OGUZYÑ ÞAMAHY ve ÞÝRVANA
ÝLÇÝ ¥OLLAMAGY
Oguz Derbend velaÿatyndaky iþlerini gutarandan soñra Þamahy ve Þirvana
ilçi ÿollap þu habary berdi: "Bu ÿere gelenimizi eþidensiñiz, ÿetip baran
her bir velaÿatymyz, biziñ buÿruklarymyza boÿun bolup, aÿdanlarymyzy diñlediler,
ÿolumyzyñ ugrunda bize tabyn bolmadyk ÿurt, boÿun bolman, tagat-gullugy
kabul etmedik bir hökümdar goÿmadyk, eger-de indi siz öz islegiñiz bilen
bize il bolsañyz, jogap ÿollap gulluk görkezmegiñiz gerek, eger-de boÿun
gaçyryp dikbaþlyk etjek bolsañyz, söveþe teÿÿar boluñ, biz-de þu ilçileriñ
yzyndan derrev gelÿäris." Bu habar olara ÿetende, Oguzyñ ilçilerine köp
yzzyt-hormat etdiler, tagat-gulluk ÿoly bilen, savgat edip-de dokuz gyr
at ÿolladylar, özleriñde þäheriñ daþyna çykyp Oguzy garþy almaga teÿÿar
boldylar. Oguz, Þamaha baranda on dört günläp ol ÿerde galdy. Þu günlerde
Þaberan (Þirvan) velaÿatynyñ ilaty öz salgytlaryny getirip hazyna tabþyrdylar,
ÿöne Þamahynyñ ilaty salgytlaryny tabþyrmakda gijä galdylar, ylalaþyk ÿolundan
aÿrylyp ÿene duþmançylyk ÿoluny tutdylar ve garþylyk görkezip baþladylar.
Oguz her kimiñ bir gujak odun getirip Þamahyñ gafysyna ve töveregine yÿgnamagy
ÿasak (buÿruk) etdi. Esgerleriñ hemmesi gidip hergaÿsy bir gujak odun getirdi,
olar ÿakyldy. Gafy ve galalar ÿandy, söveþip þäheri aldylar hem-de taladylar.
Þonda Þamahynyñ ilatyndan aÿal hem oglanlary (erkek-gyz) alyp gitdiler.
Ýlatyñ ÿaþululary öz eden iþlerinden piþman bolup, þäheriñ gafysynda Oguzyñ
huzuryna gelip, özleriniñ bagyþlanmagyny hayÿþ etdiler.
Oguz, ilatyñ öz salgytlaryny bermegini, dikbaþlyk etmezliklerini
þert goÿup ilatyñ hor ÿagdayÿny görüp aÿal ve oglanlary azad etdi (yzyna
berdi), ÿöne salgyt aldy, Þähne belledi, ol ÿerden-de Arran ve Mugan taraflaryna
ÿola düþdi.
Dr. Farzad
MARJANI, Civil Engineer, Ph.D.
Ankara - TURKEY |
|
|
|