GAZAK-GAZAN 

Dürli türki taÿfalaryñ birleþmegi netijesinde Gazagystanyñ ve Orta Asiÿanyñ giñ sähralarynda XV-XVI. asyrlarda tutuþ millet derejesine ÿeten halka, türkmen dilinde Gazak, Gazak dilinde Kazak ve Ors dilinde-de Kazah diÿilÿär. Ma-gyþlakda ve beÿleki ÿerlerde ÿaþaÿan türkmenleriñ gazak halkynyñ arasyna si-ip gidiþi ÿaly, dürli taryhy dövürlerde gazaklaryñ ululy-kiçili bölekleriñde, türkmenleriñ hataryna giripdir. Muny, baÿat, saryk, teke, hatap ve änevli taÿfalaryñ arasynda GAZAK adly urug-tireleriñ barlygy tassyklaÿar. Türkmenleriñ arasynda Gazak sözüniñ erkek adam ady hökmünde-de ÿörgünlidigini ÿatlap geçmek gerek. 

Gazak (Kazak) sözi, bir türki söz bolup ol erkin-özbaþdak manyda-da, Gazak alymy Aÿtym Abdyrahmanoglynyñ pikiriçe-de gadymy taÿfa ady bolan Gaz ve Gazagystanyñ topraklarynda ÿaþap öten gadymy Saklaryñ etnik adyndan bolan Sakdan ybarat bolup ol taÿfa ady þeklinde-de ulanylÿar. 

Ärsarylaryñ Gara Bölüminiñ, Salyrlaryñ ÿagyr ve Saryklaryñ-da Gojaly uruglarynyñ hatarynda GAZAN diÿen urug-tireler bar. Etnograf Ata Jykyogly bolsa Salyr türkmenleriniñ uly atalaryna Gazan Han ÿa-da Salyr Gazan diÿilÿänligini öñe sürÿär. 
Alymyñ pikiriçe Gazan Han ÿa-da Gazan Alp, IX. asyryñ ikinji ÿarymynda ÿaþap, türkmenleriñ bir bölegini yslam dinine salan þahsdyr. Alymlaryñ aglabasy Gazan diÿen türkmen taÿfasyna Gazan diÿen tirebaþynyñ adynyñ geçendigini tassyklaÿarlar. 

Taryhy çeþmelerden mälim bolþyna görä, Selçuklaryñ hereketi dövründe, Türkiÿä ve Kavkaza aralaþan türkmenleriñ bir bölegi, 1263-1264-nji yÿllarda Saltyk babanyñ baþtutanlygynda Kyryma aralaþÿar. Þol türkmenleriñ (Salyrlaryñ) arasynda GAZAN urugynyñ vekilleriñde bolupdyr. Soñra bu ÿere gelen salyrlar ve beÿleki türkmen taÿfalary türki hem-de türki bolmadyk taÿfalar bilen gatyþyp, Kyrym Tatarlary diÿen etnik tofary emele getirÿärler. Kyrym Tatarlarynyñ diliniñ türkmen diline juda ÿakynlygyny, Kyrym Tatarlarynyñ hatarynda türkmenleriñ uly orun eÿeleÿänligi bilen düþündirmek bolar. 
 
 

Dr. Farzad MARJANI, Civil Engineer, Ph.D.
Ankara - TURKEY
TEL      : +90 - 312 280 82 16
FAX     : +90 - 312 280 67 20
EMAIL : farzad@turkmens.com