BALKAN-BALKANLI-BA¥RAÇ 

Salyrlaryñ, Ärsarylaryñ, Hojalaryñ ve Tekeleriñ hatarynda Balkan, Balkanly, Mañgyþly diÿen urug-tire bar. Samarkant velaÿatynyñ Nurata türkmenleriniñ hatarynda-da Mañgyþlov diÿen tire bolup, olar X-XI. asyrlardan soñra, türkmenleriñ Balkanda ve Mañgyþlakda oturandyklary bilen baglylykda ÿüze çykypdyrlar. 

Saryklaryñ Alaþa bölüminde Baÿraç diÿen urug bar. Akademik V.V.Barthold, türkmenlerde soñky dövürlerde-de urug-tireleriñ dörändigini, olara etnik ad hökmünde serkerdeleriniñ-ÿolbaþçylarynyñ adynyñ dakylandygyny bellemek bilen, ilkinji nobatda Baÿraçlaryñ adyny misal edip görkezÿär. 

Baÿraçlar, gadymy tofar däl, olar, Saryklar, Etrek-Gürgen tövereklerinde ÿaþan dövürde (XVII. asyryñ baþlarynda) döreÿärler. Þol vagtlar olara Baÿraç diÿen bir adam ÿolbaþçylyk edipdir. Ol, Hyva hany Abylgaza boÿun bolmandyr, þonuñ üçin-de Abylgazy, 10 müñ çemesi goþun bilen Etrege ve Gürgen taraflaryna çozÿar (XVII. asyryñ baþlary) Baÿraçlar gaty horlanÿar ve Baÿraç hanyñ öziñde tutulÿar ve iki yÿl soñra 1651-nji yÿlda öldürilÿär. 
 

Agalar dünÿäniñ, paÿany bolmaz 
Ýþ baþa düþende, dogany gelmez, 
Märekede oÿnap, hiç gövni galmaz 
Arman bilen geçer, saly ÿekäniñ. 

Bir ÿeke ÿigidiñ, bilinmez iþi 
Elinde mal bolmaz, gövnünde hoþy, 
ÿassyk çekip ÿatsa, agyrsa baþy 
Gözünde ganly ÿaþ, doly ÿekäniñ. 

Barly ölse, uly ile ÿaÿrandyr 
Garyp ölse, anyñ izi veÿrandyr, 
Bu iþlere, akyl-huþuñ haÿrandyr 
Gömülipdir, þeÿle ÿoly ÿekäniñ. 

Magtymguly, ÿalan-ÿaþryk sözleme 
Nogsanyñ içinde, hayÿr gözleme, 
Egisgin derdiñi, diÿgin, gizleme 
Ýl-ulusdyr, dosty-ÿary ÿekäniñ. 
 

   Magtymguly 

 

Dr. Farzad MARJANI, Civil Engineer, Ph.D.
Ankara - TURKEY
TEL      : +90 - 312 280 82 16
FAX     : +90 - 312 280 67 20
EMAIL : farzad@turkmens.com