| BA¥RAMŞALI, ÖZLİTEMİR, TEMİR
¥omut türkmenleriñ iki uly bölüminiñ birine Baÿramşaly diÿilÿär.
Daşhavuz velaÿatynda ÿaşaÿan ÿomut Türkmenleriñ hemmesi diÿen ÿaly şu bölümdendir.
Taryhy çeşmelerde Baÿramşalylara Özlitemir ÿa-da Ötlitemir diÿip-de aÿdylypdyr.
Hyva hany Abylgazy Bahadyr hanyñ Şejere-ÿi Terakeme adly eserinde, Salyrgazynyñ
neberesi bolan ÿomudyñ, Özlitemir ve Gutlytemir adynda iki ogly bolupdyr
diÿilÿär. onuñ ÿazmagyna görä, Özlitemiriñ üç ogly bolupdyr: İsa, Musa
ve Bähramşah. Diÿmek, Baÿramşaly sözi-de, Bähramşahyñ adyndan (Bähramşaly-Baÿramşaly)
gelip çykan bolmaly.
Özlitemir diÿen etnik ad, aslynda Temir diÿen taÿfabaşynyñ adyndan
emele gelipdir. Geçmişde bu il özbaşdak taÿfa derejesine ÿetip soñra Temir
diÿen ad bilen Saryklaryñ, Temirli görnüşinde Abdallaryñ, Temirogly görnüşinde
ÿomutlaryñ, Temirhoja görnüşinde-de Salyr Merkitleriniñ hataryna giripdir.
Özlitemir diÿen adyñ ö-ündäki Öz ÿa-da Özli sözi türki tire-taÿfa adlarynda
köp duş gelÿär ve ol, öz, özen sözleri bilen asyldaş bolup Türkiÿäniñ Syvas
velaÿatynda Özli diÿen türkmen urugy bardyr.
Dr. Farzad
MARJANI, Civil Engineer, Ph.D.
Ankara - TURKEY |
|
|
|