OGUZYÑ KÜRDÜSTANYÑ ÜSTÝ BÝLEN
DÝ¥ARBEKR ve ÞAMA HEREKETÝ

Oguz öz esgerlerini çagyryp yÿgnandan soñra Kürdüstana tarap ÿola düþdi ve üç yÿllap Kürdüstanyñ daglarynda ÿaþady. Bu daglary galtamanlardan arassalap, olaryñ barynyñÿoguny talady, þäheriñ ilaty hem-de sähralarda ÿaþaÿan halky öz taraflaryna çekip olara salgyt belledi. Oguz ol ÿerden-de Diÿarbekre gitdi ve Erbil, Musul ve Bagdadyñ ÿaþululary onuñ huzuryna gelip il boldylar, oña dürli savgatlar berdiler. 
Oguz þol gyþ mövsiminde Dijläniñ boÿunda gyþlag etdi, ÿaz gelende-de Þama tarap ugrady ve öz alty ogluny Mangala (habarçy) edip öñden ÿollady, öziñde olaryñ yzyndan ÿöridi. Ragga gelenlerinde, þäheriñ hemme ÿaþululary olary garþy almak üçin daþary çykdylar. Ogullar, öz dädeleri yzdan gelÿär diÿip ÿaþululary onuñ öñünden çykmaga ÿolladylar. Olar, Oguzyñ huzuryna bardylar. Oguz olary görende olary sylady ve bir þähne belläp þäherlerine iberdi. þunlukdan Oguz Þam ülkesiniñ niresine barsa halk, öz isleg-arzuvlary bilen il boldy. ÿalñyz türkleriñ Batak þäher diÿip atlandyrÿan ve üçÿüzalty gafysy bolan Antakÿa þäheri Oguza garþylyk görkezip baþlady. Ol bir yÿllap söveþdi, ahyrsoñy olñda boÿun boldy. Oguz þähere girdi ve bir altyn tagt gurup oña çykdy. ÿanyndaky togsan müñ esgeriñ hemmesini, aÿal-oglanlary bilen birlikde þähere äkitdi ve ol ÿerde oturdy. Soñra Dameþk (Þam) ve Mysyra özüniñ gelendigini bildirmek üçin ilçiler ÿollady. Her bir ilçiniñ ÿany bilen Bir ÿüz sany esger-de ÿollady. Þondan soñra Oguz öz goþunynyñ her bölüminden bir ÿüz esger ayÿrdy ve olary alty ogly bilen birlikde Tekür (Tekfur) hana iberdi. Oguzyñ ogullary ol ÿere golaÿlanlarynda Tekür olaryñ esgerleriniñ ÿagdayÿny görmek üçin ilçi ÿollady. Olaryñ urpñadatlaryna görä ilçi bolup gelenlere hiç hili zyÿan ÿetirilmeÿärdi. Oguzyñ ogullary Tekfurdan gelen ilçileri görüp olar bilen sözleþdiler. Olar gaÿdanlarynda, öz ilçileriniñde olar bilen bile ÿolladylar, ve "dädemiz bizi habarçy (Mangala) edip dokuz müñ esger bilen ÿollady, öziñde uly bir goþun güÿji bilen gelÿär, eger-de il bolup salgyt tölemegi kabul etseñiz ve ony her yÿl hazyna iberenligiñizi bilsek size hüjüm etmeris, söveþ isleÿän-de bolsañyz bir ÿeri belläñ ve uruþmak üçin ol ÿere geliñ" diÿip Teküre habar berdiler. 

Bu alty oguldan iñ ulusynyñ ady Günhan, ikinjisiniñ ady Aÿhan, üçünjisiniñ ady yÿldyzhan, dördünjisiniñ ady Gökhan, bäþinjisiniñ ady Daghan ve altynjysynyñ adyñda Deñizhandyr. Bu ogullaryñ ilçileri Tekfuryñ ÿanyna baranlarynda Tekfur "ertir pylan ÿere geliñ söveþeÿliñ" diÿip jogap beripdir. Ertesi gün þol ÿere gitdiler, söveþdiler ve Tekfury ÿeñdiler. 

Tekfuryñ goþunlaryndan köp adamlar öldürildi. Olary iki gije-gündiz Tekfuryñ þäherine barÿançalar kavaladylar. Þäheriñ golaÿlaryna gelnende ilat özara ylalaþyp Tekfury tutup olara berdiler. Olar-da Tekfury ÿetmiþ adam bilen birlikde, Antakÿa (Oguz aganyñ ÿanyna) iberdiler. Paÿtagty ve ÿurdy eÿelediler, ÿöne talañçylyga ve ilatyñ öldürilmegine ÿol bermediler. 

