|
GÜNHANDAN SOÑRAKY OGUZ ¥ABGULARI
Günhan ÿetmiþ ÿaþynda tagta eÿe bolup ÿene ÿetmiþ yÿllap padeþah
bolandan soñra aradan çykdy. Günhanyñ ogly Dib ÿabgu padeþah boldy. Öz
atasynyñ ady dakylan Dib ÿabgu, emirlerden ve erkan-i dövletden: Jeddim
(atam) Oguz þeÿle köp ülkeleri nähili alypdyr, nireden-nirä barÿança eÿeläpdir,
diÿip sorady. Þolaryñ arasyndan Ulaþ ve Ulad adlarynda, Salur govmyndan
iki (ata-ogul) adam öñe çykyp, diz çökip, salamlap: Gündogardan günbatara
çenli bolan hemme ülkeleri seniñ dädeñ-atalaryñ eÿeläpdirler, biz-de seniñ
bilen bile bolup saña goldav-ÿardam bereris, saña garþy gelip salgyt tölemejekler
bar bolasa, þeÿle bir garþylyk berip ÿok edip, seniñ atalaryñ ve dädeñ
ad-abrayÿ baky galar ÿaly ederis, diÿdiler. Hiç bir kimse, saña salgyt
tölemezlik edip saña garþylyk görkezip bilmez. Dib ÿabgu bu sözleri eþiden
vagty köp begendi ve özi-özüne: ÿurdy bolþy ÿaly saklap bilmek, þu iki
akylly adamyñ sözlerine gulak asmak bilen mümkin bolar, diÿdi. Olara köp
sylag etdi ve siz, biziñ bilen bile boljagy-yzy aÿtdy-yz, beÿleki govumlar-da
þeÿle ederlermikä? diÿip Dib ÿabgu sorady. Olar "ÿazar (ÿazyr) govumyndan
Alan adynda bir beg bar, onuñ-da Bulan adynda bir ogly bar, olar biziñ
bilen biledirler, ÿene Dib Jenkþu (Jebeþku) ve ogly Dürkeþ (Derkeþ), Baþbek
(Daþbek) ve ogly Balgubek (Baÿgubek) bular Dögerlerden bolup biziñ bilen
biledirler ve Bayÿndyrlardan Tülü (Kulu) hoja-da biziñ ÿanymyzdadyr, duþmanyñ
bolan her ÿere biziñ bile göçerler ve seniñ üçin-de ölerler" diÿip aÿtdylar.
Dib ÿabgu bu sözleri eþidende köp begendi ve munça govum biziñ bilen bir
bolsa iþler ÿagþy bolar diÿip oÿlandy. Þondan çürim, ady geçen govumlaryñ
begleriniñ atalaryny öz ÿanyna çagyryp, olaryñ oglanlaryny ilçi edip K.r.k.
(Kark), Þam, Baþgurd, Fars, Kerman, Ýsfahan, Bagdad ve Basra iberdi. Olardan,
bu ÿurtlardan üç yÿllyk salgytlary alyp gelmeklerini isledi. Olaryñ baran
ÿurtlaryndaky ÿolbaþçylar boÿun boldylar ve töverekdäki hanlar-da tabyn
bolup salgytlary tölediler. ÿabgu niçe vagtlap padeþahlyk etdi, ÿöne Ad.n
ÿ.m.k‰n oña ÿagy boldy ve þol ÿurduñ halky tabyn bolmaÿardy. Bu ÿer, gündogarda
bir velaÿatdy, adyna ÿemek‰n (ÿemekler) diÿÿärdiler. ÿagni güÿçli-kuvvatly
ynsanlar bolup olardan iki adam, beÿleki On adam bilen de-di. Olarda, güneþ
dogan vagty lañ-yra çalmak adaty-da bardy. Dib ÿabgu han, olaryñ üstüne
hüjüm etdi, olary mugyra getirenden soñra yzyna gaÿdyp geldi. ÿöne ol ilahy
takdyra boÿun bolmaly boldy: atynyñ aÿagy sürþüp ÿere yÿkylanda bud sü-ki
dövlip vefat boldy.
