BURUNJIK-BÜZME¥İNLİ-BÜKDÜZ-BÜRGÜT 

Çavdyr taÿfasynyñ bäş bölüminiñ birini Burunjyklar emele getirÿärler. Lakaÿ Özbekleriniñ hatarynda-da Burundyk diÿen tire bar. Bu adyñ manysy kiçijik burun diÿmekdir (ÿa-da kiçijik burunly diÿmekdir). Burunjyk bilen Burundyk sözleriniñ bir kökden emele gelen bolmagy mümkin. 

Alilileriñ ÿüzbaşy bölüminde Büzmeÿinli diÿen tire bar. Tekeler, Ahaly eÿelemezlerinden öñ (XVII-XVIII. asyrlar) Alililer häzirki Aşgabat, Gökdefe ve Bäherden obalarynda ÿaşapdyrlar. Büzmeÿinden, Kaka töveregine göçüp gelen ilata-da Büzmeÿinli diÿen ad berlipdir. 

Alymlar Bükdüzi, Oguz hanyñ Deñizhan diÿen oglundan ikinji agtygynyñ ady hasaplaÿarlar ve onuñ manysyny-da, hyzmatkär diÿip düşündirÿärler. Bükdüzler häzirki Türkmenistanda kän yz galdyrmandyrlar. Olar, Selçuklar hereketi vagtynda (XI. asyrda) köpçülikleÿin Türkiÿä, Iraga, Suriÿä giden bolmaly. Tekeleriñ ve Salyrlaryñ hatarynda Bükri diÿen urug bar, Bükdüz sözi türkmen etnoniminde duş gelmeÿär. 

Bürgüt sözi, Türkmenistanyñ Garabekevül obasynda ÿaşaÿan Ärsarylaryñ bir urug ady bolup geçÿär. Gadymy türkleriñ ve mogollaryñ arasynda Bargut, gyrgyzlaryñ arasynda Burgut, XV. asyrda Aral ÿakalarynda ÿaşan göçme özbekleriñ hatarynda bolsa Burkut diÿen tire adlary bar. 

Türkmenler arasynda uly-güÿçli ve yÿrtyjy bir guşuñ ady bolan Bürgütiñ, ÿa-da Bargutyñ, Burutyñ ve Burkutyñ asyl manysy ve olaryñ gelip çykyşlary hakda alymlar dürli fikirler öñe sürÿärler. 
 
 

Dr. Farzad MARJANI, Civil Engineer, Ph.D.
Ankara - TURKEY
TEL      : +90 - 312 280 82 16
FAX     : +90 - 312 280 67 20
EMAIL : farzad@turkmens.com