OGUZYÑ ARRAN ve MUGAN TARAFYNA HEREKETÝ

Oguz Þirvan taraflaryndan ÿola düþüp Arran ve Mugana geldi, þol vagt Tomus aÿlarydy, hava gaty gyzgyndy, þondan çürim ol ÿerlerde galmak mümkin däldi, ylalaþyp ÿaÿlagly daglara gitdiler. Gyþ gelende ÿene bu ÿerlere gelip bu velaÿatyñda alarys diÿdiler. Tomus aÿlarynda bu velaÿatyñ ÿaÿlag ve daglaryna, Sebelan daglaryna, Aladag hem Agdyböri daglaryna gar ÿagdy (Rovaÿatlara görä, Aladag adyny olar goÿupdyrlar ve Sebelan diÿip-de olar adlandyrypdyrlar Türkçede orta çykyp dik duran zada Sebelan diÿerler). ÿaÿlagda galan vagtlary, bu töverekde bolan hemme ülkeleri gola geçirip özlerine tabyn etdiler. Azerbaÿjan velaÿatynyñda aldylar. Özlerine derek atlary, mal-garalary, otlaglary (Öri meÿdanlary) giñ bolan Ujan sährasynyñ otlagynda beslediler. Þol ÿerlerdekäler bir gün, her kimiñ bir etek tofrak getirip þol ÿerde bir defe emele getirmeklerini buÿruk berdi, ilki baþda özi (Oguz) bir etek tofrak getirip dökdi. Uly bir defe emele geldi. Bu defäniñ adyna Azerbaÿjan diÿdiler (Azer türkçede beÿik diÿmekdir, baÿnan-da baÿlaryñ-ulularyñ ÿeri diÿmekdir). Bu ülke þeÿdip meþhur boldy. Bu gün-de Azerbaÿjan diÿmekleriniñ sebäbi ine þudur. Þol tomus mövsiminde Oguz Aladagda ÿaÿlag etdi, ol ÿerden Bagdad, Gürjüstan, Diÿarbekr ve Ragga tarafyna ilçiler ÿollap, gelÿärin diÿip habar berdi. Geliþinden habardar bolmaklary ve oña nähili jogap berÿändiklerini biljek boldy. Eger-de baþ egip il bolsalar ve salgytlaryny her yÿl biziñ hazynamyza getirip berseler ne ÿagþy, ol ÿere goþun gitmez, eger-de öz fikirine mynasyp jogap bermeseler, olary ÿola getirmek üçin hüjüm etjekdi. Ýlçiler þöl töverege ÿollananlaryndan soñra-gyþ, Arran ve Mugan taraflaryna geldi. Kür ve Aras çaÿlarynyñ arasynda ÿurt edindi, gyþy þol ÿerde geçirdi. Þol töveregiñ hemme halklaryny özüne il etdi (tabyn etdi). ÿaz gelende-de, dürli ülkeleriñ hökümdar ve soltanlaryna ÿollan ilçileri gaÿdyp geldiler. Diÿarbekr, Ragga ve Bagdada giden ilçiler, bu töveregiñ hökümdarlarynyñ "Oguz bir gelsin göreÿli, uruþarsmy ÿa-da il bolarysmy þol vagt jogap bereris" diÿdiler diÿip habar getirdiler. Gürjüstana giden ilçiler, ol ÿeriñ hökümdarynyñ "biz uruþa teÿÿar" diÿip aÿdandygyny beÿan etdiler. 

Oguz ozaly bilen Gürjüstana habar ÿollap, derrev gelÿärin, teÿÿarlygyñyz bolsa görüberiñ, soñra Oguz duÿdansyz-habarsyz gelip çozdy diÿmäñ, diÿip olara duÿduryþ berdi. Uruþ meÿdanynyñda siz belli ediñ, nirede teÿÿar bolsañyz biz þol ÿere bararys, diÿip Oguz gaÿgysyz gürledi. ÿaz gelip atlar semrände Oguz Gürjüstana tarap ÿola düþdi, Gürjüstanyñ golaÿlaryna baranda, Gürjüler 3-4 günlük ÿola öñe gelip söveþe teÿÿar bolup durupdyrlar. 

Derrev söveþe baþlandy. Oguzyñ goþuny üstün çykdy. Ýki gije-gündiz dovam eden uruþdan soñra Gürjüler gaçdylar. ÿöne olar ÿene yÿgnanyp gaÿta uruþmaga baþladylar. Emma Oguzyñ goþunlarynyñ garþysynda jydap bilmejekdiklerine göz ÿetirip, Oguzyñ huzuryna gelip il boldylar. Töverege hat-fermanlar ÿollap, gorkyp dargan ilaty yÿgnanmaga ve Oguza salgyt tölemäge çagyrdylar. Oguz bir aÿ on bäþ günläp Gürjüstanda galdy. Soñraky tomus mövsiminde Aladaga çykdy. Aladaga ÿetip barmaga bir näçe günlük ÿol galanda Gürjüleriñ salgyt tölemäni, Oguzyñ bellän þähnesini ülkelerinden kovup, ÿagy bolandyklary barada habar gelip gavuþdy. Oguz bu habari eþidende öz alty ogluny çagyrdy ve olara þeÿle diÿdi: "Men bu govmy-Gürjüleri synap gördüm, olaryñ nähili adamdyklaryna gavy göz ÿetirdim, olar bir hüjümden känine jydap bilmezler, olaryñ üstüne uly goþun ÿollamaga ÿa-da meniñ gitmegime gerek ÿok". Her ogluna iki ÿüz esger berip olary Gürjüler bilen söveþe ÿollady. Gürjüler bilen söveþde Oguzyñ ogullary, olary ÿeñdiler. Þol vagt öz dädelerinden (Oguzdan) ilçi geldi ve hemme esgerleriñ þol tomus iÿjek-geÿjekleriniñ Gürjülerden yÿgnanmagy buÿrugyny getirdi. Bu habar Oguzyñ ogullaryna gelip ÿetende olar talañy güÿçlendirdiler ve köp mykdarda iÿmitleri yÿgnap dädelerine getirdiler. Þeÿle-de þähnelerini belläp salgytlaryñ mykdaryny aÿtdylar ve Aladaga gaÿdyp geldiler. Olar, ÿagþy iþ edendikleri üçin Oguz olary sylaglandyrdy ve "men dirikäm eden uly hem peÿdaly iþleriñiz ve ad-abraÿ gazanmagyñyz, men ölemden soñra-da ÿerimi almaga layÿkdygyñyzy görkezdi" diÿdi. Soñra ilçiler ÿollap hemme gyþlaglardaky esgerleriñ yÿgnanmagyny ve Kürdüstana tarap ÿola çykylmagyny isledi. 

Dr. Farzad MARJANI, Civil Engineer, Ph.D.
Ankara - TURKEY
TEL      : +90 - 312 280 82 16
FAX     : +90 - 312 280 67 20
EMAIL : farzad@turkmens.com