Ondan soñra Kors (Kurs) ÿabguÿ onuñ ÿerine padeþahlyk tagtyna oturdy,
onuñ orunbasary Okly Aluþbadin Olsundy. Kors, her iþini oña ge-eþÿärdi.
Ol otuz yÿl padeþahlyk kyldy, soñra ogly Korus ÿasak ÿabguÿ onuñ ÿerine
padeþah boldy. Ol-da togsan yÿllap padeþahlyk etdi.
Ondan soñra ogly inal ÿabguÿ Han ÿerine geçdi. Rovaÿata görä ol ÿüz
ÿigrimi yÿllap padeþahlyk etdi. Hökmürovanlygynda ol, özüniñ veziri, orunbasary
hem begleri bolan Karu (Kayÿ-Baÿat) Dede Kerenjük Salyrlardan Damkak ve
ÿene Salyrlardan Öksi bilen ge-eþip-maslahatlaþÿardy. Þol vagtlar hemme
ÿerde asudalyk berkarardy. onuñ padeþahlyk vagty gutarandan soñra ogly
Ýnalsir ÿabguÿ Han, ÿurtde tertip-düzgüni ÿola goÿup edil 7 yÿllap padeþah
boldy. Veziri Salyrlardan Öksi hoja bilen ÿivalardan Þaban hojady. ÿedi
yÿl dovam eden padeþahlygy vagtynda ol, öz ogly Ala Atly Gyþ Donly Gayÿ
Inal Handan razydy. Þondan çürim özi ÿaþap ÿörkä, padeþahlygy oña berdi
ve ony padeþahlyk tagtyna oturtdy. Ine þu vagt, peÿgamberimiz Hz.Muhammed
Mustafa (S-A) dünÿä inÿär ve ol, Baÿat Dede Kerenjügi Hz.Resulyñ ÿanyna
ilçi edip ÿollaÿar ve musulman bolÿar. Kerenjük, Gorkut-Baÿat neslinden
bolan Kara Hojanyñ ogly, ol köp akylly, bilgili hem keramatlydyr. Inal
Han Syr ÿavguÿ zamanynda orta çykÿar. Bu sözleri rovaÿat edeniñ sözlerine
görä, ol iki ÿüz togsan bäþ yÿl ÿaþapdyr. onuñ aÿdan dana sözleri, keramatlary,
onuñ hakynda aÿdylan köp hekaÿalaryñ sany kändir. Þol vagt, öz dädesiniñ
bellän orunbasarlary ve oña ÿardam edenler aradan çykÿar, olaryñ ÿerine
baþga naib ve vezir bellenÿär. Þolardan birisi Bayÿndyrlardan bolan Dönker
ve beÿlekisi-de Igdirlerden Dönke bolup, bu padeþah aradan çykÿança naiblik
hem vezirlik olaryñ golundady.
Gayÿ Ýnal Han aradan çykanda, ÿug dabarasy üçin dädesiniñ orunbasary
bolan Bayÿndyr Dönkeriñ ogly Erki uly bir zyÿafat berdi. Ýki gölden birini
ÿogurt (aÿran) beÿlekisiniñde Kymyz bilen doldurdy. Þeÿle köp goÿun, sygyr
ve at eti yÿgnanypdy, hamana dag ÿaly. Näçe velaÿat bar bolsa olardan adamlar
geldi ve olaryñ hemmesi naharlandylar, gidenlerinde-de özleri bilen bile
azyk-iÿmit äkitdiler, ÿene ol artyp galdy. Gayÿ Ýnal Hanyñ ogly ÿokdy,
ÿöne soñky vagtlarda hatyny gövreli boldy ve ölen vagty onuñ bir ogly dünÿä
geldi. Bu oglan dünÿä gelen vagty Gorkut ve Erki (her ikisi) bu oglanyñ
ady Tuman (duman-ümür) bolsun diÿdiler.
