OGUZYÑ ÖZ DÄDESÝ, DOGAN-GARYNDAÞLARY
BÝLEN SÖVEÞÝ VE OLARYÑ ÜSTÜNDEN ¥EÑÝÞ GAZANMAGY
Oguz avdan gaÿdyp öÿüñ golayÿna ÿetende, dädesiniñ, agalarynyñ (dädesiniñ
doganlary) hem-de govum-garyndaþlarynyñ, özi bilen söveþe teÿÿar bolup
durandyklaryny gördi. Uruþ baþlandy, þonda Oguzyñ dädesi Garahan, agalary
Gürhan ve Güzhan öldürildi ve Oguz, olaryñ ÿerini tutup ÿetmiþ bäþ yÿllap
öz uruglary bilen söveþdi. Ahyrsoñy olary ÿeñip, aradan çykardy, galanlaryna-da
boÿun egdirdi ve Karakuruma çenli bolan ÿerleri özüne tabin etdi. Sag galan
uruglar onuñ häkimiÿetini kabul edip: biziñ aslymyz birdir ve bir agajyñ
miveleri ve bir köküñ þahalarydyrys, bizi ÿok etmek üçin beÿle tagalla
etme, diÿdiler. Þonda Oguz olara ÿüzlenip: eger-de sizler tañra ynanyp,
onuñ birligini kabul etseñiz, men size aman berip, Türkistany ÿurt edinmegiñiz
üçin size bererin, diÿdi. ÿöne olar, Tañryny ve onuñ birligini kabul etmekden
boÿun gaçyrdyrlar, Oguz-da olary Karakuruma çenli kovdy. Olar-da, Tugla
derÿasynyñ boÿundaky çöllerde garyplyk ve binovalyk bilen gün-güzeran görüpdirler,
þol ÿerler olara hem ÿaÿlag hem-de gyþlag bolupdyr. Olar gamgin bolup ÿaþapdyrlar.
Oguz olara "Moval-Muval" diÿip ad dakypdyr, ÿagni: Mydama gam-gussada,
ÿüregiñiz gysyglykda, biçärelikde bolyñ, köpek derisini geÿip av etini
iÿiñ, mundan beÿläk Türkistana gelmäñ, diÿipdir. Þondan çürim türkmenleriñ
ynanyþyna görä "Mogollar Gürhan, Güzhan ve Orhanyñ nesilinden önüp-ösüp
gündogar taraflaryna eÿe bolupdyrlar." ÿöne olaryñ näme bolandyklary (asyl
gelip çykyþlary) anyk belli däl.
Beÿleki iki gelniñ, tañrynyñ birligini kabul edip-etmändikleri ve
Oguzyñ olaryñda ÿanyna alyp-almandygy belli däl. Bu söveþlerden soñra Oguz,
atyndan düþende bir altyn öÿ salynmagyna buÿruk berdi, þol ÿerde öz tarafdarlary
hem dostlary bilen bir toÿ tutdy. Özüne ÿardam etmek üçin gelip birigen
bir govuma-da "Uÿgur" adyny berdi. Uÿguryñ manysy: yzyndan giden, uÿan,
salah-maslahatdan çykmaÿan diÿmekdir.
ÿene bir govum-da, duþmanlary talap olja alnanda, mal-garalaryñ olary
daþyp ÿetiþip bilmeÿändikleri zerarly "Kañla-Araba" ÿasady, þondan ozal
araba hem onuñ tigiriñtigirçegi ÿokdy ve bu zatlary ilkinji bolup þu govum
döretdi, þondan çürim Oguz olara Kañly (arabaly-arabaçy) adyny berdi. Talas,
Saÿram ve þo taraflaryñ goþunlary Oguzyñ ülkesine gelip terslik-dikbaþlyk
edipdirler. Oguz olaryñ üstüne ÿöriþ geçirip, olary ÿeñipdir ve Talas hem
Saÿramdan baþlap Maverañün Nähri, Buhara ve Horezme çenli bolan ÿerleri
eÿeläpdir. Oguz þol töverekde oturan öz uruglary bilen täze ylalaþyklar
baglaþypdyr ve: siz meniñ mal-mülkime aralaþmañ ve ÿakyn-ÿadyma el gatmañ,
men jahany eÿeläp almaga aÿak basdym" diÿip olara aÿdypdyr.
Dr. Farzad
MARJANI, Civil Engineer, Ph.D.
1. Sok. 6/16 ERYAMAN
AGE Blok 1.etap
06630 Eryaman- Ankara
- TURKEY |
|
|
|