| GARKIN-GARLIKLAR
Garkyn sözi gadymy türkmen taÿfasynyñ ady bolup, ilkinji gezek Reþideddiniñ
(XIV. asyr) eserinde duþ gelÿär ve ol, Oguz hanyñ yÿldyzhan diÿen üçünji
oglunyñ dördünji neberesiniñ ady hasap edilÿär. adyñ manysy bolsa (aþly-çörekli)-(Näzi-nygmatly)
diÿip düþündirilÿär. Türkmen halk rovaÿatlarynda Garkyn Ärsarynyñ daÿasy
hasaplanÿar.
Garkynlar, Selçuklar hereketi vagtynda (XI.asyr), Türkiÿä, Iraga,
Suriÿe, Kavkaz ve Kyryma aralaþÿarlar. Garjav, Garma, Garnas ve Gurama
adlaryñda, garmak ve guramak, ÿagny seplemek iþliklerinden emele gelendir.
Garjav, Garma tireleri Ärsarylaryñ, Garnas diÿen uruglar Gerkezleriñ ve
Ärsarylaryñ, Gurama diÿen urug-tireler bolsa ÿomut, Saryk, Teke ve Ärsary
taÿfalarynyñ hatarynda bar.
Göktürkleriñ imperiÿasy dövründe (VIII. asyr) Garlyklar uly taÿfa
bolup, þu imperiÿanyñ esasy güÿçleriniñ birisini emele getirÿärler. Olara
VI-VIII. asyrlarda Üçgarlyk ÿa-da Üçoguz hem diÿilipdir. Beÿik Türk Kaganaty
synandan soñra, Garlyklar has güÿçlenip, 757-766-njy yÿllarda Türgeþler
diÿen türki dövleti, 861-nji yÿlda-da, tutuþ Kaþgarystany basyp alÿarlar.
Olar, 927-nji yÿlda döredilen ve 1212-nji yÿlda Horezm þahy Muhammed tarafyndan
syndyrylan Garahanlylar diÿen türki dövletiñ döremeginde uly rol oÿnaÿarlar.
Gazneviler dövletiniñ (X-XII. asyrlar) döremeginde-de Garlyklaryñ uly roly
bolupdyr.
XIII. asyryñ baþlarynda Garlyk hany Arslan han, Çengiz hana uruþsyz
boÿun egÿär ve hatda onuñ Horezm þahy Muhammede garþy eden ÿöriþine-de
uly ÿardam berÿär.
Orta asyrlarda türki halklaryñ arasynda uly ve güÿçli taÿfa bolan
Garlyklar, taryhda öçmejek yz galdyran ve tas özbaþdak halk derejesine
ÿete-kirlän il bolupdyrlar. Olar soñra türkmenleriñ, özbekleriñ, gazak,
garagalfak ve beÿleki türki halklaryñ arasynda si-ip gidipdir.
Garlyklaryñ etnik ady Garly, garyþyk, garym-gatym il ve þ.m. bilen
düþündirilÿär.
Dr. Farzad
MARJANI, Civil Engineer, Ph.D.
Ankara - TURKEY |
|
|
|