ÿaþulular, Tuman (Duman-Ümür) gara-kylyk diÿmekdir ve bu padeþahlara
geliþmejek ad diÿdiler, has ÿagþy ad dakmak gerek diÿip olar aÿak dirediler.
Þonda Gorkut þeÿle diÿdi: Duman-ümür bolanda hava gara-ky bolÿandyr velin,
ÿöne gök önümler üçin gerek bolan çygy özi bilen getirer, bu oglanyñ dädesiniñ
aradan çykmagy bilen halkyñ gövni syndy ÿöne duman dargar, yzyndan güneþ
görner ve aÿdy-lyk bolar, gök önümler köfeler ve her kimiñ iþi o-una bolar,
þonuñ üçin biz-de þeÿle ady saÿlap aldyk. ÿabguÿ han, ogly Ala Atly Keþ
(gyþ) Dernekli (donly) Gayÿ Ýnal Hany öz ÿerine saÿlapdy. Ol dirikä, hemme
haÿvanlary tutup öldürip, dillerini kesip bir guta goÿup saklapdy. Bir
oglum bolsa, haÿvanlaryñ dilini a-lar ÿaly diÿip oña beriñ diÿip vesiÿet
edipdi.
Þol gutyny Tuman han dünÿä gelende tapdylar, içindäkileriñ hemmesini
ÿuvup Tuman hana berdiler. Þondan çürim oglan ulalanda, hemme haÿvanlaryñ
dillerini bilÿärdi. Þondan soñra uly-kiçi her kim yÿgnanyp, Tuman han ulalana
çenli padeþahlygy kime bermeli diÿip biri-birileri bilen maslahatlaþdylar.
Gorkut hemme halkyñ ortasyndan çykyp gaty ses bilen: "Padeþahymyz ölen
vagty, her kim bilÿändir ki Erki onuñ hyzmatyndady ve ol özünden ÿagþy
ad galdyrdy, çenden aþa ÿagþy hyzmatlar etdi, iki gölden birini aÿran beÿlekisiniñde
kymyz bilen doldurypdy, örän uly zyÿafat beripdi, onuñ ÿaly iþi henize
çenli hiç kim eden däldir, onuñ þeÿle hyzmaty bolansoñ, zamananyñ þertlerini
nazara alyp, Tuman hanyñ entek kiçi oglandygyny göz ö-üne getirip, onuñ
padeþahlyk vezipesini alyp baryp bilmejekligini bilip, padeþahlyk þu oglanyñ
ady üstünde ylalaþylsyn, ÿöne ol, jahyllyk-ÿetginjeklik ÿaþyna ÿetene çenli,
onuñ orunbasary edip Erki belläÿli-" diÿdi.
Gorkut bu sözleri aÿdandan soñra hemme halk onuñ bilen ylalaþdy,
Tuman han Padeþah boldy ve Erki-de onuñ naibi bolup iþe baþlamaly edildi.
Þeÿle uly hyzmat edeni üçin-de Erkiniñ adyny Göl-Eri (köl-Erki) edip bellediler.
Göl-Erki han dokuz yÿllap padeþahlyk tagtynda oturdy. Tuman han ÿetginjeklik
çagyna ÿetende, padeþahlyk onuñ hakydy ve yÿgnanan üç ÿüz çemesi adamyñ
ö-ünde tagta çykjaklygyny yglan etdi. Göl-Erki Han bu sözi eþidende gorkdy
ve gaÿga batdy. Ol, hanyñ orunbasarlaryna ÿüzlenip: dokuz ÿüz goÿun ve
dokuz gysrak kesiñ oña toÿ tutuñ ve Tumana, ol (Göl-Erki) ava gitdi diÿip
aÿdyñ, diÿdi. Bu toÿ vagtynda, käse tutulyp baþlandy, munuñ üçin-de üç
müñ goÿun ve otuz gysrak kesiñ (öldüri-) diÿip buÿurdy. Þu arada Gorkutyñ
yzyndan bir adam ÿollady ve "Dövletiñ diregi sensiñ, iþler þeÿleräk-beÿleräk
dovam edendir, ÿöne Tuman hanyñ haklydygyna gürrüñ ÿokdyr, tagt ve ÿurt
onuñ emrindedir, gelsin, näme aÿtjak bolsa aÿtsyn, biz-de þo-a görä özümizi-iþimizi
belläÿli" diÿdi. Gorkut bu habary eþidende ol ÿere geldi. Göl-Erki Han
Tuman Hana toÿ tutdy ve Gorkut-da käse tutdy. Ýÿmekler getirildi ve aþ
iÿildi. Þol vagt ÿaþly-garry bir gurdyñ sesi eþidildi. Tuman Han hemme
haÿvanlaryñ dilini bilÿänligi üçin, bu gurdyñ näme diÿÿänligini-de a-lady.
