AGAR
Orta asyr türkmen taÿfalarynyñ birine Agarlar diÿilÿär. Olaryñ köp
böleginiñ Ýrana, Türkiÿä ve beÿleki ÿurtlara göçüp gidenligi zerarly Agarlaryñ,
özbaþdak taÿfalygyny ÿitirip, dürli türkmen taÿfalarynyñ içine si-ip gidenligi
aÿdylÿar. Häzirki vagtda olara, urug ÿa-da tire hökmünde Baÿat, ÿomut ve
Teke taÿfalarynyñ hatarynda duþ gelmek bolÿar.
Türkmenistanyñ dürli velaÿatlarynda Agar adynda obalara ve guÿulara
duþ gelmek mümkin ve hatda Gyzylarbat þäheriniñ golayÿnda Agarybyk diÿen
gadymy mazarlyk bar.
Rus alymy A.V. Superanskaÿa, Kyrymda Agarmyþ diÿen ÿeriñ bardygyny
ve onuñ adynyñ, þu ÿerde ÿaþaÿan türkmenleriñ (Salyrlaryñ) Agar diÿen urugynyñ
ady bilen baglanyþyklydygyny öñe sürÿär.
Türkmen þairi Mollanefes, Agarlaryñ adyny, adly-abraÿly türkmen tireleri
bilen bir hatarda goÿÿar:
Ýlbaþy gaÿu-baÿat, ymykly, agar, arabaçy,
Nerezimde bir seniñ dek ÿa-ha bolgaÿ, bolmagaÿ.
Türkmen taryhçysy S.Agajanov, Agarlaryñ, Okly, Gökli, Soltanly diÿen
Oguz-Türkmen taÿfalary bilen birlikde, XI. asyrda Syrderÿa boÿlaryndan
Balkan tövereklerine göçüp gelendigini öñe sürÿär.
Agar ady, ilkinji ÿola, Hyvanyñ hany ve görnükli taryhçy Abylgazy
Bahadyr hanyñ (1603-1664) Þejere-ÿi Terakeme adly kitabynda duþ gelÿär.
Agar sözüniñ manysy bolsa:
1.-V.V.Radlov : Agar sözi Türki taÿfanyñ ady, Akar (agÿar)
sözi keseki manydadyr.
2.-A.Bahadyr : Agarlar, Balkan türkmenlerine baþga ÿerden goþulandyr.
3.-Agar sözi, Agarak (ulyrak, ö-baþçyÖ) sözi bilen asyldaþ bolmagy
mümkin.
4.-Ag, ak manyda ve ar-da köplügi görkezÿän goþulma ve ol Ak-ar:
Agar.
ÿöne bu pikirleriñ haÿsy biriniñ dogrydygy barada anyk bir zat aÿdyp
bolmaÿar.
Dr. Farzad
MARJANI, Civil Engineer, Ph.D.
Ankara - TURKEY |
|
|
|