BOZOK-BOZMELÝK-BOZ¥ATAN 

Orta asyr alymlarynyñ eserlerinde Bozok diÿen söz, oguz türkmenleriniñ 12 sany taÿfasyny öz içine alÿan uly etnik birleþmäniñ umumy adydyr. Oguzhanyñ 6 ogly bolÿar: Gün han, Aÿ han, yÿldyz han, Gök han, Dag han ve Deñiz han. Olaryñ her birisiniñ-de 4 ogly bolÿar. Gün hanyñ, Aÿ hanyñ ve yÿldyz hanyñ ogullary, 12 türkmen taÿfasyny, Gök hanyñ, Dag hanyñ ve Deñiz hanyñ ogullaryñda türkmeniñ beÿleki 12 taÿfasyny emele getirÿärler. Ýlkinji 12 taÿfa Bozoklar ve ikinji 12 taÿfa-da Üçoklar diÿip ad berilÿär. Boz sözi taÿfa-tire manysyndadyr. 

Salyrlaryñ Kiçiaga bölüminiñ bir tiresiniñ ady Bozmelikdir. Melik sözi ärsarylaryñ gultak, alilileriñ ÿüzbaþy uruglarynda ve nohurlylarda duþ gelÿär. Bu söz arap sözi bolup ol hökümdar-padeþah-soltan ÿaly manylary a-ladÿar. Boz sözi, taÿfa-tire manysynda bolup Bozmelik padeþahyñ-soltanyñ taÿfasy manysyndadyr. Bu sözüñ, arap ÿurtbasarçylygyndan soñra (VII. asyr) ÿüze çykan bolmagy ähtimaldyr. 

Saryklaryñ alaþa urugynyñ bir tiresi bolan Bozÿatan sözi, iki bölekden ybarat bolup, Boz, taÿfany-urugy a-latsa, ÿatan, ÿatmak iþliginden gelip çykÿar diÿilÿär. Ol, ÿatuk görnüþinde Mahmud Kaþgarlynyñ sözlüginde duþ gelÿär ve çomur, oturymly, göçüp-gonmaÿan manylardadyr. ÿatan sözi özbaþdak tire ady bolup Saryklaryñ Baÿraç urugynyñ, ÿatagan diÿen tire adyñda Büzmeÿinde ÿaþaÿan tekeleriñ hatarynda duþ gelÿär. 
 

Baky bagtly ÿaþar adamzat nesli 
Hiç kim nähak uruþ odun ÿakmasa, 
Adamlañ-da ömri uzar ep-esli 
Hiç kim nähak ÿere gövün yÿkmasa. 
 
    Gara Seÿitli 

 
 

Dr. Farzad MARJANI, Civil Engineer, Ph.D.
Ankara - TURKEY
TEL      : +90 - 312 280 82 16
FAX     : +90 - 312 280 67 20
EMAIL : farzad@turkmens.com