| GALPAK-GARAGALPAK-GAPAN
Türkmenler bilen gan garyndaþ bolan ve irki eÿÿamlardan bäri go-þyçylykda
ÿaþaÿan halkyñ Garagalpak (Garagalfak) diÿen ady bar. Bu adyñ gysgaldylan
Galpak þekline-de duþ gelinÿär.
Volga, Don boÿlarynda, häzirki dövürde Günorta Rus Sährasy diÿip
ad berilÿän giñ sährada biziñ zamanamyzyñ baþlarynda-da türki taÿfalaryñ
ÿaþandygy bilinÿär. Beÿik Türk Kaganaty synandan soñra, türki halklaryñ
bu tövereklere göçe-göçlügi giñ gerim alÿar ve hatda olar bu ÿerde Bulgaristan
ve Hazaristan diÿen kuvvatly dövletleriñde döredÿärler. Þol dövür, Ors-Rus
senenamalarynda tork (türk), Torkman (türkmen), Uÿ (oguz), Peçeneg, Berendeÿ,
Kuman ÿaly türki taÿfalaryñ adlary övran-övran gaÿtalanÿar. Reþideddin-de
öz Jame ät-Tavaryh adly eseriniñ bir ÿerinde Kaum-y Kulah-i Siÿah (Garagalpak
Kavumy) diÿip belleÿär. Þu ve beÿleki çeþmelerde ÿatlanylyp geçiliþi ÿaly,
þu kavum (gavum) -Garagalpaklar, Peçeneg-Hazar birleþigini emele getiren
türk (türkmen) taÿfalarynyñ þu töverekdäki gypjak (Nogaÿ) taÿfalary bilen
gatyþmagyndan emele gelipdir. Horezm þahy Altyntaþyñ nökerlerinden bir
böleginiñ gara papak (galpak) geÿendigi üçin olara ve olaryñ taÿfalaryna
Garagalpak diÿilenligini öñe sürÿänler bar bolsa, Garagalpak alymy Daulen
Aÿtmuradogly bu adyñ Garagulpak (Garagulfak) diÿen sözüñ üÿtgän þeklidigini
öñe sürÿär.
Tekeleriñ, ÿemrelileriñ, Gökleñleriñ ve Ärsarylaryñ hatarynda Gapan
diÿen urug-tire adyna duþ gelinÿär. Azerbaÿjanda, Ermenistanda, Dagystanda,
Gazan hanlygynda ve Ukrainada-da Gapan, Kapan, Gafan, Kopan görnüþlerinde
bu adyñ bardygy aÿdylÿar.
Beÿik Türk Kaganatynda 691-716-njy yÿllarda höküm süren uly hana
(Kutlug Kaganyñ inisi, Kültegin ve Bilge Kaganyñ dayÿsyna) Kapagan-Gapan
ÿagny jezalandyryjy diÿilipdir. Bu mesele-de, Gapan etnoniminiñ örän gadymydygyny
görkezÿär.
Dr. Farzad
MARJANI, Civil Engineer, Ph.D.
Ankara - TURKEY |
|
|
|