Ol: haÿp garrydym, avlarymyñ yzyndan ÿörtip ÿetip bilmeÿärin, eger ÿetiþip
bilsem-de ony tutup bilmeÿärin, hatda tutsam-da ony bölek-biçek edip iÿip
bilmeÿärin diÿÿän. Garry gurt sözüni gutaranda, üç ÿaþ gurt oña þeÿle jogap
berdiler: Eger-de sen garry ve güÿçsiz bolsañ, biziñ güÿjimiz bar. ÿaþlar,
ÿaþululara ÿardam etmeseler, onuñ näme gyÿmaty bolar. Bu gije ümür-gara-ky
ve güÿçli bir apy-tufan turjak, þundan peÿdalanyp toÿ üçin getirilen haÿvanlary
bölek-bölek edip saña bereris, olary rahat iÿersiñ, biz saña her zaman
ÿardam ederis.
Olaryñ golayÿnda, aþöÿdäki goÿunlara göz-gulak bolÿan Göl-Erki Hanyñ
Gara-Barak adynda bir köpegi bardy. Bu köpek: eger-de padeþah ma-a yssy-ÿagly
bir guÿruk berse, sizlerden hiç biriñiziñ bir guza-da el uzadyp ona eÿe
bolmagy-yza ÿol bermerin diÿip gurtlara jogap berdi. Padeþahyñ ogly Tuman
bu hal-ÿagdayÿ görende, biþen-teÿÿar aþyñ içinden bir guÿruk alyp þol köpege
tarap zy-dy. ÿanyndakylar, bir köpege-de þeÿle guÿruk berilermi? diÿip
soradylar, ol-da þeÿle jogap berdi: ony biziñ bilen Göl-Erki (Erkin) Han
arasynda agzalalyk çykmasyn diÿip berdim, hem-de: birine sadaka berjek
bolsañ ozaly bilen köpege ber, diÿilip aÿdylÿandyr, biz gaÿgysyz bolar
ÿaly, köpek-de gaÿgysyz bolmalydyr, þondan çürim berdim. Þondan soñ aþ
iÿdiler ve ÿatdylar. Gijäñ ÿarymynda Tuman Han oÿanyp ÿanyndakylara: görüñ,
daþarda ÿel ösÿärmi - ösmeÿärmi? diÿip buÿurdy. Olar görseler her tarap
gara-ky, gaty ÿel ösÿär üstesine ÿagyn-da ÿagÿar, bu habary gelip Tuman
hana aÿtdylar. Tuman Han, gurtlaryñ sözüniñ dogrydygyna göz ÿetirdi. Jahan
ÿagtalyp, ÿel hem ÿagyþ duran vagty köpegi gözlediler, goÿunlaryñda görmediler.
Tuman han, Gara-Baragyñ sözünde durup durmaÿanlygyny bilmek isledi. ÿanyndaky
üç ÿüz adamdan, Gara-Baragyñ ve goÿunlaryñ nirededigini bilmeklerini isledi
ve olary çartarafa ÿollady. Görseler, goÿunlar gurtlardan ürküp Gara-Barak
bilen bile, yzlaryndan gurtlar gelÿärkä Agly adyndaki geçelgä tarap gidipdirler.
