OGUZYÑ MYSYRA TARAP HEREKETÝ 
BARYP OLARY ÖZÜNE TABYN 
EDENLÝGÝ

Oguz, Dameþgy il edenden soñ Mysyra tarap ÿola düþdi. Üç günläp ÿol ÿörip bir ÿerde iki günläp düþlediler. Her müñ kiþiniñ gije iki-üç ÿola yzyna gaÿdyp, gündiz göç edip boþuna birikmeklerini buÿruk berdi. Þeÿdip goþunlaryñ sanyny, bolþyndan kän görkezjek bolÿardy. Soñra Mysyryñ nähili alynjaklygy, olaryñ nähili il ediljekligi barada ge-eþ geçirdi. Üç ogluny dokuz müñ adam bilen ö-den iberdi. Bir ogluny ÿene dokuz müñ adam bilen olaryñ yzyndan iberdi, özi uly goþun bilen olardan soñra ÿola düþdi. Özi ÿola düþen güni, goþa at bilen ilçi ÿollap, ogullarymy þeÿle goþun bilen iberdim, özüm-de olaryñ yzyndan uly goþun bilen barÿaryn diÿip habar berdi. Ýlçileri ÿola salyp özi þol ÿerde galdy, ogullary özlerine berilen goþun bilen gitdiler. Oguz Dameþk ve Guta tövereklerinde, Kudus ve Halil velaÿatynda ve þol ülkelerde gyþlag edindi ve avlanyp ÿördi. Dameþklylar-da Mysyra bir ilçi ÿollap, Oguzyñ goþun ÿagdayÿny ve olar bilen söveþip bolmajaklygyny bildirdiler. Bu sözler, Mysyrlylara uly täsir etdi. Oguzyñ ogullary Mysyryñ golaÿlaryna baranlarynda, Mysyryñ hemme ululary olary garþyladylar, olara savgatlar berip tabyn ve boÿun boldylar. Hazyna iberiljek mal bellendi ve Oguzyñ ogullary bir yÿllap Mysyrda galdylar. Esgerleriñ hiç kimiñ janyna, malyna ve namysyna degmezlikleri barada buÿruk çykaryldy. ÿöne her yÿl gelmek gyn bolar diÿip, üç yÿlyñ salgydyny ozaldan tabþyrmaklary karar edildi, ÿagny alty yÿlyñ salgydyny iki gezekde beriñ diÿildi. Þol yÿl, üç yÿlyñ salgydyny alanlaryndan soñra Oguzyñ buÿrugy bilen ogullary gaÿdyp gelip dädeleriniñ huzuryna çykdylar. Oguz ÿene bir yÿllap Dameþk velaÿatynda galdy, þonda Dameþkyñ tölejek salgydy-da bellendi. Adam Aleÿhissalamyñ mazarynyñ þol ÿerdedigini eþidip, Mekke ve Medinä ilçiler ÿollap ol ÿerlerden biraz toprak getirilmegini buÿruk berdi. Ýlçi gidip topragy getirdi. Oguz þol topraklardan bir mikdaryny öz üstüne sepdi ve ta-ra þükür etdi, ogullaryna ve beglerine (emirlerine): "Adam toprakdan ÿaradylandyr, biz-de hemmämiz toprak boljakdyrys, ynsan nähili güÿçli bolsa-da, muny ÿatdan çykarmaly däl ve ÿagþylyk etmelidir, ÿamanlyk däl" diÿip aÿtdy. Þondan soñra-ÿazda Baalbek daglarynda, salkyn havaly ÿerlerde ÿaÿlag tutdy. Tomusda Bagdada barmak gyn bolar, biraz vagt geçip havalar salkynlaþanda Bagdada tarap ugrarys diÿdi. ÿaz-tomus ol ÿerde galdy ve havalar salkyn bolanda Bagdada tarap ÿola düþdi. 
 

Dr. Farzad MARJANI, Civil Engineer, Ph.D.
Ankara - TURKEY
TEL      : +90 - 312 280 82 16
FAX     : +90 - 312 280 67 20
EMAIL : farzad@turkmens.com