OGUZNAMA
(Oguz Dessany)
BÝSMÝLLÄH-YR RAHMAN-YR RAHÝM
Türk taryhçylary, Nuh aleÿh-is Salam, ÿer ÿüzüniñ ÿaþalÿan dörtden
bir bölegini ferzendlerine paÿlanda, maþryk (gündogar) ve Türkistany, þol
töveregi uly ogly ÿafese berdi, diÿip rovaÿat edÿärler. ÿafese türkler
Oljaÿhan lakabyny beripdirler. Ol sähralarda ÿaþaÿardy ÿaÿlagy ve gyþlagy
Türkistan ÿerlerinde bolardy, ÿaÿlagy Ortak ve Kurtakda, Ýnanj þäheriniñ
araçägindeñdi. Kyþlagyñda arada (Barsuk ve Karakum) Karakum ady bilen meþhur
bolan tövereklerde bolardy.
Bu iki aralykda iki þäher bardyr: Talas ve Kary Saÿram adly, onuñ
kyrk dervezesi bardy, diÿseñ uly ve beÿik þäherlerdir. Ýndi musulman türkler
ol mesgenlerde ÿaþaÿarlar ve Künçi velaÿatyna tabyndyr. Oljaÿhan þotaÿda
ÿaþaÿardy. Onuñ bir ogly boldy Dib ÿavgu han adly. (Dib, taht ve jaÿ diÿmek
bolup, ÿavguñda ilbaþy diÿmekdir). Ol, uly-meþhur padeþah bolup onuñ dört
ogly boldy: Garahan, Orhan, Gürhan ve Güzhan.
Garahan, atasynyñ ÿerine (Veliahd bolup), tagt ve täji kabul etdi.Allahtagalanyñ
takdyry bilen onuñ bir humaÿun eser-mesgut nazar ogly boldy. Ol, üç gün,
üç gije ejesiniñ süÿdüni emmedi, ejesi ondan tamasyny üzüp, gaÿgy-gamda
ÿaþaÿardy. Bir gije ÿatyrka, düÿþünde oglunyñ özüne bir zatlar aÿdÿanlygyny
gördi. Ogly oña, eger-de maña süÿdüñi emdirmek isleseñ, ÿekeñtaÿsyz perverdigäre
iman getirip, buÿrulan iþleri ÿerine getirmäge ve gadagan edilen iþlerden
gaça durmaga baþla, diÿip aÿtdy. Aÿal üç gijeläp þu düÿþi gördi ve öz ärinden
gizlin uly tañra iman getirdi ve ellerini göge açyp: Eÿ allahym, men biçäräniñ
süÿdüni þu oglanjygyñ agzyna ÿokumly eÿle, diÿip doga etdi. Edil þol vagt,
oglan öz ejesiniñ süÿdüni emmäge baþlady.
Bir yÿldan soñra, oglanyñ dädesi onuñ ÿüzünde ÿetginjeklik ve asyllyk
niþanalaryny gördi ve onuñ arassalygyna ve avdanlygyna haÿran galyp: biziñ
govum ve urugymyzda þeÿle arassa ve avadan ogul dünÿä gelmändi, diÿdi.
Oglan bir yÿldan soñra dili açylyp kepläp baþlady (Ýsa peÿgamber
ÿaly) ve men bir otagda dünÿä gelenim üçin, adyma Oguz dakyñ diÿdi. Oña
þondan çürim Oguz ady dakyldy. Oguz ÿaþlygynda-da, ösüp-ulalÿarkañda, kämillik
ÿaþyna ÿetende-de, mydama allah tagalany ÿadlap dogañzekr edip gezerdi.
Oña uly tañrynyñ nurly feÿzi ÿetiþdi ve her hili ylym ve hünärde, ok atmakda
ve at çapmakda äleme dessan bolup biljek þekilde ulaldy.
