DOVLAT-DOLI-DODURGA-DOKUZ 

Tekeleriñ Togtamyþ bölüminde, Çavdyrlaryñ Abdal ve Gyzylergenek uruglarynda Dovlat, Atalarda Dovlatgeldi ve Doly, Ärsarylarda bolsa Dovladöküzler diÿen tireler bolup, olaryñ ady gadymy türki Dulat diÿen taÿfanyñ adyndan emele gelipdir. Bu taÿfanyñ ady aslynda Tulu, Dulu bolup, onuñ yzyna köplügi-jemi bildirÿän -at türki goþulma goþulypdyr. Tulu sözüniñ Tugly-baÿrak göteriji manydadygy aÿdylÿar. 

Dodurga, Gökleñleriñ iki uly bölüminiñ biriniñ adydyr. M.Kaþgarly ony Tutyrka þeklinde beÿleki alymlar bolsa Dudurga þeklinde görkezipdirler. Dodurga, orta asyrlarda 24 türkmen taÿfasynyñ biriniñ adydyr. 

adyñ manysy barada alymlar anyk bir zat aÿdanoklar. Dodurgalaryñ köp böleginiñ Selçuklar hereketi dövründe Anadola ve Ermenistanyñ günortasyna gelip ÿurt tutunandyklary bildirilÿär. 

Olamlaryñ hatarynda Dokuz diÿen tire bar. Alymlar, bu tiräniñ adyny VII-VIII. asyrlaryñ Orhon-ÿeniseÿ türki ÿavuz ÿadigärliklerinde duþ gelÿän Dokuz-Oguz diÿen taÿfalar birleþiginiñ adynyñ gysgalan görnüþi hesap edÿärler. 
 
 
 

Dr. Farzad MARJANI, Civil Engineer, Ph.D.
Ankara - TURKEY
TEL      : +90 - 312 280 82 16
FAX     : +90 - 312 280 67 20
EMAIL : farzad@turkmens.com