BEKDÝLÝ-BEG-BEKEVÜL 

Beg-Begler diÿen urug-tire adlary, türkmen taÿfalarynyñ hemmesinde diÿen ÿaly duþ gelÿär. Häzir, ÿalñyz Gökleñleriñ hatarynda tire ady hökmünde saklanan Bekdili diÿen söz, orta asyr oguz-türkmenleriniñ 24 esasy taÿfasynyñ biriniñ ady hökmünde ulanylypdyr. Selçuklaryñ ÿöriþi mahalynda Bekdilileriñ köpüsi Ýrana, Türkiÿä, Kavkaza, Irak ve Suriÿe ÿaly ÿurtlara göçüpdirler. Merhum alym Ahmed Bekmyrad, adyñ asly, diline bek ÿagny Syr Saklaÿandyr diÿip belleÿär. 

Her niçik-de bolsa Bekdili, Begler urugynyñ ili diÿen manyda ÿüze çykan bolsa gerek diÿip, alym S.Ataniÿaz pikir öñe sürÿär. 

Bekevüle gelenimizde, Abylgazy ony, Ärsary bayÿñ ikinji ogly Zeÿnelgazydan bolan kiçi agtygynyñ ady hasaplaÿar. Bekevülleriñ taÿfa hökmünde XIV. asyryñ ahyrlarynda ve XV. asyryñ baþlarynda günbatar Türkmenistanda (Balkan, Ma-gyþlak tövereklerinde) kemala gelendigini aÿtmak bolar. ÿöne bu söz "tire-taÿfanyñ, jemagatyñ guramaçysy -ö -baþçysy" ÿaly manyda ilki taÿfabaþynyñ lakaby, soñra hem tutuþ taÿfanyñ ady hökmünde ulanylmaga baþlan bolsa gerek diÿip alym S.Ataniÿaz ÿazÿar. Häzirki vagtda Bekevüller Türkmenistandan (Daþhavuz) baþga Ovganistanda-da, Özbegistanda-da, Täjigistanda-da ÿaþaÿarlar. 
 

Güÿz ÿapragy kimin saralyp-solup Hemmelerden artyk saña garaþdy, 
Ol örän köp ÿatdy, keselbent bolup, Kim barsa ÿanyna seni soraþdy, 
Sen ony ölÿänçä bir soramadyñ, Bir gün däl, bir yÿl däl, uzak garaþdy, 
Ol bolsa, hemiþe dilinde adyñ, Emma sen bäþ minut vagt tapmadyñ, 
 Soramaga eziz dostuñ halyny, 
 Öljek diÿseler-de, sen tiz gopmadyñ, 
 Soramaga görgüliñ ahvalyny, 
 Her gezekde diÿdiñ, iþ köp vagtym ÿok, 
 Ol görgüli üÿtgäni-i bilenok, 
 Hiç kim bu dünÿäde iþsiz gezenok, 
 Diÿip ÿatdy pahyr senden habar ÿok, 
 Hiç kim bu dünÿäge iki gelenok. 
 Diÿip ötdi pahyr ÿolu-a garap, 
 Ölenden soñ onuñ öÿüni sorap, 
 Gelmek nämä gerek ÿalandan aglap. 
 Sen indi otur-da bir aÿla seriñ, 
 Ol hakda gazÿete ÿazan sözleriñ, 
 Entek ol ölmänkä aÿdan bolsadyñ, 
 Halyny bir sorap gaÿdan bolsadyñ, 
 Belki ol ölmezdi, ÿaþardy, belki! 
 Adamyñ gadryny bilmeli ilkiÖ. 
     Gara Seÿitli 

 

Dr. Farzad MARJANI, Civil Engineer, Ph.D.
Ankara - TURKEY
TEL      : +90 - 312 280 82 16
FAX     : +90 - 312 280 67 20
EMAIL : farzad@turkmens.com