OGUZ-TÝRE TA¥FA ADLARY

Oguzlar 24 tofara ve her tofar dürli tirelerle bölünÿärdi. Olardan 12-sine "Bozoklar" ve beÿleki 12-sine hem "Üçoklar" diÿilip ad berilÿärdi. 

Oguz Hanyñ 6 ogly, ÿagni Gün, Aÿ, yÿldyz, Gök, Dag ve Deñiz, VII. asyrdan ozal ÿeniseÿ (Kem) derÿasynyñ ileri taraflarynda ÿaþaÿardylar. Her birinden 4 ogul önüp, jemi 24 tofar bolup ÿaþan bu govmyñ baþtutany Oguz Hanyñ Mete Handygy aÿdylÿar. Bozoklaryñ alamatlary, "ÿaÿ" ve Üçoklaryñ alamatlary "Ok" bolupdyr. 
Bozoklar; Gün Han, Aÿ Han ve yÿldyz Handan gelip çykyp: 
Gayÿlar, Baÿatlar, Alkaöÿliler, Garaöÿliler, ÿazyrlar, Dodurgalar, Dögerler, ÿaparlylar, Avþarlar, Begdililer, Gyzyklar ve Garkynlardan emele gelÿärler. 
Üçoklar; Gök Han, Dag Han ve Deñiz Handan gelip çykyp: 
Gynyklar, Bayÿndyrlar, Peçenekler, Çavuldurlar, Çepniler, Salurlar, Eÿmirler, Alaÿuntlylar, Üregirler, Ýgdirler, Bügdüzler ve yÿvalardan emele gelÿärler. 
Mahmud Kaþgarly bolsa, oguz tofarlaryny þeÿle görkezÿär: 
Gynyk, Gayÿg, Bayÿndur, Ýwa (yÿwa), Salgur, Afþar, Beg-Tili, Bügdüz, Baÿat, ÿazgyr, Eÿmür, Gara-Bölük, Alka-Bölük, Ýgdir, Üregir (ÿüregir), Totyrga (Tutyrka), Ala-ÿundlug, Töker, Beçenek, Çuvaldar, Çepni ve Çaruklug. 


XIV. asyryñ baþlarynda Ýlhanlylaryñ Sarayÿnda 
ÿazylan Jemi-ät-Tevaryha esaslanan 
1-Gayÿ: XI. asyrda iñ güÿçli, agalyk ediji, adam sanlary agdyk taÿfa bolan Gayÿlar, häzirki zamanda, özbaþdak taÿfalygyny ÿitirip, urug hökmünde Gökleñleriñ ve Baÿatlaryñ hataryna goþulupdyrlar. Selçuk ÿöriþleri dövründe bu taÿfanyñ adamlaryndan, Türkiÿä, Ýrana, Iraga, Suriÿä ve Kafkaz ÿurtlaryna göçüp gidenler bolupdyr. 
Gayÿ sözüniñ manysy "Mäkäm" diÿilip berilÿär. ÿöne, Mahmud Kaþgarlynyñ "Kayÿg" þeklinde ÿazan Gayÿ adynyñ "Garyndaþlar tofary", "Gan garyndaþlardan dörän il" ÿaly manyda ÿüze çykan bolmagy ähtimal diÿip pikir beÿan eden alymlar-da bar. (S.Ataniÿazogly, Þejere-1994). 

2-Baÿat: Mahmud Kaþgarly (XI.asyr), Reþideddin (XIV. asyr), ÿazyjyogly (XV.asyr), Salarbaba Gulalyogly (XVI. asyr), Abylgazy Bahadyr (XVII. asyr) ve beÿlekiler, Baÿ, Bayÿndyr ve Baÿat sözleriniñ Baÿ-Baÿlyk sözlerinden gelip çykandyklarynda birleþÿärler. ÿöne, olaryñ, "tofarlar", "Jemende", "üÿþmek", "tire" manysyndaki Bag diÿen jyns adyndan emele gelenliginiñ ähtimaldygyny öñe sürÿänler-de bar. Ol türk dilinde köne-gadymy manylarda ulanylÿar. 

