OGUZYÑ KYLBARAK GOVMY BÝLEN
EDEN SÖVEÞÝ

Kylbarak velaÿaty diÿeni, garañkylyk tarafynda ÿerleþÿän bir ülkedir. Bu govmyñ erkekleri gara reñkli ve gelþiksiz suratly, ite meñzeþ, aÿallary bolsa avadan tämiz ÿüzlidir. 

Oguz olaryñ golayÿna baranda dokuz atlyny ilçi edip olaryñ ÿanyna iberdi ve: ÿurtlaryñ köpüsi bize boÿun egip il boldylar ve mal berÿärler, siz-de il bolup salgyt tölemekligi kabul edip söz berseñiz ne ÿagþy, kabul etmeseñiz-de söveþe teÿÿarlanyberiñ, biz derrev geleris, diÿdi. Olar ilçilere þeÿle jogap berdiler: siz dokuz adamsyñyz, eger biziñ iki adamymyz bilen deñ gelip dövüþip bilseñiz, biz mal-salgyt bermäge razy bolup boÿun bolarys, eger-de siz ÿeñilseñiz, bu ÿerden yzyñyza gaÿdyp gidiñ. Ýlçiler beÿle dövüþmegi ar-namys bilip olara þeÿle jogap berdiler: Biziñ iki adamymyz siziñ iki adamyñyz bilen söveþsin. 

Kylbaraklylaryñ adatlary þeÿledi: dövüþ ediljek vagty iki havuzdan birisini ak ÿelim, beÿlekisiniñde gara ÿelim bilen doldurÿarlar. Dövüþden ozal, ak ÿelimli havuza girÿärler, ÿelim olaryñ gyllaryna ÿapyþÿar, þol havuzdan çykyp-da gumda agynÿarlar-togalanÿarlar, soñra gara ÿelimli havuza girip çykyp ÿene gumda agynÿarlar. Bu iþ üç ÿola gaÿtalanÿar ve þondan soñra olaryñ endamlaryna hiç hili ÿarag täsir edip bilmeÿänmiþin. 

Kylbaraklylardan iki adam þeÿle edip Oguzyñ iki ilçisi bilen dövüþe baþlaÿar. Kylbaraklylaryñ adamlarynyñ endamlaryna hiç hili ÿarag täsir edip bilmän duran ve þol iki adam, Oguzyñ iki ilçisini öldürÿärler. Galan ÿedi adam, gaÿdyp gelip bu bolan zatlary Oguza aÿdypdyrlar. Oguz bu sözlere gulak asman, gidip kylbaraklylar bilen söveþe giriþdi, duþmanlar üstün çykdylar ve Oguzyñ goþunlaryndan kän adam öldürildi, galanlaryñda dargady. Oguz bu iþde söveþiñ peÿda bermejekligine göz ÿetirdi, yzyna gaÿtdy ve ÿolda uly bir çayÿñ baþyna geldi, ondan sal ve gämi bilen geçdi, esgerlerden çayÿ ÿüzüp geçenler-de boldy. Oguz öz dargan goþunlaryny yÿgnamak maksady bilen iki suv arasynda düþledi. 

Oguzyñ adamlaryndan birisi Baraklylaryñ tarafynda, aÿallaryñ arasynda gizlenip galypdyr. Bu hatynlaryñ ärleri kirli-hafa ÿüzli ve it ÿaly bolandyklary üçin aÿallar Oguzyñ bu esgerini begendiler, ve hemmesi onuñ ÿanyna yÿgnandylar, oña ÿanaþmak islediler, bir savgat hökmünde ony Ýtbaragyñ (Kylbaraklaryñ serdary) aÿalynyñ ÿanyna eltdiler. Hatynyñ bu erkek bilen sözleþmegi ve oña ÿanaþmagy ony hoþal etdi, çünki özi, äri bilen sözleþip oña ÿanaþyp bilmeÿärdi ve þondan çürim köp gamgindi. Ýtbaragyñ hatyny bu esgeriñ iþlerini ve hereketlerini görüp onuñ serkerdesi-Oguza gayÿbana aþyk boldy. 

Ýtbaragyñ hatyny ÿaþrynlykda Oguza ilçi ÿollady ve: eger-de duþmany ÿeñip ülkesini almak isleÿän bolsañ demirden tikenler ÿasap her kiþi üç ÿanyna baglasyn, uruþ vagty þol tikenleri duþmanyñ üstüne sepsinler. Atlaryñ aÿaklaryna, sepilen tikenlerden zyÿan ÿetmez ÿaly mynasyp nal kaksynlar. Duþmanyñ ÿüzüne-ÿelim degmedik ÿerlerine nyþana alyp, ok (ÿagmyr ÿaly) ÿagdyryñ. 

Oguz bu habary eþidip köp hoþal boldy ve bu iki suv aralygyny özüne bazañüs edindi ve on ÿedi yÿllap þol ÿerde galdy. Gämiler ÿasatdy ve gelþikli ÿigitleri, Ýtbaragyñ hatynlaryna ilçi edip ÿollap durdy. Hatynlaryñ köp ÿardamyny gören bu erkekler, Oguza gerek bolan hemme ok-ÿarag (esbap-þaÿlary) ÿuvaþ-ÿuvaþdan eÿelediler ve olary Oguza ÿolladylar. Käbir hatynlar-da, bu erkekleri örän köp söÿendikleri üçin olar bilen bile Oguzyñ ÿanyna gaÿtdylar. Þeÿdip þol ülke gola salyndy-eÿelendi. 

Oguz bu ÿerde onÿedi yÿl galyp dem-dinç aldy, öz ok-ÿaraglaryny täzeledi. Þu vagtyñ dovamynda bäbekler ulalyp ÿaþ-ÿetginjek bolup ÿetiþdiler. Oguzyñ-da bir heleÿinden dört ogly boldy, olar-da ulaldylar. 

Þu aralykda, Oguzyñ esgerleriniñ birisiniñ heleÿi gövreli boldy, onuñ äri söveþde heläk bolupdy. Þol söveþ meÿdanynda heleÿiñ öz bäbegini dünÿä getirjek vagty golaÿlaþÿardy. Golaÿda içi oÿulan bir agaç bardy, þol aÿal, þol agajyñ kövegine baryp ol ÿerde bäbegini dünÿä  getirdi. Bäbegi, Oguzyñ ÿanyna alyp gelenlerinde, hal-ÿagdayÿ oña aÿtdylar, Oguz bäbegiñ adyny Gypçak goÿdy (Gypçak diÿip içi oÿulan-çüÿrüÿen agaja aÿdylÿar ve türkleriñ fikirine görä hemme gypçak govumlary bu nesilden önendir). 

Oguz Kylbaragy alandan soñra, ÿene iki yÿllap þol ülkede galdy. Her kimi kanunlar bilen tertip-düzgüne saldy. Bir gün, golaÿlykdaky Garañky-Zulmat velaÿatyna tarap ÿola düþdi. (Allah-u A'alam: dogrusyny hudaÿ bilsin). 

Dr. Farzad MARJANI, Civil Engineer, Ph.D.
Ankara - TURKEY
TEL      : +90 - 312 280 82 16
FAX     : +90 - 312 280 67 20
EMAIL : farzad@turkmens.com