Gara-Barak gurtlar bilen çeÿneþip, geçelgäniñ agzyny tutup gurtlaryñ goÿunlara
hüjüm etmekleriniñ ö-üni alypdyr. Tuman Han bu hal-ahvaly eþidende, derrev
atyna minip ol ÿere gitdi, hal-ÿagdayÿ görüp gurtlaryñ hemmesini öldürdi.
Bu köpegiñ-de öz beren sözünde durÿanlygyna ynandy. Goÿunlaryñ Erki Hanyñ
ÿanyna äkidilmegini isledi. Erkin Han, Tuman hanyñ gelÿänligini eþidende
ony garþy almaga çykdy. Tuman Han bilen Göl Erki han gujaklaþdylar ve bile
oturdylar. Gürrüñleþikde Göl-Erki Han, Tuman Hana þu goÿunlar üçin bir
þahzadanyñ þeÿle ÿorulmagyna gerek barmy? Eger þu goÿunlar ve hat-da mü-lerçesi
ölse näme bolar, biz hemmämiz seniñ gullukçylaryñ ve nämämiz bar bolsa-da
olar seniñkidir, çünki sen biziñ hanymyzsyñ diÿdi. Tuman Han onuñ jogabynda
"aslynda goÿunlaryñ onçakly ähmiÿeti ÿok, olaryñ þeÿle heläk bolmaklary
ad-abrayÿmyza ÿagþy bolmazdy, adamlar soñra, Tuman Hanyñ aÿagy düþmedi,
özi üçin berilen zyÿafatyñ goÿunlary þeÿle haram öldi diÿerler" diÿip aÿtdy.
Þeÿdip toÿa baþladylar ve ol ÿedi gije ÿedi gündiz dovam etdi. Toÿda
her gün togsan goÿun bilen dokuz gysrak öldürilÿärdi. Þol vagt Gorkut orta
çykyp Tuman Hana: Dädeñ aradan çykan vagty sen kiçi-bäbek bolanyñ üçin,
padeþahyñ naibligini sen ulalÿançañ Göl-Erki Hana bereÿli diÿip ge-eþ geçirdik,
indi sen ulaldyñ ve hayÿrly bu makama ÿetdi-. Göl-Erki Han garrydy, onuñ
bu günlükmi-ertirlikmidigi belli däl, þu vagt sen ony öz vezifesinden çetleþdirseñ
halk geñ görer ve bu iþ hormat-sylag bilen-de badaþmaÿar, diÿip aÿtdy.
Ýñ ÿagþysy sen onuñ gyzyny al ve ol-da hemme mal-hazynasyny saña
berer, birnäçe günden soñra ölende tagt hemme zatlary bilen saña galar,
diÿdi. Tuman Han, Göl-Erki Hanyñ gyzlaryny toÿ mahalynda görüpdi. Bir gyzy
begenip oña gudaçylyga iberdi. Bu iþ üçin-de bir aÿlap toÿ-tomaþa tutuldy.
onuñ otagyny beÿleki öÿleriñ ö-ünde salypdylar. Tuman bir gün tagtda uklap
galanda, daþardan geçip barÿan bir aÿalyñ sözleri gulagyna geldi: "Aÿna
Han ogly Uje Han, Tuman hanyñ alan Göl-Erki Hanyñ gyzyny men aljakdym,
ÿöne ol (Tuman Han) ara girip gyzy alypdyr, gidip onuñ bilen söveþip gyzy
yzyna alaryn", diÿipdir. Tuman Han bu sözleri eþidenden soñra hiç bir zat
eþitmedik ÿaly bolup gezmekligi özüne kemlik bildi, derrev galyp esgerlerini
çagyryp yÿgnady ve Uje Han bilen uruþa gitdi.
Tuman Han ol ÿere baranda Aÿna Han gelmedi, ogly Uje söveþmek üçin
garþy çykdy, Tuman Han onuñ bilen söveþdi ve ony ÿeñdi, iki gün iki geje
ony paÿtagtyna çenli kovalady. Ahyrso-y öz ÿüz atlysy bilen onuñ goþununy
ÿene bir gezek ÿe-di, Uje Hany tutup yzyna gaÿtdy ve öz goþununa birikdi.
