OGUZYÑ OGLY GÜNHANYÑ
PADEÞAHLYGY

Oguzdan soñra uly ogly Gün Han onuñ ÿerine geçdi. Ol tagta oturan vagty ÿetmiþ ÿaþyndady ve ÿetmiþ yÿllap-da padeþahlyk etdi, ondan köp ÿaþamady. Oguzyñ vefatyndan soñra, onuñ ÿa-ykent adynda bir þäher saldyranlygy belli boldy. Bu þäheriñ häkimligini akylly bir adam bolan Irgyl Hoja beripdir (Irgyl, bir zady özü-e çekmek ve hoja-da uly diÿmekdir). Irgyl Hoja bir gün Gün Hana: "Oguz uly bir padeþahdy, ÿerÿüzüni öz kontrollygyna alyp köp hazyna ve sansyz mal-gara yÿgnapdy, häzir olaryñ hemmesi sizi-kidir, siz alty dogan bolup her biriñiziñ-de dört oglu-yz bar, olaryñ arasynda soñra agzalaçylyk çykmagy mümkindir, þondan çürim olaryñ her biriniñ ady, lakaby, derejesi ve iþi bellensin, her biriniñ-de bir tagmasy bolsun, þonuñ bilen tanyyÿlsyn ve özara agzalaçylyk-da bolmasyn, olaryñ oglanlaryñda öz ÿerlerini bilsinler, þeÿle etmek, dövletiñ yzygiderliligi üçin hem-de urugy-yzyñ ad-abrayÿ üçin gerekdir" diÿdi. Bu sözler Gün Hanyñ hoþuna gitdi ve Irgyl Hoja, aÿdanlaryny ÿerine ÿetirmegi buÿruk berdi. Irgyl Hoja Üçoklara-da, Bozoklara-da (24 Ferzende) tagmalar belledi, olaryñ lakablarynyñda aÿtdy, mallardan haÿsylarynyñ Ongun (azyk) boljaklygyny-da bildirdi. Ongun, Gutly-mübärek bolsun diÿmek bolÿar. 
 

Dr. Farzad MARJANI, Civil Engineer, Ph.D.
Ankara - TURKEY
TEL      : +90 - 312 280 82 16
FAX     : +90 - 312 280 67 20
EMAIL : farzad@turkmens.com