| GIZILA¥AK-GIZILBAÞ-GIZILERGENEK
Gyzylaÿaklar ärsarylaryñ uludefe bölümine baglydyr. Olaryñ bir bölegi
Türkmenistanyñ Halaç ve Kerki þäherlerinde ve olaryñ daþ-töveregindäki
obalarda ÿaþaÿarlar. Olaryñ Ma-gyþlakda ÿaþandyklary dogry, ÿöne XVII.
asyryñ baþlarynda olaryñ bir tofary Lebap taraflaryna gelÿär, beÿleki bir
tofary-da, galmyklaryñ gysyþy netijesinde Ahala ve Mänä tarap göçÿärler
(1641). Gyzylaÿaklar, Ma-gyþlaga göçüp gelmezlerinden ozal, ÿagny Gyrgyz
sährasynda oturan dövürlerinde, öz etnik adlaryna ÿagny Gyzylaÿak adyna
eÿe bolÿarlar. Alymlar, Gyzylaÿak sözüniñ gelip çykyþy-manysy barada belli
bir zat aÿdanoklar.
Gyzylbaþ sözi XIV. asyrda Ýranda, Azerbaÿjanda ve Kiçi Asiÿanyñ gündogar
velaÿatlarynda döreÿär. Agzalan ÿerlerde ÿaþan ve Säfävi hökümdalaryna
raÿat bolan türki (türkmen) taÿfalara, Anadolyda ÿaþan türkler, gyzylbaþ
diÿip ad beripdirler. Çünki Þah Ýsmail (1) Hatayÿnyñ atasy bolan Emir Haÿdar
Säfävi, öz goþunlaryna, 12 imamyñ hatyrasyna 12 sany gyzyl zolakly baþgap
(papak) geÿmegi höküm edÿär. Þonuñ üçiñ ilki þol goþunlara, soñra Säfävileriñ
raÿaty bolan ve Islam dininiñ Þia mezhebine eÿeren ähli türki taÿfalara,
þol sanda Þamly, Rumly, Tekeli, Avþar, Gajar ÿaly türkmen taÿfalaryna gyzylbaþ
diÿen ad galÿar. XVI. asyrdan soñra türki halklar, þol sanda türkmenler
Ýranlylara Gyzylbaþ diÿipdirler.
Geçmiþde türkmenleriñ gyzylbaþlar bilen ÿakyn aragatnaþyk edendikleri
üçin, olaryñ dürli tofarlary, türkmen taÿfalarynyñ hataryna aralaþypdyrlar,
Ärsarylaryñ, Göklenleriñ, Mürçelileriñ, Tekeleriñ, Stavropol Ýgdirleriniñ
hatarynda duþ gelÿän gyzylbaþ adly urug-tireler, þol tofarlaryñ galyndylarydyr.
Daþhavuz abdallarynyñ, Astrahan þäheriniñ golayÿndaky Funtovo-1 ve
Funtovo-2 obasynda ÿerleþen abdallaryñ bir urugyna Gyzyllergenek diÿip
aÿdylÿar. adyñ manysy ve gelip çykyþy barada anyk zat aÿdylmaÿar.
Ergenek sözi, gapy manysyndadyr ve Gyzyllergenek (Gyzylergenek) -de
gyzylgapyly (altyn-tylla gapyly) manyda ulanylan bolmaly.
Dr. Farzad
MARJANI, Civil Engineer, Ph.D.
Ankara - TURKEY |
|
|
|