Oguzyñ dädesi oña öz dogany Güzhanyñ gyzyny alyp bermekçi boldy,
Oguz kabul etdi ve ondan uly tañra iman etmegini isledi, ÿöne gyz kabul
etmedi, þondan çürim Oguz oña ÿanaþmady. Oguzyñ dädesi mundan haberdar
boldy ve ogluna, öz beÿleki dogany Gürhanyñ gyzyny alyp berdi, Oguz ondan-da
uly tañra iman etmegini isledi, ÿöne gyz oña razy bolmady ve "eger-de bu
iþe meni mejbur etjek bolsañ, meseläni dädeñe aÿdaryn ve olñda seni öldürer"
diÿdi. Oguz-da onuñ bilen bolan gatnaþygyny kesdi. Þondan soñra Garahan,
ogly Oguza öz kiçi dogany Orhanyñ gyzyny aldy, bu gyz bir gün öz kenizleri
bilen akarsuvyñ boÿunda gezip ÿördi ve kenizler eginbaþ ÿuvÿardylar, Oguz-da
avdan gelÿärdi, ikisi kepleþip baþladylar, þonda Oguz oña öz maksadyny:
eger aÿdÿanlaryma gulak asyp olary kabul etseñ seni öz aÿalym ederin, kabul
etmeseñ beÿleki gelinler ÿaly senden-de uzakda galaryn ve senden aÿrylaryn
diÿip beÿan etdi. Þonda gyz: men seniñ bir bölegi-dirin, buÿruklaryña baþ
eger saña tabyn bolaryn, nirede seniñ kalkanyñ (gulak halkañ) bar bolsa
ol ÿer maña gulakdyr, nirede saçyñy dañÿan ÿüpüñ bar bolsa ol ÿer maña
baþdyr, diÿip jogap berdi. Oguz bu gyzy öÿe getirdi ve oña ÿanaþdy, ony
köp söÿdi, aÿal-da oña bagly-vefaly boldy ve ony söÿdi. Oguz ozalky iki
geline ÿüz övürmäge dovam edÿärdi, olar täze geline göriplik edÿärdiler.
Bir gün Oguz öz ÿakynlary, deñ-duþlary bilen ava çykypdy. Þol vagt dädesi
kafir Garahan toÿ tutup, oña gelinleriniñde çagyrdy, saçagyñ baþynda otyrkalar
Garahan birden ozalky iki gelin, soñraky gelen gelinden tämiz, avadan,
þeÿlem-de bolsa näme üçin Oguz ony söÿdikä? diÿdi. Ozalky iki gelin þeÿle
bir fursatdan peÿdalanyp: Oguz bizden uly tañra ynanyp musulman bolmagymyzy
isledi, biz onuñ aÿdanyny etmedik, ÿöne soñky gelin onuñ sözlerini diñledi
ve musulman boldy, þondan çürim Oguz bizden daþ durdy ve oña ÿakynlaþdy,
diÿdiler. Garahan meseläni soñky gelinden sorady, gelin inkär etdi. Garahan
gaharlanyp derrev öz garyndaþlaryny ve urugyny yÿgnap, olara: oglum Oguz
çagalyk zamanynda çenden aþa gövnejaÿ ve bagtyÿardy hem-de padeþahlyga
ukyby bardy, häzirki vagtda onuñ öz dininden dönenligini ve baþga bir tañry
saÿlap alanlygyny eþidÿärin, bu iþ bize ar ve masgaraçylykdyr, oña nähili
ses çykarman galyp bolar, diÿip ÿüzlendi. Geñeþ geçirip Oguzy öldürmäge
karar berdiler. Ony ÿeñip biljek güÿç-goþun yÿgnadylar. Oguzy köp söÿÿän
kiçi gelin, bu habary oña ÿetirdi. Oguz habary eþidenden soñra, uruþa teÿÿarlandy
(dogrusyny ve ÿalanyny allah bilsin).
Dr. Farzad
MARJANI, Civil Engineer, Ph.D.
Ankara - TURKEY |
|
|
|