| ALVAN, ALPAN, ALBAN
Tekeleriñ Utamyþ bölüminde Alvan diÿen tire bar. Sakarlaryñ Hojaÿinebeg
bölüminde-de Alpan diÿen urug bar. Alpan, Alpantapçy diÿen obalaryñ ve
Alpanaryk diÿen ÿaplaryñ bardygy, bu adlaryñ hemmesiniñ bir kökden gelip
çykÿanlygyny görkezÿär.
Alvan ve Alpan diÿen türkmen tireleri, öz aslyny Alban diÿen gadymy
türki taÿfalaryñ adyndan alyp gelÿär. V-VII. asyrlarda Albanlar, Suvan
diÿen türki taÿfa bilen birlikde Jetisuvda (Semireçÿede) ÿaþapdyrlar ve
Dulatlar diÿen taÿfalar birleþigine giripdirler. Beÿik Türk Kaganlygy
dargandan soñra bu birleþigi emele getiren taÿfalar (þol sanda Albanlar)
her tarafa ÿaÿrap häzirki gazak, garagalfak, gyrgyz, türkmen, özbek halklarynyñ
arasyna si-ip gidipdirler. ÿöne Albanlar öz gadymy adyny saklapdyrlar.
Alban, Alvan ve Alpan diÿen sözleriñ bir kökden bolup olaryñ ilkinji
görnüþi (Alp), (-an) (Alp ÿagny batyr, mergen, an bolsa köplügi bildirÿär)
bolsa gerek. ÿöne Albaniÿadaky albanlaryñ dili türki däl ol, Hindi-ÿevrupa
diller tofaryndadyr. Kavkaz albanlarynyñ dili-de türki däl, ÿöne bu albanlar
baryp miladi yÿlyñ baþlanan dövürlerinde türki taÿfalar bilen ÿakyn gatnaþykda
bolupdyrlar. Þol vagtlar Kavkaz Albaniÿasynyñ gaÿra tarafynda türki halklar
ÿaþan bolsa, IV-V. asyrlarda bu ÿerlere hazarlar, suvarlar, hunlar, basmiller
ÿaly köp türki taÿfalar aralaþyp bu albanlaryñ diline uly täsir ÿetiripdirler.
Þu zatlardan çen tutsañ Kavkaz albanlarynyñ etnik adynyñ-da aslynda alpan
sözünden bolmagy mümkindir. Soñra bu ad, Balkanda ÿaþaÿan albanlara geçendir.
Þunlukdan alban, alpan diÿen türkmen urug-tire adlarynyñ gadymy alban
diÿen türki sözdendigini, þol adyñ, miladi yÿlyñ baþlanan dövründe ÿa-da
ondan öñki müñ yÿllykda (2-2.5 müñ yÿl mundan ozal) dörändigini aÿtmak
bolar.
Dr. Farzad
MARJANI, Civil Engineer, Ph.D.
Ankara - TURKEY |
|
|
|