GAJAR-GAGÞAL 

Ýranda ÿaþaÿan Gajarlar häzirki vagtda Pars dilinde sözleseler-de olar asyl gelip çykyþlary bilen türk-türkmendirler. Türk (türkmen) ve Pars taÿfalarynyñ gatyþmagy netijesinde Ýranyñ ve Horasanyñ topraklarynda kemala gelen Gajarlar, XV-XVI. asyrlarda, gyzylbaþlaryñ esasy özeni hasaplanyp, þah Ýsmail Hatayÿnyñ ÿolbaþçylygynda Säfäviler dövletiniñ gurlmagy iþine ykjam gatnaþÿarlar. 

Þah Abbas I.dövründe gajarlaryñ bir bölegi Kavkazda, kiçi bölegi-de Maryda ÿene bir bölegi-de Gürgen derÿasynyñ boÿlarynda oturypdyr. Baÿramalyda hanlyk eden ve 1785-nji yÿlda Buhara emiri Þamyrat Velnamy tarafyndan öldürilen Mary hany Baÿramaly hanyñ-da asly gajarlardan bolanlygy aÿdylÿar. Gajarlar, XVIII. asyrda has güÿçli häkimiÿeti döredÿärler. Gajar diÿen urug-tire adlary ÿomutlaryñ, Alilileriñ, Gökleñleriñ hatarynda saklanyp galypdyr. Gajar sözüniñ asyl gelip çykyþy barada alymlar belli bir fikir beÿan edenoklar. 

Tekeleriñ Togtamyþ bölüminiñ bir urugy bolan Gagþallaryñ etnik ady gök þal (gök sal) sözlerinden emele gelen bolsun gerek. Gadymy türki Argyn diÿen taÿfanyñ hatarynda Göksal ÿa-da Kökþal diÿen etnonimiñ bolmagy bu fikiri tassyklaÿar. Bular soñra göçme özbekleriñ ve gazaklaryñ hataryna goþulypdyrlar. 
 

Pis eÿÿamdyr, kiþi gövnüñ güÿtmezler 
Tanalmasañ, gelip atyñ tutmazlar, 
Hudaÿ üçin saña hyzmat etmezler 
Donuñ täze, atyñ þaÿly bolmasa. 
 
    Zelili 

 

Dr. Farzad MARJANI, Civil Engineer, Ph.D.
Ankara - TURKEY
TEL      : +90 - 312 280 82 16
FAX     : +90 - 312 280 67 20
EMAIL : farzad@turkmens.com