ALÝLÝ 

Alili diÿen türkmen taÿfasynyñ vekilleri, häzirki vagtda köpçülikleÿin Türkmenistanyñ Kaka þäheriniñ Onbegi ve ÿüzbaþy diÿen obalarynda, Daþhavuz velaÿatynyñ yÿlanly ve Alilioÿ taraflarynda, Çärjev velaÿatynyñ Dänev, Farab ve Buhara velaÿatynyñ (Özbegistanda) Peþkuh þäherinde, Ovganistanyñ-da Andhoÿ ve Mazaryþerif velaÿatlarynda ÿaþaÿarlar. 

Türkmeniñ ajayÿp bagþysy Magtymguly Garly (Çuval bagþy)-da þu Alili taÿfasyndandyr. Ol hemiþe Sapar gyjakçy bilen bile gezip, öz ilini aÿdym saza doÿurupdy: 
 

  Kyrk yÿl bäri toÿ görsem-de gaty kän 
   Toÿ görmedim þeÿle täsin ullakan, 
  Gözüñ aÿdyñ, size guvanÿar ülkäm 
   Çuval bagþy bilen Sapar gyjakçy, 
  Biri dutar biri gyjak saÿradan 
   Aÿdym bilen gam daþyny avradan, 
  Nä hiliräk toÿ tutmaly övreden 
   Çuval bagþy bilen Sapar gyjakçy. 
Alili adynyñ döreÿþi barada Hyva hany Abylgazy Bahadyr (XVII.asyr), þeÿle ÿazÿar: XIV. asyryñ ortalarynda gadymy Uzboÿuñ orta akymynda Ärsary bayÿñ raÿatynda Hydyr Jora, Aly Jora ve Ýgbek diÿen üç sany baÿ doganlar ÿaþapdyr. Garyp düþen türkmenler ve özbekler Hydyr Jora bilen Aly Jora ÿüz tutup olaryñ raÿatlygyny kabul edipdirler. Hydyr Joranyñ raÿatyndaky ile Hydyrili ve Aly Joranyñ raÿatyndaky ile-de Alili diÿip ad berlipdir. Alililer þol dövürde Uzboÿuñ iki kenarynda Aktam ve Garrygeçit aralygynda ÿaþapdyrlar. Orta Uzboÿda ÿaþan Alilileriñ, Daþhavuz, Çärçev ve Buhara tövereklerine näjüre düþendikleri barada-da þeÿle diÿilÿär: 1578-nji yÿlda Ü-züñ (Uzboÿu-) suvy kesilÿär ve Alilileriñ uly bölegi Ahala gelÿär, bir bölegi-de Däneviñ Kölaryk diÿen ÿerinde ornaþÿar. ÿöne Buhara emiriniñ, Dänevli Alilileriñ bir bölegini Buhara göçüren bolmagy ähtimaldyr. 
 
  Türkmenler baglasa bir ÿere bili 
   Gurudar Golzumy derÿayÿ Nili, 
  Teke, ÿomut, gökleñ, ÿazyr, alili 
   Bir dövlete gulluk etsek bäþimiz. 
      Magtymguly 

 
 

Dr. Farzad MARJANI, Civil Engineer, Ph.D.
Ankara - TURKEY
TEL      : +90 - 312 280 82 16
FAX     : +90 - 312 280 67 20
EMAIL : farzad@turkmens.com