BORUGÇI-BO¥AKÇI-BÖRÝ 

Hatap taÿfasynyñ hatarynda Borugçylar diÿen tire bar. Bu tiräniñ ady gadymy türki Bor sözünden emele gelipdir. Hek diÿen pars sözi, biziñ dilimize aralaþÿança, türkmenler Heke, Bor diÿipdirler. Borugçy sözüniñ manysy-da Hekçi diÿmekdir. 

Alilileriñ Onbegi, Mürçelileriñ Ovþar uruglarynyñ hatarynda Boÿakçy ÿagny Boÿagçy, Çärçev þäheriniñ tövereklerinde ÿaþaÿan Salyrlaryñ Akçyk urugynda Gökçi, ärsarylaryñ söÿünjajy ve Çarþañ-y urugynyñ hatarynda-da Nilgerler diÿen tire adlaryna duþ gelÿäris. Bu adlaryñ hemmesi diÿen ÿaly Boÿag öndürip satmak bilen baglanyþykly ÿüze çykypdyr. 

Mürçelileriñ Boÿakçylary bolsa, ÿalñyz bir boÿag öndürmäge däl eÿsem matalary (parçalary) dürli re-klere boÿamaga-da gaty ökde bolupdyrlar. 
Dünÿä halklarynyñ hemmesi diÿen ÿaly öz ösüþiniñ has irki dövürlerinde, ÿagny tire-taÿfa bolup ÿaþan eÿÿamlarynda, tövereginde ÿaþaÿan belli bir haÿvany özüne hovandar tutunyp, ony mukaddes hesaplapdyrlar, oña hormat goÿup, hatda etini-de iÿmändirler. Ilmy dilde muña Totemizm, eÿ görülÿän haÿvana-da Totem diÿilÿär. 
Türkmenler tarafyndan eÿ görlen haÿvan-Böri bolup onuñ ady soñra Gurt, Möjek ÿaly sözlere aÿlanypdyr. 

Böriler, Burkazlaryñ uly bölüminiñ birini emele getirÿärler, Çandyrlaryñ hatarynda-da Böribeg, Saryklaryñ, Salyrlaryñ ve Þyhlaryñ arasynda-da Gurt (Böri), ärsarylaryñ Gultak urugynda Gurtly, tekelerde Gurtzäkir ÿene tekeleriñ Gonur ve Gökçe uruglarynda Möjek diÿen tire adlaryna duþ gelinÿär.... 
 
 

Dr. Farzad MARJANI, Civil Engineer, Ph.D.
Ankara - TURKEY
TEL      : +90 - 312 280 82 16
FAX     : +90 - 312 280 67 20
EMAIL : farzad@turkmens.com