OGUZNAMA-ÞEJERE
OGUZ
SÖZBAÞY:
Türkmenlerden söz gozgalanda ilki Oguz soñra-da Selçuk adlary biygtyÿar
aklyña gelÿär. Bu bir taryhy hakykat. Ol ÿöne ÿere aÿdylmaÿar ve ony ÿoÿup-da
bolmaÿar. Ajy-da bolsa süÿji-de bolsa hakykatlary taryhdan övrenmeli, ony
þol þekli bilen-de kabul etmeli.
Þu fikirden ugur alyp þol Oguzlardan bärik Selçuklaryñ ve häzirki
türkmenleriñ taryhyny ve olaryñ ÿaþan ve ÿaþaÿan ÿurtlaryny hem-de urp-adatlaryny
mundan ozalky iki kitabymyzda (Türkmen Folklory-1996 ve Dünÿädäki Türkmenler-1997)
gysgaça agzap geçipdik.
Bu gezek, köp tire-taÿfa bolup ÿaþan ve häzir-de ÿaþaÿan türkmenleriñ
þejerelerini (hiç bir taÿfany övmäni ÿa-da hiç bir taÿfany kemsidmäni)
ÿene gysgaça, siz gadyrly ildeþlerimize ve okyjylarymyza hödürlemäge synanyþdyk.
ÿöne bu iþe giriþmezden ozal, dünÿä belli OGUZNAMA (OGUZ DESSANY) barada
gysgaça durup geçmekligi makul gördük.
Ozal-da aÿdyp geçiþimiz ÿaly, her bir gadymy milletiñ þanly taryhy
bardyr. Ony ozaly bilen þol halklaryñ özleri övrenmeli, soñra-da ony baþga
halklara (baþga dillerde) tanytmalydyr, çünki bu bir taryhy vezifedir.
Gynansak-da biziñ öz taryhymyzy, edebiÿatymyzy, folklorymyzy, urp-adatlarymyzy
bilÿänlerimiziñ sany diÿseñ az. Þonuñ üçin bu ugurlarda zähmet çekÿänlerimiz
ozaly bilen özümizi-özümize tanytmagyñ ÿollaryny agtarmaly. Taryhy hakykaty
kabul edip, biziñ özümizi baþga dillerde baþga halklara tanytmagymyzyñ
vagtynyñ gelmänligini boÿun almaly. Ol, ikinji edilmeli iþ hasaplanmaly.
Biz-de
Övrenip-de övretmäni gideniñ
ÿüzi gara diÿsem gyn görmäñ begler,
Bir türkmeni tire-taÿfa edeniñ
Ýçi gara diÿsem gyn görmäñ begler,
diÿip türkmeniñ tire-taÿfalaryny (taÿfaparazlygy-agzalaçylygy öjükdirmäge
ÿönelmän) geçmiþ ata-babalaryny gysgaça tanytmak maksady bilen þu eseri
sizlere hödürläp, kem taraflarynyñ üstüni ÿetirip ony il-güne peÿdalyrak
etjek bizden soñrakylara, öñünden öz iþlerinde üstünlik arzuv edÿäris.
Dr.Mehmet KILIÇ
Dr. Farzad
MARJANI, Civil Engineer, Ph.D.
Ankara - TURKEY |
|
|
|