BAGA-BAGAJA-BAGVELŬ-BAGLI-BAŜBAGLI 

Baga: teke, ˙omut, Bagaja: ata, saryk, teke, Bagveli: alili, Bagly: gökleñ, Baŝbagly: ärsary ve ba˙at ta˙falarynyñ hataryna gir˙är. 

Garagalfak alymy Daulen A˙tmyradov türki halklarda, meselem türkmenlerde duŝ gel˙än baga di˙en sözi, gadymy türki buga (buka: öküz) sözi bilen asyldaŝ hasapla˙ar. Häzirki edebi dilde ˙üp manysynda ulanyl˙an bag sözi, Orhon-˙enise˙ türki ˙azuv ˙adigärliklerinde (VI-VIII. asyrlar) ve Mahmud Kaŝgarlynyñ (XI. asyr) sözlüginde, duŝak, düvün, bogy, dañy, desse ˙aly manylary añladypdyr. Gadymy türkler-de bag sözüni urug, tire manylarynda ulanypdyrlar. 

Baga ve Bagaja (kiçi bag) adlarynyñ yzyndaky (a), jemi-köplügi bildir˙än ad ˙asa˙jy türki goŝulmadyr, -li ve -ly goŝulmalary bolsa, toparyñ ha˙sy tirä baglydygyny bildir˙är. 
Tire sözüniñ-de, tirmek, toplamak-y˙gnamak sözünden emele gelendigini nazara alsak, agzalan adlaryñ hataryndaky bag sözüniñ manysy belli bol˙ar. Çünki etnik tofarlar ilki döränlerinde olary biri-birinden ay˙rmak üçin, olara dürli-dürli adlar dakylypdyr: top, tire, bag. 
 

 Nadana müñ berseñ, övüt-nesihat 
  Hiç birini gulagyna, almaz hiç, 
 Bedasyl adama, e˙leseñ yzzat 
  Jay˙na ˙etirip, gadryn bilmez hiç. 
 Ak jeren çöl islär, bilbiller güli 
  Totylar ŝekeri, arylar baly, 
 Hulkuñ sö˙se, bir näzenin gözeli 
  Jebir etse, ondan gövnüñ galmaz hiç. 
 Hasyl görmez, ŝora tohum ekenler 
  U˙at bilmez, abra˙ny dökenler, 
 ˙eñ çekip, bima˙a sandan çykanlar 
  Sana girip, ga˙dyp ˙ola gelmez hiç. 
 Miskin Gylyç, ˙ar ˙olunda bergin jan 
  Biler gadryñ, özüñ bolsañ gadyrdan, 
 Mynasyp ˙ar bilen, sürasañ dövran 
  Mydam hoŝdur, asyl gövnüñ ölmez hiç. 
 
Miskin Gylyç 
(XIX. asyr) 
Hulk: Gylyk-häsi˙et 
 
 
 

Dr. Farzad MARJANI, Civil Engineer, Ph.D.
Ankara - TURKEY
TEL      : +90 - 312 280 82 16
FAX     : +90 - 312 280 67 20
EMAIL : farzad@turkmens.com