Olaryñ ÿurdunyñ serhedinde birnäçe günläp oturdy. Uje Hany huzuryna çagyryp
ondan aÿdan sözleri ve nämeler pikir edÿänligini sorady, ÿöne ol bu meseleler
barada hiç bir zat aÿtmaÿardy. Özi tarafyndan aÿdylan ve Tuman Hana eþitdirilen
sözleriñde kabul etmedi. ÿalñyz jogap edip: Aramyzda ÿüz beren söveþiñ
sebäbi, seniñ biziñ ÿurdymyza çozup gelmä-dir, biz-de saña garþy durmaga
mejbur galdyk, onuñ baþga sebäbi ÿok, diÿdi. Tuman Han onuñ hiç bir zady
kabul etmän, inkär edip oturyþyny görende onuñ öldürilmegine buÿruk berdi
ve bu ÿerde ÿene bir yÿllap galdy.
Göl Erki Hanyñ gyzy bolan aÿaly, Tuman Hanyñ ol ÿerde ÿene bir müddet
galjaklygyny eþidip ol ÿere gitdi. Aÿal þol vagt gövreli bolup ayÿ-güni
golaÿlaþypdy, ÿolda onuñ bir oglu boldy, bu hal-ÿagdayÿ Göl-Erki Hana habar
berdiler ve her ikisiniñde oña tarap iberdiler. Göl-Erki Han oglany ÿanyna
alyp toÿ tutdy ve oña Gaÿ ÿavgu Han diÿip ad dakdy. Gyzyny Tuman Hanyñ
ÿanyna ÿollady, olar bir-birlerine gavuþdylar. Tuman Han soñra Aÿna Hana
garap: "Ata-Babalaryñyz hemiþe meniñ Ata-Babalaryma boÿun boldylar, ÿöne
seniñ ogluñ bize garþy ÿaman pikirler edeni üçin ony öldürmäge buÿruk berdim.
Ýndi sen ÿüregiñ bilen meni o-laÿan bolsañ, ozalkysy ÿaly bize boÿun bolup
öz salgytlaryñy kemsiz ÿollarsyñ, men-de bu ülkäni saña bererin" diÿdi.
Aÿna Han boÿun bolup, oña ÿüregi bilen baglydygyny görkezende, Tuman Han
bu velaÿaty oña berdi. Ony öz ÿurdu-a ÿollap özi-de paÿtagtyna gaÿtdy.
Öz oglanyny görende köp begendi. Þondan soñ bir müddet Göl-Erki Han bilen
bile iþleþdi. Soñra ogly Gayÿ ÿavgu Han ulalyp ÿetginjeklik çagyna ÿetende,
bir gün suv kenarynda bir oglan bilen oÿnaÿardy, agyzlary alalanda ol,
öz ÿoldaþyny öldürdi.
Gayÿ ÿavguÿ inçe ve baþy üç ÿüzli bir oty alyp onuñ bilen öz ÿoldaþyna
uran vagty ol, ikä bölünipdir, çünki bu otyñ tikenleri edil Almaz ÿalymyþyn.
muña her kim haÿran galypdyr. Tuman Han bu habary eþidende "Meniñ oglum
Ta-rydan güÿç alÿan bolmaly" diÿip onuñ ady Tiken bilen Adam Biçen (oran-kesen)
Gayÿ ÿavguÿ Han bolsun diÿip buÿurdy. Soñra Tuman Han bilen Göl-Erki Hanyñ
bilelikde tagtda oturan vagty geçirilen bir toÿda, Tuman Hanyñ ogly-da
ol ÿerdedi. Ol, þol jemagatyñ arasynda Göl Erki Hana: Bu tagtda oturmak
meniñ dädemiñ hakydyr, köp vagt bäri sen oña eÿe boldu-. Dädem ulalan-da
bolsa tagtda oturyp buÿruk bermek maksady bilen ejemi oña berdiñ, indi
men-de ulaldym, sen mazaly garrydyñ, tagtdan düþüp ony öz eÿesine bermegiñ
vagty-zamany gelmedimi? Uly-kiçi her kim bilÿändir tagtyñ biziñkidigini,
mundan beÿläk tagta çykma, taraplar arasyndaky dostlugy duþmançylyga aÿlandyrma
diÿip aÿtdy. Göl Erki Han bu sözleri eþidende biraz durdy ve soñra þeÿle
diÿdi: Bu sözleri meniñ ozal a-lamagym, aÿtmagym ve ylaÿta-da seniñ bir
tikenli ot bilen birini ikä bölen güniñ tagty saña bermegim gerekdi, ÿöne
sen menden ozal iþe giriþdiñ ve dogry aÿdÿarsyñ, hak sözüñ garþysynda men
näme diÿip bilerkäm?
