| GILAVUZ-GILIÇMERGEN-GINIK-GIPJAK
Türkmenistanda ÿaþaÿan Hojaÿly taÿfasynyñ hatarynda Gylavuz diÿen
tire bar. Prof. Faruk Sümer, Türkiÿäniñ Sivas velaÿatynda Kulaguzly diÿen
türkmen urugynyñ ÿaþaÿanlygyny ÿazÿar. Gadymy türki dillerde Gylavuz sözi
"Garavul" diÿen manyny a-ladypdyr. Türk dilinde ol, ÿol görkeziji-ÿolbaþçy
ÿaly manylarda ulanylÿar. Diÿmek Gylavuz diÿen tirelere, ÿa olaryñ kesb-käri
sebäpli ÿa-da tirebaþynyñ gylavuz lakaby zerarly þeÿle ad dakylypdyr.
Sakarlaryñ Hojaÿly urugynyñ Gylyçmergen diÿen tiresi bar ve ol XVIII.
asyrda ÿaþap geçen taryhy bir þahsyñ adyny göterÿär.
Gynyk, orta asyrlarda Oguz türkmenleriniñ güÿçli ve uly taÿfalarynyñ
biriniñ adydyr. Selçuklaryñ hereketi dövründe (XI. asyr) bu taÿfa tutuþlygyna
Orta Asiÿadan Kiçi Asiÿa ÿurtlaryna (Türkiÿe, Irak, Suriÿe ve Kavkaza)
göçendir diÿilÿär. Sözüñ manysy her ÿerde bolsa-da ezizdir þeklinde berilÿär.
Ol, tutanÿerli, okgunly, güÿçli manylarda-da ulanylypdyr.
Gypjaklar, orta asyrlarda uly halkyÿet derejesine ÿetÿärler. Orta
asyrlarda türki halklar Gypjaklar ve Oguzlar diÿen iki tofara bölünipdirler.
Gypjak tofaryna: Baþgyrt, Tatar, Nogaÿ, Gumuk, Garaçaÿ, Balkar, Gazak,
Garagalfak ÿaly halklar giripdir.
X.asyrda Gazagystanyñ demirgazyk-günbatar taraflarynda ÿaþan Gypjaklar,
ÿuvaþ-ÿuvaþdan Orta Asiÿanyñ Deþt-i Gypjak sähralaryna, Volga boÿlaryna
ve Garadeñiziñ kenarlaryna aralaþyp Tÿanþandan tä Dunaÿ derÿasyna çenli
bolan aralyga ÿaÿrapdyrlar. Bu tofaryñ oguzlar bilen ähli dövürlerde ÿakyn
aragatnaþyk edip, bir-birleri bilen gatyþyp gidendikleri mälim. Olaryñ
orta asyrlarda Garagumda-da ÿaþandyklary görkezilÿär. Ýñ-än gadymy türki
taÿfasy bolan Gypjak sözüniñ manysy barada alymlar dürli fikirler beÿan
edÿärler.
Dr. Farzad
MARJANI, Civil Engineer, Ph.D.
Ankara - TURKEY |
|
|
|