OGUZYÑ ÖZ ¥URDUNA DOLANYÞY VE 
ÖMRÜNYÑ SOÑKY ¥ILLARY

Öz ogly ÿanyna gelende Oguz öz velaÿatyna-ÿurduna (Ortak ve Kürtaga) gitmäge karar berdi. Basym baryp bilmek üçin-de Gur ve Gürjistan ÿolundan gidilmegini buÿruk berdi. ÿolda uly bir daga baryp ÿetdi, þonda þeÿle bir hadysa boldy: Bu daga köp gar ÿagypdy ve þondan çürim-de Oguzyñ goþunyndan iki-üç maþgala yza galypdy. ÿöne hiç bir janlynyñ goþundan yza galmaga haky ÿokdy, Oguz bu habary eþidende "Nä hili bolÿar þeÿle gar ÿagdy diÿip ÿoldan galÿarlar" diÿdi. Osam þol birnäçe maþgala KARLUK ÿagni Karlyk lakaby berdi. Häzirki Karluk-Garluk jemagaty, þol iki-üç maþgaladan önüp-ösenler (govumlar) bolmaly. 

Oguz þol dagdan ötüp Amuÿa derÿasyna ÿetip (bu Semerkanda tarap akyp barÿan çaÿdyr) ondan-da geçip Buhara serhedindäki ÿalguz Agaja baryp ol ÿerde düþledi. Ol ÿerde birnäçe gün galyp soñra öz ÿurduna tarap ÿola çykdy. Bu ÿolagçylyk (öz ÿurdundan çykyp ÿene oña gelmegi) 50 yÿl çemesi vagt alypdy. Öz ÿurduna ÿetip barÿarka, ozal ondan aÿrylyp galan Ka-lylar ve Uÿgurlar Oguzy garþy almak üçin dokuz günlük ÿola çykyp oña savgatlar berdiler. Oguz sag-salamat ÿurda gaÿdyp geleni üçin togsan müñ goç bilen dokuzÿüz gysrak kesilmegini (öldürilmegini) buÿruk berdi, uly toÿ tutuldy, altyn öÿi saldyrdy. Bu toÿdan soñra özi bilen bile jahangirlik safaryna çykan, özi bilen bile sag-salamat gaÿdyp gelen Oguzyñ ogullary bir gün ava gitdiler. Þonda altyn bir ÿaÿ bilen üç altyn ok tapdylar, olary dädelerine getirip berdiler, ol-da ÿayÿ üçe bölüp iñ uly üç ogluna ve oklaryñ her biriniñde beÿleki kiçi ogullaryna berdi ve ÿaÿlary beren ogullaryndan önüp ösenlere Bozok, özlerine ok beren üç oglundan önüp-ösenlere-de Üçoklar diÿilsin diÿip karar etdi. ÿene ÿaÿ beren ogullary uly mertebeli bolup, ok berenleri kiçi bolarlar, þondan çürim ÿaÿ, padeþahdyr ve ok bolsa ilçidir, diÿip aÿtdy. Þeÿle düzgün bilen ÿurtlarynyñda belledi, ÿaÿ berenlerine sag tarafy ve ok berenlerine sol tarafy belläp berdi. 

Oguz toÿda eden çykyþynda, men ölemden soñra eger-de Günhan þol ÿagt sag bolsa hemme ÿerim-ÿurdum ve tagtyma ol eÿe bolar diÿdi. Gara-Sülügi-de köp övdi ve ondan ÿol boyÿ beren nesihatlaryny kimden övrenendigini sorady, ol-da, garrylary ÿola çykarmañ diÿen-de bolsa Oguzyñ sözüniñ tersine ÿola çykaran öz dädesinden övrenendigini açyk-aÿan aÿtdy. Oguz Uþi hojany ÿanyna çagyrdy, oña halatlar-savgatlar berdi ve Gara-Sülüge-de Emir-i Agzam (uly beg) lakaby berdi. Bu zatlaryñ hemmesi þol toÿ mahalynda boldy. Soñra Oguz öz ÿurduna indi, onuñ Müñ ÿaþanlygy aÿdylÿar. 
Þondan soñra öz goþuny bilen þol ÿerde ÿaþap baþlady. ÿöne aÿdyþlaryna görä bir gezek Gylbarak ÿagy bolupdyr ve salgyt ibermekten saklanypdyr. Oguz Gypçaklary ol ÿere ÿollap Atil (Ýtil) ve ÿaman-su boÿlaryna çenli baryp oturmaklaryny ve ol ÿeri özlerine ÿurt edinmeklerini buÿurdy. Gypçaklar, Gylbarak, Derbend ve þol tövereklerde bolan ülkeleriñ salgytlaryny yÿgnap hazyna iberdiler. Þonuñ üçin Gypçaklar ol ÿerde galyp ÿurt edindiler. Oguz müñ ÿaþandan soñra vefat etdi. 
 

Dr. Farzad MARJANI, Civil Engineer, Ph.D.
1. Sok. 6/16 ERYAMAN AGE Blok 1.etap
06630 Eryaman- Ankara - TURKEY
TEL      : +90 - 312 280 82 16
FAX     : +90 - 312 280 67 20
EMAIL : farzad@turkmens.com