A¥MAK
Salyr, Çavdyr (abdal), Ärsary ve käbir beÿleki taÿfalaryñ hatarynda
Aÿmak diÿen tirelere duþ gelmek bolÿar. Bular, Amyderÿa ve Morgap boÿlarynda
ÿaþan, mundan birnäçe asyr öñ, Ýrana ve Ovganistana göçen Aÿmaklaryñ galyndylary
bilen baglanyþykly dörän tirelerdir. Häzirki vagtda Aÿmaklaryñ köpüsi,
Ovganistanyñ demirgazyk-günbatar ve merkezi velaÿatlarynda ÿaþaÿarlar.
Aÿmaklar, dört sany uly taÿfadan emele gelÿärler:
1.-Çemþidiler, 2.-Hazarylar, 3.-Firuzkuhlylar, 4.-Taÿmanlar. Bularyñ
hemmesine birden Çaraÿmaklar (dört aÿmaklar) diÿilÿär. Olardan, Jemþidiler
Pars ve Hazarylar bolsa Mogol halkyna bagly edip görkezilÿär. Bu taÿfalaryñ
köpüsi, Pars-Täjik dilinde sözleþÿärler.
Daþhavuz velaÿatynyñ dürli künjeklerinde Jemþidi diÿen oba, gala
ve ÿaplar bar ve Jemþidiler häziriñ özünde-de þol ÿerlerde ÿaþaÿarlar.
1841-1842-nji yÿllarda Hyva hany Rahymguly, 7600 öÿli Jemþidileri Hyva
tövereklerine göçürÿär.
Hazarylaryñ ady, Hydyrili (Hyzyrili) diÿen türkmen taÿfasynyñ, Taÿmanlaryñ
adyñda Taÿmaz görnüþinde Tekeleriñ ve Ärsarylaryñ urug-tire adlarynda saklanypdyr.
Firuzkuha türkmenler arasynda Piruzdagy diÿip aÿdylÿar. Ýranda Firuzkuh
ve Türkmenistanda-da Piruzdagy (Pövrize dagy) bar. Firuz-Piruz sözüniñ
manysy ÿeñmek, üstün çykmak, Firuze-Piruze sözüniñ manysy gögümtil reñkli
gymmat-baha daþ diÿmekdir. Þunlukdan Aÿmaklaryñ ve ony emele getirÿän dört
halkyñ hemmesiniñ türkmenler bilen ÿakyn gatnaþykda bolanlygyny aÿtmak
bolar.
Aÿmak sözi, türki halklaryñ köpüsinde HALK, TA¥FA, OBA, ÜLKE manylarda
ulanylÿar. Özbegistanyñ Kaþgaderÿa ve Surhanderÿa velaÿatlarynda þeÿle-de
Türkmenistanyñ Çärjev velaÿatynda (Çarþañ-yda) ÿaþaÿan Aÿmaklaryñ arasynda
bu söze ¥URT E¥ESÝ, ÖÑDEN OTURAN TA¥FA, GADIMI GÜ¥ÇLÝ HALK manylary berilÿär
(Belkis Karmiþova).
Dr. Farzad
MARJANI, Civil Engineer, Ph.D.
Ankara - TURKEY |
|
|
|