| AGAÇ ÄRÝ
Türkmen halkynyñ orta asyrlarda dörän taÿfalarynyñ biri-de Agaç Äri
taÿfasydyr. Bu ad, görnükli Ýran taryhçysy (1298-1317-nji yÿllar aralygynda
Ýrandaky Mogol ilhanlaryndan Gazan hanyñ ve Oljaÿto hanyñ baþ veziri bolup
iþlän) Reþideddiniñ (1247-1318) üç jiltden ybarat bolan ve "Jami-ät Tavaryh"
ady bilen meþhurlyk gazanan kitabynda ilkinji gezek duþ gelÿär. Reþideddin
öz þol kitabynda þeÿle ÿazÿar: "Gadym dövürlerde Agaç Äri diÿen ad ÿokdy.
Oguz taÿfalary bu ülkelere aralaþandan soñ, þol taÿfalaryñ biriniñ Tokaÿlyk
(Jeññellik) ÿerde ÿerleþendigi üçin, oña Agaç Äri (Tokaÿ-Jeñ-el adamy)
diÿip ad berilipdir. Mogollarda-da tokaÿda (jeñ-elde) ÿurt tutunan adamlara
Hoÿin-irgÿon ÿagni Tokaÿ Taÿfasy diÿilÿär" (eseriñ 1-nji jildi. sah.85).
Taryhçy Reþideddiniñ eserinde, bu türkmen taÿfasynyñ nirede emele
gelendigi görkezilmeÿär. Häzirki dövürde, Orta Asiÿada ve dünÿäniñ dürli
künjeklerinde ÿaþaÿan türkmenleriñ arasynda-da, þeÿle taÿfañ adyna duþ
gelinmeÿär.
Türk alymy Ýbrahim Kafesoglu, öz bir eserinde, Geçmiþdäki türki halklaryñ
arasynda Kumeri (Türkler Guma, Kum ve äre-de er diÿÿärler) ÿagni gum äri
diÿen taÿfanyñ bolandygyny ÿazÿar. Alymyñ þu sözüne esaslanyp, geçmiþde
Selçuklaryñ günbatara ÿöriþleri mahalynda Oguz-Türkmen taÿfalarynyñ biriniñ
Gumda, beÿlekisiniñ-de Tokaÿda (Jeñ-elde) ÿerleþendigi üçin, olara þeÿle
ad berilendir diÿmek mümkin.
Dr. Farzad
MARJANI, Civil Engineer, Ph.D.
Ankara - TURKEY |
|
|
|