Oguzyñ ogullary þäheriñ daþynda düþdüler ve öz dädeleri Oguza ilçiler bilen þeÿle bir habar ÿolladylar: Eger-de Tekfury öldürmek niÿetiñiz bar bolsa, bize buÿruk beriñ ÿurdy talap size mal-hazyna ÿollaÿly, bu mesele barada bir üm-yþarat berseñiz ÿeterlikdir, eger-de ony bagyþlap günäsini ve ganyny geçÿän bolsañyz ony öz ÿurdyna ÿollañ, hökümdarlygy oña bermek isleÿän bolsañyz mal hem salgydynyñda belläp ony yzyna iberiñ, þeÿdip biz halkyñ ynamyny gazanarys, buÿrugyñyza boÿundyrys. Ýlçiler, Tekfury Oguzyñ huzuryna getirenlerinde Oguz oña söveþiñ nähili dovam edendigini, özi bilen ogullary arasynda nähili hadysalaryñ ÿüz berenligini sorady. Tekfur ÿüz beren hadysalary birin-birin añlatdy, söveþde öz goþunlarynyñ ÿeñiliþe ugranlygyny, ogullarynyñ özlerini paÿtagta çenli kavalandyklaryny, paÿtagtyñ ÿaþulularynyñ özara ylalaþyp ony ogullaryna teslim edendiklerini beÿan etdi. Tekfuryñ sözi gutarandan soñra Oguz ondan, öz ogullarynyñ þäheri talap-talamandyklaryny sorady, Tekfur, olaryñ talañçylyk edendiklerini görmänligini aÿtdy ve bilmeÿärin men ol ÿerdekäm hiç ÿeri talamadylar, þäherden daþarda çölde galdylar" diÿdi. Oguz, þäherleri talamazlyk barada ogullaryna gaty tabþyryk berenligini aÿtdy, olaryñ-da þeÿle edendiklerini eþidende oña köp hoþal boldy. Ellerini asmana sary galdyryp, ÿüzüni tañra tarap çövürdi ve ogullarynyñ öz sözünden çykmandyklaryna ve olaryñ öz baþarjañlyklary bilen, dädeleriniñ ÿerine geçmäge mynasypdyklaryna þükür etdi. 

Oguz þondan soñra Tekfura ÿüzlenip: "Sen ilki maña tabyn bolman garþylyk görkezen-de bolsañ, söveþen-de bolsañ, hemme günäleriñi bagyþladym, seni öz ÿurduñ baþyna gaÿta ÿollap saltanaty saña berjek. Mundan beÿläk dos-dogry ve ÿüregiñizi tämiz edip bize tabyn boluñ, her yÿl meniñ ÿaþaÿan ÿerime pul (hazyna) ve mal iberiñ. Tekfur bu sözi eþiden vagty kellesini ÿere goÿup, gulluk þertlerini ve dogany ÿerine ÿetirip þeÿle jogap berdi: "Hemme ÿurtlar seniñ emriñde ve häkimiÿetiñdedir, meniñ ÿalylar ve menden has gavy milionlarça ynsan, seniñ buÿrugyñ astyndadyr. Seniñ buÿrugyña garþy gelmek üçin meniñ ÿalylaryñ güÿji-kuvvaty ÿokdyr. Her ne emir etseñiz kabul edip boÿun egerin. Eger-de (Oguz) merhemet edip meni bagyþlasañyz gulluk eder ve her yÿl saña mal-hazyna ÿollaryn ve gulluk hususynda hiç hili kem durmaryn." 

Bu mesele bir ÿüzli bolandan soñra Oguz, Tekfurdan Rum ve Fereñ ülkeleriniñ ÿagdayÿ, goþunlary hem ÿaþaÿan ÿerleri, olaryñ üstüne goþun ÿollajak bolsa, ol ÿerleri nähili gola salyp biljekligi barada sorady. Tekfur-da jogabynda Fereñ (Pereñ) ülkesini almagyñ ÿoly: "ÿagþy halatlar-savgatlar bilen ol ÿere ilçiler ÿollañ, ulularyñ gövnini gazanyñ, ilçiler olara halatlar geÿdirsinler ve salgyt tölemekleri gerekdigini aÿtsynlar, men-de ÿaþrynlykda olara bir hat ÿazyp öz ilçimi ibererin ve þu meseläni ÿagþy biliñ! bu govum gaty güÿçlidir, güneþiñ dogan ÿerinden bu ÿere çenli her ÿeri özlerine tabyn edendirler ve hiç bir janly olaryñ garþysyna çykyp bilmez, iñ ÿagþysy, mesele söveþ bilen gutarmanka, ynsanlar ölüp ÿurt harabaçylyga aÿlanmaka boÿun boluñ, berjek salgytlaryñyzy belläñ, olar siziñ sözüñize ynanyp hazynany kabul ederler, olara tarap esger ÿollamagyñ geregi ÿok diÿerin" diÿdi. 

ÿöne Rum ülkesine gelenimizde; olaryñ gyþlagy deñize golaÿdyr ve gaty yssy bolar, olar barada-da þeÿle etmelisiñiz: Olar gyþlaga inip soñra ÿaÿlaga çykmak islärler, olar ÿaÿlaga gelmezinden ozal, esgerler gidip olaryñ ÿaÿlaglaryny eÿelemeli ve gyþlaglaryndan çakmaga ÿol bermeli däl. Gyþlaglarynda yssydan hem möÿ-möjekden oturmak mümkin bolmajagana görä, ejizläp siziñ bilen il bolmaga boÿun bolarlar" diÿdi. Tekfuryñ bu sözlerini Oguz uÿgun gördi ve ony öz ÿurduna ve saltanat merkezine gaÿta ÿollady. Özi bilen birlikde gelen ilçileri ve ony ÿurduna eltip tagtyna çykarjak elli sany atlyny hem ÿanyna goþdy. Öz oglanlaryna-da goþunlary bilen birlikde yzlaryna gelmäge buÿruk berdi. Oguzyñ ogullary dädeleriniñ huzuryna geldiler. Tekfur Oguza köp savgatlar ÿollady. Öz paÿtagtynda oturyp Oguza gulluk etmäge baþlady. Tekfuryñ ÿurdy þeÿdip Oguza tabyn bolandan soñra, ol Pereñ ve Rum diÿaryna tarap herekete geçdi. 
 

Dr. Farzad MARJANI, Civil Engineer, Ph.D.
Ankara - TURKEY
TEL      : +90 - 312 280 82 16
FAX     : +90 - 312 280 67 20
EMAIL : farzad@turkmens.com