AJI, AJIBEG, AÇ, AÇBEG 

¥omutlaryñ Kelte taÿfasynda Aç, Gökleñlerde Ajybeg, Teke ve Ärsarylarda-da Aç, Ärsarylaryñ Ulydefe bölüminde Ajy ve Samarkantdaky Hydyrililerde-de Açbeg ÿaly tire adlary duþ gelÿär. 

¥okarda, agzalan adlaryñ hemmesiniñ Hajy sözüniñ gysgalan görnüþidigi barada fikirler öñe sürilÿär. Stavropol türkmenleriniñ Hajy ÿerine a:jy diÿip aÿdÿandyklaryñda þol fikiri tassyklaÿar. 

Ajy sözi ilkinji gezek Russiÿanyñ padeþahy Mihail Fÿodorovyñ baryp 1641-nji yÿlyñ 31-nji Mayÿnda Hyva hany Ýsfendiÿara ÿazan hatynda agzalÿar. Þol hatda: Türkmenleriñ ajy urugyndan bolan täjirleriñ baÿ kerveniniñ Moskva þäherine gelenligi aÿdylÿar. Þol ajy urugyndan bolan türkmen täjirleriñ Balkan ve Ma-gyþlak tövereklerinde ÿaþaÿan ÿomut türkmenlerden bolan baÿ (Hajy) sövdegärlerdiklerini aÿtmak bolar. 

Aç ve Ajy sözleriniñ, tanyþ, dost-ÿar manyda bolan Aþyna (Aþna) sözünden gelip çykan bolmagy-da ähtimaldyr. 
 

Ozal baþda bu dünÿäge gelemde 
  Bir ata aþygam, bir-de gözele, 
Jäht ediban dünÿä nazar salamda 
  Bir ata aþygam, bir-de gözele, 
Daþarda bir bedev kövlenip dursa 
  Ak öÿde bir gelin tovlanyp dursa, 
Allahym ikisin bir ÿerde berse 
  Bir ata aþygam, bir-de gözele, 
Saçlary serinden düþer ÿüzüne 
  Söveþ güni gan tutular gözüne, 
Dünÿä maly hiç taÿ gelmez özüne 
  Bir ata aþygam, bir-de gözele, 
Dövletÿar beg diÿer, gördüm ertäni 
  Hak ÿagþy ÿaratdy dövlet bersäni, 
Söÿmüþem dünÿäde iki närsäni 
  Bir ata aþygam, bir-de gözele, 
Magrufi 

 
 

Dr. Farzad MARJANI, Civil Engineer, Ph.D.
Ankara - TURKEY
TEL      : +90 - 312 280 82 16
FAX     : +90 - 312 280 67 20
EMAIL : farzad@turkmens.com