Ertesi gün Göl Erki Han uly bir toÿ tutdy, Tuman hanyñ atalaryndan
galan öÿleri beÿleki öÿler bilen bile gurdylar. Göl Erki Han, Gorkuty,
Oguzyñ hemme urugyny, ululary ve beÿleki adly-abraÿly adamlary yÿgnap þeÿle
diÿdi: "Otuz iki yÿldan bäri bu tagtda oturÿaryn, bu gün hak Tuman Hany-kydyr
ve oña-da öz dädesinden ÿetendir. Eger biziñ urugymyzyñ padeþah bolmak
ÿaly bir hövesimiz bolanda-dy bu ÿalñyz bir boþ höves bolardy. Padeþahlyk
tagty, bu iþ üçin uly Ta-ry tarafyndan bellenenler bilen olaryñ neslinden
gelenlere layÿkdyr. Elbetde bu urugdan gelenler hiç vagt ÿalñyþ iþ etmezler,
ÿöne men edip bilerin. Þondan çürim henize çenli, tagtda oturan 32 yÿlymyñ
dovamynda bir adamyñ menden gövni galan bolsa aÿtsyn". Ol ÿerde yÿgnananlar
bir agyzdan "biz-hemmämiz seniñ eden hemme iþleriñden razydyrys, senden
bize hiç vagt zyÿan gelmedi" diÿdiler. Soñra tagty oña tabþyrdy ve: "Þu
tagty berÿärin, ÿöne olaryñ, atalarynyñ ediþleri ÿaly edip, adalat ve hakykatdan
aÿrylmazlyk þerti bilen. Biz-de þeÿle ÿol bilen gidipdik" diÿdi. Ahyr degiþmä
salyp agtygy Gayÿ ÿavgua: Eÿ meniñ gyzymyñ ogly, ahyrso-y ma-a ÿagy boldyñ
hal, gel mübäreklik bilen tagta çyk-otyr" diÿdi. Oglan-Gayÿ þol vagt dokuz
ÿaþynda-dy ve: "meniñ bu meselede dädem bilen sözüm-ge-eþim bar, ertir
biziñ günimizdir, näme etjekligimizi bilÿäris, seniñ aÿdÿanlaryña-maslahaty-a
mätäç däldiris" diÿip jogap berdi. Toÿa gelenler, yzlaryna gaÿtmaga teÿÿarlanÿarkalar,
agþam Gayÿ Han dädesine, "Ata barka aga ÿaþ, aga barka ini ÿaþ" diÿdi ve
sen bir toÿ tut-da özüñ tagtda otyr, men sen garryÿan vagtyñ, seniñ buÿrugyñ
bilen tagta çykaryn, diÿip sözüni ÿetirdi.
