ALAM, ALAN, AS, OLAM 

Türkmen taÿfalarynyñ biri bolan Alamlaryñ vekilleri Türkmenistanyñ dürli künjeklerinde, Samarkandyñ Türkmengüzer mähellesinde, Surhanderÿa velaÿatynyñ Termez þäheriniñ Kepderhana obasynda, Täjigistanyñ Jylyköl þäherinde ve Ovganistanda ÿaþaÿarlar. Türkmenleriñ ÿemreli taÿfasynyñ Dagly urugynyñ hatarynda-da Olam diÿen tire duþ gelÿär. 

Salyrlaryñ Garaman ve ÿomutlaryñ Garaçuka bölümlerinde Alam, Kaþgaderÿa velaÿatynyñ Baharistan þäherinde ÿaþaÿan Pamyk türkmenlerinde Alan diÿen tire bar. Bu agzalan adlaryñ hemmesiniñ asly-köki bir sözdendir.

Türki halklaryñ köküni yzarlaÿan alymlaryñ aglabasy, häzirki Olam taÿfasyny ve Olam tiresini gadymy Alan diÿen halk bilen baglanyþdyrÿar. Alanlar IX. asyra çenli gaÿraky Kavkazda ve IX.-X. asyrlarda-da olaryñ bir bölegi Horezm dövletiniñ Sarygamyþ gölüniñ tövereklerinde oturypdyrlar. 

Alanlar, I.asyrda Azov deñizinden tä Arala çenli giñ sähra ÿaÿrap Türkmenistanda (Orta Asiÿada) ÿaþaÿan halklaryñ hataryna garyþan halk bolupdyr. Akademik A.A.Roslÿakov, Alanlaryñ mundan 2000 yÿl ozal Türkmenistana gelendiklerini, türkmen halkynyñ arasyndaky süÿri kelleligiñ (dolikosefal), gyzyl re-kli geÿim-gejimleriñ, atyñ käbir þaÿ-sepleriniñ türkmenlere, Alanlardan geçenligini belleÿär. Moskvaly alym G.P. Vasilÿeva Olam taÿfasynyñ ve Salyrlaryñ Alam urugynyñ hut Horasan ÿa-da Sarygamyþ Alanlarynyñ nebereleridigini, olaryñ Abu Reÿhan äl-Biruni (973-1050) dövründe beÿleki türkmen taÿfa-tireleri bilen goþulyþandygyny ÿazÿar. Alymyñ fikiriçe olar, X-XI. asyrlarda Horezmlileriñ ve Peçenekleriñ gatyþyk dilinde kepläpdirler. Diÿmek Alanlar, azyndan 1000 yÿl mundan ozal türkmen taÿfa-tireleri bilen gatyþyp olaryñ arasyna si-ipdir, ÿöne öz gadymy Alan diÿen adyny Alam ve Olam görnüþinde þu güne çenli saklapdyr. Geçmiþde Alanlara, As ÿa da ÿas adynyñ-da berilenligini ÿatlap geçmegimiz gerek. Bu gadymy taÿfanyñ Osetin halkynyñ döremeginde aÿgytly rol oÿnanlygy-da alymlaryñ eserlerinde getirilÿär. Alanlaryñ As diÿen ady Os görnüþinde, Osetin halkynyñ adynda þu vagta çenli saklanypdyr, eti-etin bölegi-de "ÿurt" manysyny berÿär (gürji dilinde). 

Diÿmek Olam, Alam, Alan ve As diÿen tire-taÿfa adlary gadymy Alanlaryñ adyna syrygyp, olar, türkmeniñ irki tire-taÿfalaryndandyrlar. 
 
 

Dr. Farzad MARJANI, Civil Engineer, Ph.D.
Ankara - TURKEY
TEL      : +90 - 312 280 82 16
FAX     : +90 - 312 280 67 20
EMAIL : farzad@turkmens.com