OGUZYÑ HEMME GOÞUNY BÝLEN DAMEÞKA
TARAP HEREKETÝ

Oguz, Rum, Antakÿa ve Pereñ velaÿatlary bilen bagly iþlerini ÿola goÿandan soñ, Dameþk velaÿatyna tarap ÿola çykdy ve Dameþk þäherine geldi. Dameþklylar onuñ bilen söveþmek niÿetindediler. ÿöne Oguz bu barada meÿilli däldi. Dameþk þäheriniñ golayÿnda düþläp üç gün ol ÿerde galdy ve söveþe giriþmedi. Ogullary oña, uruþ barada ses çykarman oturmagyñ sebäbini soradylar. Oguz olara þeÿle jogap berdi: "Siz Adam Aleÿhissalamyñ bu topraklarda ÿatandygyny bilmeÿärsiñiz, þonuñ üçin men haÿran galyp otyryn ve söveþe razy däl, ilçi-de ibermek islemeÿärin, göreli iþ nirä barÿar ve olar näme ederlerkä?". Gelenine üç gün bolan-da bolsa Oguz olara hiç bir ilçi ÿollamany, öz uruþ tekliplerine-de hiç hili jogap bermänseñ, Dameþklylar Oguza ilçi ÿolladylar, onuñ ÿany bilen-de On eþek ÿüki-harvar (her harvar-da 300 kg agyrlyga barabardyr) ÿaÿ-da iberdiler. Ýlçiler Oguzyñ huzuryna geldiler ve aÿtjak zatlaryny aÿtdylar, Oguz-da þeÿle jogap berdi "Siziñ ve ÿaþulularyñyzyñ -ÿolbaþçylaryñyzyñ ses çykarman durmaklarynyñ sebäbi näme? Näme pikir edÿärsiñiz, men bu ÿere gelenimden bäri indi-þu gün ÿanyma geldiñiz?, eger-de uruþmak isleÿän bolsañyz, Antakÿa goþunyndan güÿçli däldirsiniz, goþunlarymyñ hemmesi bu ÿere gelip ÿetmändikleri üçin men sabr edip otyryn, þondan çürim-de size hiç kimi ÿollamadym, iñ ÿagþysy siz gidiñ ve ulularyñyza, bu hal-ahvaly aÿdyñ, gelip boÿun bolsunlar, biz Mysyra tarap barÿarys ve siziñ bilen söveþmek islemeÿäris, aslynda siziñ bilen söveþmegiñ bir manysy ÿok, siziñ berjek mal-hazynañyza derek þu ÿaÿlary kabul edÿärin, ondan baþga bir zat bermegiñizi-de islämok" diÿdi. 

Dameþk ilçisi yzyna gaÿtdy ve Oguzyñ aÿdanlaryny öz ulularyna aÿtdy. Bu sözler olara-da makul geldi ve kabul etdiler. ÿüz eþek ÿüki ÿaÿ jemläp, olaryñ ÿany bilen birnäçe arap aty-da alyp Oguzyñ huzuryna geldiler ve il bolup oña tabyn boldylar. Oguz olary güler ÿüz bilen garþy aldy-hormat etdi ve þeÿle diÿdi: ÿurdu-yzyñ ÿaÿlary diÿseñ ÿagþy bolany üçin, esgerlerimize gerekdi, näçe ÿaÿ getiren bolsañyz olary esgerlere paÿlañ, her birine üç ÿaÿ beriñ, eger-de hemmesine ÿetse, onda olary þu yÿlyñ mal-hazynasy (salgydy) diÿip kabul edÿärin. Ýndi men Mysyra tarap ÿola çykmakçy hoþ-sag galyñ, allah tagala ÿol berip sag-aman gaÿdyp gelenimde, siziñ öz razyçylygy-yz bilen tölejek mal-hazynañyzy belläris. Ol, ÿene bir aÿlap Dameþkda galdy, bir aÿdan soñra öz goþunlary bilen Mysyra tarap ÿola düþdi. 

Dr. Farzad MARJANI, Civil Engineer, Ph.D.
Ankara - TURKEY
TEL      : +90 - 312 280 82 16
FAX     : +90 - 312 280 67 20
EMAIL : farzad@turkmens.com