OGUZYÑ YRAK-Y AJEM TARAFYNA
ÝLÇÝLER ¥OLLAMAGY

Oguz, bu ady agzalan ÿurtlara eÿe bolandan soñra Irak-y Ajemi gola geçirmek isledi. Ýlki 200 adamy ol ÿere ÿollady. Bular, þol ÿerlerden maglumat yÿgnap, padeþahlar hem galalar barada seresaply bolmalydylar. Oguz olara, alabilejegiñiz kiçi ÿerleri alyñ, emma uly ve berk ÿerlere hüjüm etmäñ, diÿip tabþyrdy. Bu iki ÿüz adamyñ baran ÿerlerinde: Reÿ, Gazvin, Hemedan ve beÿleki þäherleriñ halklary Oguzyñ ve onuñ goþununyñ güÿç ve gudratyndan ozal habarly bolup, olarda Oguza uly hormat ve sylag duÿgysy oÿanypdyr. Ol ÿeriñ ilaty, Oguzyñ üstüne esger ÿollap, adamlar ölüp ülke veÿran bolmazdan ozal, Oguzyñ huzuryna gelip, tölenjek salgytlary belläp, ony her yÿl hazyna ibermekden baþga bir ÿol görmändiler. Bu barada Irak-y Ajem halky, Oguzyñ ÿanyna baryp, tölenjek salgytlary belläp, onuñ razyçylygy bilen ÿurtlaryna dönmäge özara ylalaþdylar. Olar Oguzyñ ÿanyna baran vagtlary bahar baþlanypdy, Oguz olaryñ ÿurtlaryna tarap ÿola çykjak bolup teÿÿarlanÿardy. Þol vagt ÿanyna baran ÿerliler bilen ylalaþan Oguz olary yzyna ÿollady. 

Oguz soñra Demavende tarap ugrady. Ol ÿerde ÿaÿlag gurjakdy. ÿolda þeÿle bir hadysa ÿüz berdi: Gövreli gartañ bir aÿalyñ ogly bolupdyr, ÿöne iÿmäge bir ÿapraklaryñda bolmansañ aç galypdylar. Özi bir zat iÿip oglanyna süÿt berer ÿagdaÿda däldi, oglan-da aç galypdy. 2-3 gün soñra bir sülgün tutan þagalyñ üstünden bardylar, aÿalyñ äri þagaly urup sülgüni alyp, biþirip aÿalyna berdi. Bir näçe gün soñra Oguzyñ yzyndan ÿetdiler. Adam Oguzyñ huzuryna gelende, Oguz ondan niredediñ nämeþip yza galdyñ diÿip sorady, adam aÿalynyñ oglany bolanlygyny ve þondan çürim gijä galandyklaryny aÿtdy, ÿöne Oguz onuñ bu sözüni halamady, aÿal oglan dogurdy diÿip yza galmak bolarmy? diÿip oña gaharlandy ve siz þeÿle sebäp bilen yza galdy-yz onda siz bu ÿerde galyñ diÿip aÿtdy (ÿagni bu ÿerde gal-aç). Olar-da þo taÿda galdylar ve vagtyñ geçmegi bilen þol söz Khalaç-Halaç boldy ve Halaç nesli þol adamyñ nebereleridir, diÿilÿär. Soñra Oguz Demavende gidip ÿazy ol ÿerde geçirdi, güÿz gelende-de Mazenderany ve þol töverekleri almaga niÿetlendi. 
 

Dr. Farzad MARJANI, Civil Engineer, Ph.D.
Ankara - TURKEY
TEL      : +90 - 312 280 82 16
FAX     : +90 - 312 280 67 20
EMAIL : farzad@turkmens.com