ARABAÇI 

Arabaçy diÿen türkmen taÿfasy, XV-XVI. asyrlarda Balkanda, Ma-gyþlak tövereklerinde ÿaþandyr diÿilÿär. Çünki olar barada alymlaryñ eserlerinde agzalmaÿar. Ol, taÿfa ady bolup ilkinji gezek Hyva hanlarynyñ köþk taryhçysy Munisiñ "Ferdovs ul-Ikbal" diÿen iþinde ÿatlanÿar. Munis, olaryñ Çavdyr taÿfasynyñ bir tiresidigini-de ÿazÿar. ÿöne bu fikiriñ dogry däldigini öñe sürÿänler-de bar. Balkan ve Ma-gyþlakda ÿaþamak kynlaþandan soñra Arabaçylar-da beÿleki türkmen taÿfalary ÿaly, suvly, bagly-bakçaly sähralara tarap ÿönelÿärler. Olaryñ bir bölegi Çärjev ve beÿleki bir bölegi-de Hyva tövereklerine gidÿär. 

Häzirki dövürde arabaçylaryñ vekilleri Türkmenistanyñ Dänev þäheriniñ Baragyz, Kelleaÿak, Zergömen ve Araky obalarynda, Türkmengala, Baÿramaly þäherlerinde, Özbegistanyñ Buhara velaÿatynyñ Þafrikan þäheriniñ Arabaçy obasynda, Garagalfagystanyñ Biruni ve Amyderÿa þäherlerinde ÿaþaÿarlar. Azerbaÿjanyñ Barda ve Kedebek þäherlerinde-de Arabaçy diÿen obalar bar. G.M.Karpov, 1925-nji yÿlda neþir edilen "Türkmenleriñ taÿfa ve urug adlary" diÿen kitabynda: Arabaçylaryñ gelip çykyþlary bilen, türkmenleriñ teke, ÿomut, ärsary, salyr, saryk, gökleñ ÿaly uly taÿfalarynyñ haÿsysyndandygy belli däl, diÿip ÿazÿar. 
 

 Baÿram geldi, geçip gider 
 Gövnümde bar gam hem keder, 
 Tapmasa öz topragyny 
 Kökler-ÿaprak solup gider. 
  ÿolum yÿrak gövnüm sizde 
  Gavuþup men hyÿalymda, 
  Söÿgiñ ody ÿüregimde 
  Þatlyk bilen dolup gider. 
 Gövnüm oña pervanadyr 
 Aÿdan sözi dürdänedir, 
 ÿüregim bir gamhanadyr 
 Ataþyna ÿanyp gider. 
  yÿlda ÿalñyz birje görsem 
  Gara saçyn syfap örsem, 
  Leblerinden ÿalap-sorsam 
  Bu dünÿäden doÿup gider. 
      Abdyrahym ¥omut 
   Pendik-Ýstanbul/1970 


Keder : Gaÿgy-gussa. 
yÿrak : Uzak, daþ (Irak). 
Ataþ  : Ot. 
 
 
 

Dr. Farzad MARJANI, Civil Engineer, Ph.D.
Ankara - TURKEY
TEL      : +90 - 312 280 82 16
FAX     : +90 - 312 280 67 20
EMAIL : farzad@turkmens.com