3-Alka-Öÿli: Mahmud Kaþgarlynyñ, Alka-bölük, Reþideddiniñ Alkar-öÿli, ÿazyjyogly hem Salarbabanyñ, Alka-öÿli görnüþinde ÿazan bu adyñ gelip çykyþy hem manysy barada anyk bir zat aÿdyp bolmaÿar. Abylgazy, onuñ, "muvafyk", "Layÿk", "ÿakymly" manylardadygyny öñe sürÿär, Salarbaba hem ony "Baÿ", "Bagytly" manylarynda berÿär. Türkmen ethnologist-alymy Ata Çykyogly bolsa bu adyñ "Alabörükli" manydadygyny öñe sürÿär ve onuñ, Kaþgarlynyñ, "Alkabölük" görnüþinde beren þekliniñ fonetik üÿtgeþmä sezavar bolanlygyny aÿdÿar. 

4-Gara-Öÿli: Mahmud Kaþgarlynyñ gara-bölük diÿip görkezen bu sözüñ manysy garaöÿli, garaöÿde oturan diÿip fikir öñe sürÿän alymlar bar. ÿöne garagalpak alymy hem ÿazyjysy D.Aÿtmuradogly, bu sözüñ gara saçly manysyny berÿänligini aÿdÿar. onuñ fikiriçe "Üÿ" sözi gadymy türki dillerde "ÿü-", "tü-" ÿagniÊ"saç" manysynda hem ulanylypdyr ve garaüÿ (garaöÿ) sözüniñ-de garasaç (garagulfak) manysynda ulanylmagy dogrydyr. 

5-ÿazyr: Mahmud Kaþgarlynyñ ÿazgyr diÿip görkezen bu sözüñ asyl manysy ve gelip çykyþy barada alymlar dürli fikirler öñe sürÿärler. Olaryñ hemmesi adyñ asyl köküni, ÿazmak-sermek (ÿe-mek-basyp almak) manysyndaki söz bilen baglanyþdyrÿarlar. ÿazyr-ÿazar: boÿun egdirer. Alym S.G.Agajanogly bu ady "ÿazy ar" ÿagni ÿazyda-sährada ÿaþaÿan il manyda diÿip düþündirÿär. 

6-Döger: Mahmud Kaþgarlynyñ Töker diÿip görkezen bu adyñ gelip çykyþy hem manysy barada anyk maglumat berilmeÿär, ÿöne olaryñ, oguzlaryñ yslamiÿetden ozalky taryhlarynda möhüm orna eÿe bolandyklary ve bu maþgaladan bolan Artyk beg hem onuñ ogullarynyñ, XI. ve XII. asyrlarda türkmenleriñ arasynda uly ad-abraÿa eÿe bolup arassa maþgaladandyklary görkezilÿär. Taryhy çeþmelerde (beÿlekiler ÿaly), Dögerlerden-de XIV. asyryñ ikinji ÿarymyndan beÿläk söz gozgalÿar. Bu sözüñ manysyny Reþideddin: yÿgnanmak üçin, ÿazyjyogly bolsa: maslahat üçin bir ÿere gelenler (yÿgnananlar) diÿip berÿär. 

7-Dodurga: Mahmud Kaþgarlynyñ Totyrka diÿip görkezen bu adyñ manysynyñ "mülk tutup, ÿasamyþ kylmak ÿagni ÿurt alyp, ony saklamany baþarmak" þeklinde berilenligini aÿtmak bolÿar. Bu ÿerde getirilen ÿasamyþ kylmak sözüniñ, ÿasavul (garavul) bilen goryp saklamak manysyndadygyny aÿtsak öte geçdigimiz bolmasa gerek. Bu söz, gökleñleriñ iki uly bölüminiñ biriniñ adyñda. 

8-¥aparly: Mahmud Kaþgarly, oguz taÿfalaryny sanan vagty, bu taÿfany agzamandyr, ÿöne ol, 1072-74-nji yÿllarda arap dilinde ÿazyp galdyran meþhur Divane Lugat ät Türk adly eserinde ÿabagu diÿen gadymy türkmen taÿfasynyñ adyny tutÿar. 
ÿap, ÿab sözi, gadymy türki söz bolup ol ÿapmak (çörek ÿapmak, ÿorgan ÿapmak) ÿapyþmak, ÿabþyrmak ÿaly sözlerde häzire çenli ulanylyp gelinÿär. Ýrki eÿÿamda ol, ÿapyþmak, birleþmek, toplanmak, jemlenmek ÿaly manylary a-ladypdyr. ÿaparly-ÿapyrly sözi-de birleþen halk, üstün gelen halk diÿmekdir. 

