AKMAN, GARAMAN 

Görnükli türkmen taryhçysy S.G.Agajanovyñ barlaglaryndan mälim bolþuna görä Akman ve Garaman diÿen irki türkmen taÿfalary, Hoja Ahmed ÿaseviniñ (1105-1166) dövründe häzirki Gazagystanyñ Çimkent velaÿatynyñ Türkistan þäheriniñ tövereklerinde ÿaþapdyr. Olaryñ taÿfabaþlary, rovaÿata görä, Abdal serkerdeleri Akman ve Garaman bolupdyr, þondan çürim Akmanyñ iline Akmanlar ve Garamany-ka-da Garamanlar diÿlipdir. Hytaÿ türkmenleriniñ dinini hem taryhyny övrenen Moskvaly akademik E.R.Teniþeviñ ÿazmagyna görä, Samarkantdaky Nurata türkmenleriniñ (Salyrlaryñ) bir bölegi, 1370-nji yÿlda Hytaÿa göçüp, Paÿtagt Pekinden 50 Km. uzaklykdaky Sinhua velaÿatynda ÿerleþÿär, olara Salarlar diÿilÿär, olar Akman bilen Garamany özleriniñ taÿfabaþylary hasaplaÿarlar. 

Akmanlara, Türkmenistanda duþ gelinmeÿär, olar Türkistan þäheriniñ etegindäki Þaþtöbe velaÿatynda, Buhara velaÿatynyñ Garaköl ve Alat þäherlerinde ÿaþaÿan Salyrlaryñ hatarynda saklanyp galypdyr. 

Garamanlar, Hytaÿdan baþlap, Gündogar Avropa ÿurtlaryna çenli ÿaÿrapdyrlar. Olara, Orta Asiÿada, Hytaÿda, Makedoniÿada, Bolgaristanda, Türkiÿede, Irakda, Suriÿede ve Kavkazda duþ gelmek bolÿar. Garaman diÿen türkmen taÿfasy Kyrymda-da ÿaþapdyr. 
Bu taÿfanyñ vekilleri, Saltykbabanyñ ÿolbaþçylygynda 1263-1264-nji yÿllarda Erzurumdan Kyryma göçüp gelipdirler. Kyrymda Garaman diÿen ÿer adynyñ ve Türkiÿede Garaman diÿen bir hili goÿunlaryñ bardygy aÿdylÿar. Türkmenistanda Salyrlaryñ uly üç bölüminiñ adlary bolsa: Kiçiaga, ÿalavaç ve Garamandyr. 

Abylgazy hanyñ "Þejere-ÿi Terakeme" adly eserinde, Syrderÿa boÿlarynda ÿaþan türkmenler, X-XI. asyrlarda Garaman begiñ ÿolbaþçylygynda uly il bolup Ma-gyþlaga göçüpdir diÿilÿär. Diÿmek serkerdeleriñ ady, taÿfa ady bolup galyberipdir, diÿseñ boljak. 

Ak, gündogary, Gara bolsa günbatary a-ladÿar ve Manyñ-da, Mañ sözünden (4-5 ÿaþly goÿun) gelip çykan bolmagy ähtimal diÿen fikir öñe sürÿän alymlar-da bar. 
 
 

Dr. Farzad MARJANI, Civil Engineer, Ph.D.
Ankara - TURKEY
TEL      : +90 - 312 280 82 16
FAX     : +90 - 312 280 67 20
EMAIL : farzad@turkmens.com