Dädesi onuñ bu sözüni kabul edip begendi ve þol gijäniñ özünde dädesi
häkimiÿet baþyndaka iþläp ÿören emirleri, iþgärleri ve beÿlekileri çagyrtdy
ve yÿgnanyp gelmekleri üçin ilçiler ÿollady. Her kes gelenden soñra toÿa
baþlandy. Þeÿle bir gavy toÿ tutuldy, oña ilat haÿran galdy, ozal þeÿle
toÿ görülmändi. Bu toÿ on üç günläp dovam etdi. Ýlkinji gün Tuman Han tagta
çykdy, ÿüz gün geçenden soñra öz razyçylygy bilen tagtdan düþüp öz ogly
Tiken Bilen ÿer Biçen Gayÿ ÿavguyÿ tagta çykardy. Bu han togsan yÿllap
padeþahlyk etdi. Diÿseñ gahryman ve arassa ÿürekli ve namysly bolany üçin
ÿurdy kanunlara tabyn etdi, ÿer ÿüzüniñ her tarafyndan oña salgyt-hazyna
gelÿärdi.
Togsan yÿllap padeþahlyk edenden soñra Gayÿ ÿavguÿ Han aradan çykdy,
onuñ ogly Uladmur ÿavguÿ Hany, ÿas-matam gutarandan soñra bir toÿ tutulyp
tagta çykardylar. onuñ Gara Alp adynda özünden kiçi bir dogany bardy. Hökümdarlygynyñ
15-nji yÿlynda Oguzlara tabin ve boÿun bolan Uÿgur govumyndan Arykly Arslan
Han ÿagy bolup Oguz ÿabgular häkimiÿetine garþy gozgalañ göterdi. Uladmur
ÿavguÿ Han esger yÿgnap onuñ bilen uruþmaly boldy. Olar arasynda Talas
tövereginde söveþ baþlandy ve ol üç gije-gündiz dovam etdi. Uladmur ÿe-iþ
gazandy ve Arykly Arslan öz emirleri bilen bile þol söveþ vagtynda öldürildi.
Ozal olara berilen velaÿat gaÿtaryp alyndy gylyçdan halas bolanlar, mal-gara
ve savgatlar bilen gelip öz tagsyrlaryny boÿun aldylar. Uladmur bir yÿllap
þol ülkede galdy.
Arykly Arslan Hanyñ bir ÿaþajyk ogly bardy. Bir gün ony Uladmur ÿavguÿ
Hanyñ ÿanyna getirdiler, Uladmur oña bakyp rähmi geldi ve gözüne ÿaþ aÿlap:
haÿip, bu velaÿaty atamyz Uÿgur govumyna beripdi, eger dädesi ÿalñyþ iþ
etmändedi bu ÿaþajyk oglan þeÿle boÿny buryk-ÿetim galmazdy. Oglana Aly
(Alp) Tavgaç Han ad goÿup, þol velaÿatyñ padeþahlygyny oña berdi ve "ata-babalarymyz
hemiþe size ÿardam edip sizi goldandyrlar, inþallah men-de mundan beÿläk
þeÿle ederin, siz arassa ÿürek bilen bize boÿun bolup geziñ, ÿöne hudaÿ
saklasyn, terslik etseñiz, þeÿle edenleriñ baþyna gelenler siziñ baþy-yza-da
geler" diÿdi. Þondan soñ öz paÿtagtyna gaÿtdy. Dädesi ve erkan-i dövlet
oña toÿ tutdylar, þonda Uÿgurlardan getirilen ÿesirleri bagyþladylar ve
olary yzlaryna iberdiler. ÿurt abadan ve parahatçylyk boldy. Öz dädesi
Tiken Bilen ÿer Biçen Gayÿ ÿavguÿ aradan çykanda Uladmur ÿavguÿ Han 75
yÿllap padeþah boldy, ÿöne onuñ ogly ÿokdy, ondan soñ Gayÿ ÿavguÿ hanyñ
beÿleki ogly Gara Aly (Alp) baþa geçdi. Bu oglan, öz dädesiniñ Urçe (Orja
Han) bilen söveþi mahalynda, onuñ tarafyndan sallançakdan ogurlanyp äkidilipdi,
ÿöne ol, öz dädesi (Gayÿ ÿavguÿ Han) dirikä gaÿdyp gelip ony görüpdi. Gara
Aly (Alp) Hanyñ padeþahlygy 22 yÿllap dovam etdi.
Dr. Farzad
MARJANI, Civil Engineer, Ph.D.
Ankara - TURKEY |
|
|
|