9-Afþar (Ovþar): Bu söziñ manysy çalasym-çevik (çakgan) þeklinde görkezilÿär (o-a ava, haÿvanlara, guþa hövesli manysy-da berilÿär). ÿöne bu adyñ og (ov) sözi bilen "þ" hem "ar" goþulmalaryndan emele gelenligini, "og"-yn taÿfa-il diÿen manydadygyny "þ" hem "ar"yñ jemi-köplügi bildirÿän gadymy türk goþulmalardygyny öñe sürÿän alymlar-da bar. Ovþar sözüniñ, aslynda "ov" ve "uþ" bolanlygy, bir-birleri bilen sepleþenlerinden soñra oña "ar" goþulmasynyñ goþulanlygy ve þeÿdip onuñ ov-uþ-ar (ovþar) bolanlygy ve vagtyñ geçmegi bilen-de "Ovþar" þeklini alanlygy fikirini aÿdÿanlar-da bar. 

10-Gyzyk: Mahmud Kaþgarlynyñ, agzaman geçen bu oguz taÿfa adynyñ, manysy böke-pälvan-gahryman bolup, onuñ, oguz sözüniñ "guz" bölegine "yk" köplük koþulmasy goþulyp emele getirilenligini öñe sürÿän alymlar bar. 

11-Begdili-Bekdili: Bekdili, gökleñleriñ arasynda bir tire adydyr. M.Kaþgarly ony beg-tili þeklinde ÿazypdyr. Selçuklaryñ ÿöriþi dövründe bekdilileriñ köpüsi, Ýran, Türkiÿe, Kafkaz, Irak ve Suriÿe ÿaly ÿurtlara göçüpdirler. Sözüñ manysynyñ hormatly, mylayÿm dilli, sözi hormatly-dövletlidigi barada alymlar fikir öñe sürseler, merhum alym Ahmed Bekmyradogly onuñ manysynyñ diline bek-syr saklaÿandygyny aÿdÿar. 
Bekdili "begler urugyna bagly il" diÿen manyda ÿüze çykan bolsa gerek diÿip alym S.Ataniÿazoglu fikir beÿan edÿär. 

12-Garkyn: Bu sözüñ, garmak ve guramak (seplemek) iþliklerinden emele gelenligi, garylan-gatylan dürli tirelerden emele gelen ÿaly manylar berÿänligi aÿdylÿar. adyñ manysy bolsa, näz-nygmatly, aþly-çörekli diÿilip düþündirilÿär. Selçuklar hereketi vagtynda garkynlaryñ, Iraga, Türkiÿä, Suriÿä, Kafkaza (Azerbaÿjana, Ermenistana ve Gürjistana) ve Kyryma aralaþandyklary bildirilÿär. Türkmen halk rovaÿatlarynda garkyn, ärsarynyñ dayÿsy hesaplanÿar. 

13-Bayÿndyr: M.Kaþgarlynyñ Baÿundur, diÿip görkezen bu oguz taÿfasynyñ, (gökleñleriñ ve çandyrlaryñ hatarynda bayÿndyr diÿen urug-tireleriñ, bardygyna garamazdan) uly böleginiñ selçuklar bilen bile Türkiÿä, Iraga, Suriÿä, Kafkaza gidendikleri aÿdylÿar. Akademik V.V.Barthold, orus senenamalarynda kän agzalÿan herendeÿ diÿen türk taÿfasynyñ adynyñ bayÿndyrlaryñ adynyñ üÿtgän görnüþi hesaplaÿar. 
XIV-XV. asyrlarda Dejle derÿasynyñ ÿokary akymynda kuvvatly akgoÿunlylar dövletini guran ve uzyn Hasan ÿaly meþhur padeþahlary ve güÿçli serkerdeleri bolan bu taÿfa adynyñ, hemiþe baÿ ve näz nygmatlydygyny-da ÿatlamak gerek. 

