| GIRGIZ-GIRIK-GIRGI-KIRK
Orta asyrlarda türkmenleriñ esli bölegi Gyrgyzistanyñ Çu-Talas derÿasynyñ
ÿakalarynda, Issykkölüñ kenarlarynda ÿaþapdyr. Selçuklaryñ esli böleginiñ
Çu-Talas jülgelerinde ÿaþan türkmen taÿfalaryndan dörändigi mälim. ÿöne
türkmen-gyrgyz etnik gatnaþyklary barada heniz ylymda agyz dolduryp aÿdara
zat ÿok (S.Ataniÿaz-Þejere. s.130-Aþgabat-94).
Türkmenleriñ Çavdyr ve Ýgdir taÿfalarynda Gyrgyz ve Gyrgyzlaryñ Kandy
taÿfasynyñ hatarynda-da Türkmen urug-tireler bar. Türk alymy merhum Faruk
Sümer öz Oguzlar-Türkmenler-1992 adly kitabynda Gyrgyzlar barada þeÿle
ÿazÿar: Asly türk bolmadyk govumlaryñ biridigi öñe sürilÿän Gyrgyzlar baradaky
fikir, alymlarda gyzyklanma döretdi. Gyrgyzlar nähili türkleþdiler? Ýne
þu-a düþündiriþ bermek mümkin däl. ÿagdaÿ þeÿle bolansoñ, bu sovalyñ-da
ähmiÿeti galmaÿar. Gyrgyzlaryñ ÿüz keþbi ve dilleri, olaryñ, Mogollar bilen
garyþandyklaryny görkezÿär. Þeÿlelik bilen þu gün Orta Asiÿa ve Gündogar
Türkistan türkleri þeÿle garym-gatymlykdan meÿdana gelen täze govumlardyr.
(kitabyñ 17-34 ve 120-nji sahypalarynda).
Gyryk-Gyrgy ve Kyrk þeklinde ÿazylan türkmen urug-tire adlarynyñ
köki birdir. Kyryk-Kyzyk sözleri, Oguz hanyñ agtygynyñ (yÿldyzhanyñ 2-nji
ogluny-) ady ve þu ogluñ neberelerinden emele gelen taÿfa hasaplanÿar.
Reþideddin þu sözüñ manysyny güÿçli ve kanuny gavy bilÿän, Abylgazy bolsa
onuñ manysyny batyr-gahryman diÿip düþündirÿär. Bu ad, urug-tireleriñ ady
hökmünde Zerevþan özbekleriniñ, XV. asyrda Aral tövereklerinde ÿaþan ençeme
göçme türki taÿfalaryñ (gazak, gyrgyz, nogaÿ, garagalfak, baþgyrt, azerbaÿjan)
ve türk halklarynyñ hataryna aralaþypdyr.
Gyr-Kyr köklerinden dörän etnonimler þeÿle:
Gyrgy (mukri), Gyrgyly (keÿikçi), Gyrma (salyr), Gyrman (arabaçy),
Gyrryk (Ýgdir), Gyryk (gökleñ, ÿomut, teke, hatap, çavdyr), Gyrykly (ärsary),
Gyrymsa (ÿomut ve ve ärsary), Kyrranlar (garavul) ve Kyrryk (olam).
Dr. Farzad
MARJANI, Civil Engineer, Ph.D.
Ankara - TURKEY |
|
|
|