamym bolsa ýok, hiç wagt bolmazam. ý

    – Ol üç adam kim?

–       Amangeldi Göni, N. Bilen N.

 

*  *  *