14-Beçene-Peçeneg: M.Kaþgarlynyñ Beçenek, Reþideddiniñ Beçene ve ÿazyjyoglynyñ Biçene diÿip görkezen bu oguz taÿfasy, orta asyr rus hem gündogar Avrupa ÿurtlarynyñ taryhynda öçmejek yz galdyrandyr. Peçenegler öz adlaryny, VI-VII. asyrda beÿik türk kaganlygyny emele getiren türk taÿfalardan (Gök Türklerden) alyp gaÿdÿar. Þol dövürde Issykgöl ve Balkaþ etraflarynda ÿaþan bu peçeneglere Onoklar ÿa-da Türkeþler hem diÿilipdir IX. asyryñ birinji ÿarymynda Peçenegleriñ uly bölegi Emba, Ural, Volga ve Don etraflarynda ÿöriþ geçirÿärler. Olaryñ 968-nji yÿlda Ukrainanyñ paÿtagty Kievi-de gabandyklary ÿazylÿar. Olaryñ bir bölegi Bolgaristana ve Majaristana-da göçüp gidÿär. Orta asyr alymlarynyñ hemmesi, Peçenegleri türkmen diÿip belleÿärler. Sözüñ manysy iþeñ-ir, hijuv bilen iþ ediji, diÿip görkezilÿär. 

15-Çavuldur: M.Kaþgarlynyñ, Çuvaldur (Çuvaldar) diÿip görkezen bu oguz taÿfasy, Reþideddin tarafyndan Çavuldur, ÿazyjyogly tarafyndan bolsa Çavyndyr þeklinde görkezilÿär. 
Çimkent gazaklarynyñ hatarynda Þauldyr diÿen urugyñ bolmagy, Çavuldurlaryñ (Çavdurlaryñ) XI. asyra çenli bu ÿerlerde ÿaþandyklaryny görkezÿär. Olaryñ uly bir bölegi (Bozajylar) Ma-gyþlaga gelip, häzirki Bozajy ÿarym adasyna ÿerleþÿärler. ÿene bir bölegi-de XVI.-XVII. asyrlarda türkmenleriñ Abdallar ve Söÿünhanlylary bilen bile Astrahan hem Stavropol etraflaryna gelÿärler, ÿene bir bölegi-de Daþhovuz taraflaryna baryp ÿerleþÿär. Alymlar, Çovdur sözüniñ manysyny, namysly, þöhratly, gaÿratly, ÿogyn sesli diÿip berÿärler. 

16-Çepni: Alymlaryñ "bölejik il", "tofar", "kiçi taÿfa" þeklinde düþündiriþ berendiklerine garamazdan bu sözüñ manysynyñ, batyr-bahadyr, gahryman ve söveþje-digini öñe sürÿänler bar. Çepnileriñ bir böleginiñ, Selçuklaryñ hereketi dövründe Ýrana, Türkiÿä, Kafkaza ve Iraga göçüp gidendikleri aÿdylÿar. Gökleñleriñ hatarynda Çepni tiresine duþ gelinÿär. 

17-Salur-Salyr: M.Kaþgarlynyñ Salgur þeklinde ÿatlan bu oguz taÿfasynyñ adyny Reþideddin hem ÿazyjyogly Salur þeklinde berÿär. Olaryñ tagmasy gazyñ aÿagyna me-zeþ bolany üçin, geçmiþde olara gazaÿaklylar-da diÿilipdir. Sözüñ manysy gylyçly, naÿzaly diÿmekdir. Olaryñ bir bölegi, 1263-nji yÿlda Kyryma göçÿär ve ol ÿerdäki Salgyr derÿasynyñ adynyñ-da bu taÿfanyñ adyndan gelip çykan bolmagy ähtimal. Gökleñlerde Salar ve Stavropol türkmenleriniñ arasynda-da Salargazan tireleri bar. Salyr sözüniñ, il içinde Salar þeklinde ulanylÿanlygyny-da ÿatlap geçmek gerek. 

18-Eÿmir: Beÿleki alymlaryñ tersine Abulgazy ony Ýmir görnüþinde beripdir. M.Kaþgarlynyñ, Reþideddiniñ hem ÿazyjyoglynyñ Eÿmür þeklinde görkezen Eÿmir sözüniñ manysynyñ örän gavy, baÿ, baÿlaryñ bayÿ þeklindedigi aÿdylÿar. Bu sözüñ þanly-þerefli manydadygyny ve Ýgdir sözi bilen-de asyldaþ bolmagynyñ mümkinligini öñe sürÿänlar bar. 

19-Alaÿuntly: M.Kaþgarly ony Ala-ÿundlug, Reþideddin Ala-ÿuntli ve ÿazyjyogly Alaÿundlu þeklinde görkezipdir. 
Türkmen tire-taÿfalarynyñ arasynda þeÿle bir taÿfa ady düþ gelmeÿär. ÿöne, ÿunt sözüniñ baÿtal manysyndadygyny bellemek gerek. Alaÿuntly sözünüñ manysyny-da, ala atly (ala baÿtally) diÿip bermek mümkin. Garagalpak alymy Daulen Aÿtmuradogly bolsa bu söziñ aslyny Alaÿunlog-Alaÿü-lek sözlerinden agtarÿar ve onuñ "Ala Çokully"-"Ala Saçly" diÿen manysynyñ bolanlygy fikrini öñe sürÿär. 

20-Üregir: Sözüñ manysy eÿgilik ve ihsan ediji bolup, onuñ urug-taÿfa manylaryny a-ladÿanlygyny öñe sürÿän alymlar-da bar. Ähli oguz taÿfalarynyñ tertibi barada alymlar arasynda agzalaçylyk bolþy ÿaly, bu taÿfanyñ tertibinde-de alymlar bir çukura tüÿkürip bilmeÿärler. Ýne meselem M.Kaþgarly ony, 15-nji, galan orta asyr alymlary 20-nji edip görkezÿärler. 

21-Ýgdir: Reþideddin bu sözi ÿigdir þeklinde berÿär. Sözüñ manysyny alymlaryñ käbirleri gavy, arassa ganly, halys þeklinde berseler, käbirleri beÿiklik-ÿigitlik manysynda berÿärler. Olaryñ bir bölegi, XI. asyr Selçuk hereketleri vagtynda Ýrana, Türkiÿä ve Azerbaÿjana göçüp gidipdirler. Ma-gyþlakda galan Ýgdirleriñ bir bölegi-de, Stavropol ülkesine ve Astrahan velaÿatyna gidipdir (XVII-XVIII asyr). Olaryñ galan böleginiñ-de çavdurlara goþulandyklary görkezilÿär. 

22-Bügdüz: Bu sözüñ manysy Hyzmatkär diÿip berilÿär. Bügdizler (Bükdüz) türkmenleriñ uly yz galdyran taÿfalarynyñ birisidir. Olaryñ, Selçuk hereketi vagtynda, özlerini Türkiÿe, Irak ve Suriÿe ÿaly ÿurtlara atan bolmaklary ähtimaldyr. onuñ tekeleriñ hem salyrlaryñ, Bükri diÿen uruglary bilen asyldaþ bolmagy mümkin. 

23-yÿva-yÿva: Sözüñ manasy, derejesi hemmesinden üstün, mertebesi uly þeklinde berilÿär. 
Garagalpak alymy D.Aÿtmuradogly Iva taÿfasynyñ gadymy Avarlardan gaÿdÿandygyny, onuñ, adynyñ hem Avar sözüniñ goþulmasyz AVA görnüþidigini öñe sürÿär. VII-VIII. asyr Orhon ÿazuv ÿadigärliklerinde ve häzirki dövür Astrahan ve Stavropol türkmenleriniñ kepleþiginde, Uva, ÿia sözleri bar ve olar hövürtge, maþgala, urug ÿaly manylary a-ladÿar. Iva sözüniñ-de ine þu agzalan sözlerden döran bolmagy mümkin diÿip alym S.Ataniÿazogly belleÿär. onuñ fikiriçe häzirki zamanda Buhara velaÿatynyñ Alat mähellesinde Iva türkmenleri, taÿfalygyny saklap gelÿärler. 

24-Gynyk-Kynyk: M.Kaþgarly bu taÿfanyñ adyny, birinji orunda getirÿär ve öz dövrüniñ soltanlarynyñ (Garahanly þahlarynyñ) þu taÿfadan gelip çykandyklaryny öñe sürÿär. M.Kaþgarlynyñ özüniñ-de þu taÿfa degiþildigini ÿatlamak gerek. Selçuklaryñ hereketi dövründe gynyklaryñ Türkiÿä, Iraga, Suriÿä ve Kafkaza göçüp giden bolmaklary ähtimal. Häzirki zamanda Orta Asiÿada dürli ÿerlerde gynyk adynyñ dakylanlygyny görmek bolÿar. Sözüñ manysy "her ÿerde bolsa-da ezizdir" þeklinde getirilÿär. Ol, tutanÿerli, okgunly, güÿçli manylarda-da ulanylypdyr. 
 

Dr. Farzad MARJANI, Civil Engineer, Ph.D.
Ankara - TURKEY
TEL      : +90 - 312 280 82 16
FAX     : +90 - 312 280 67 20
EMAIL : farzad@turkmens.com