TARIHIŇ ÝAPRAKLARINDA
TÜRKMENLER
GİRİŞ:
Taryhda ilkinji bolup ady agzalan Türk Govumy Hunlardyr. Olaryň ilkinji ýurtlaryňda
Mogolistandyr. Hytayýň taryhy çeşmeleri olara: Hiung-nu adyny
beripdirler. Hunlaryň peýdalanan ýaraglary bolsa ýaý,
ok ve gylyçdan ybarat bolupdyr. Bil guşaklary deriden ve eşikleriňde
sütükli deriden bolup, aýaklaryna ädik giýýänmişler. Olar
demirdon geýmegi Hytaýlylardan övrenipdirler. Hytaýlylar
bilen Hunlar arasynda, gudaçylyk-gyz alyp bermek ylaýta-da ýokarky
gatlaklaryň arasynda amala aşyrylypdyr.
Milatdan ozalky 130-nji yýllarda uly Hunlaryň Asiýa dövleti
gavşap başlaýar ve mülkleriniň çäkleriňde daralýar.
Häkimiýet köplenç demirgazyk-günbatarda ýaşaýan Hunlaryň
eline geçýär ve ileri taraflarda galan Hunlar bolsa dura-bara Hytaýlylaşýarlar.
Demirgazyk Hunlaryň arasynda ýüz beren özara uruşlar, häkimiýeti
güýçden düşürýär. IV. asyr çeşmeleri Avrupa Hunlary bilen Asiýa
Hunlarynyň bir kökdendiklerini öňe sürýärler.
Häkimiýet, Merkezi Günbatarda ýerleşen Hunlardan Altaý
daglary bilen ýayýk (Ural) derýasynyň arasyndaky
sähralarda ýaşaýanlary türkleşdiripdir. Ahyrsoňy 350-nji yýlda
Hazar deňizi boýlarynda ýaşaýan Alanlaryň ýurtlary
basylyp alynýar. Şundan soň Hunlar, ozallary Edessa diýip aýdylýan
häzyrki Urfa tövereklerine ýönelýärler (359-373). Olar soňra
(375) Don derýasynyňda geçip 380-nji yýlda Pannonia baryp ýetýärler.
Vena tövereklerinde Hunlaryň kelle süňkleriniň tafylanlygy bu
sözleri tassyklaýar.
IV. asyrda Hun dövletiniň häkimiýet merkezi, Hazar deňiziniň
ve Volga (İdil-Etil-Etila) derýasynyň kenar-ýakalarydy. İne
şu ýerlerden ýola düşen goşun, Kavkazlary hem gündogar Anadolyny
geçip Antakýany eýeleýär ve Filistine çenli ýetip
baryp, soňra ozalky ýurdyna gaýdyp gelýär.
V.asyrda Atilla tagta çykýar ve Hun dövletiniň çäkleri Danimarka,
Ren derýasynyň tövereginden İrana (belkemde Altaýlara) çenli
giňelýär. Atilla, 453-nji yýlda öz maksadyna ýetýär,
ýöne velin İldiko (Hildegund, Mikolt) bilen öýlenen vagty
geçirilen toý mahalynda aradan çykýar. Şundan soňra doganlar
arasynda ýüz beren agzalaçylyk, Hun dövletiniň güýjüni
peseldýär ve Atillanyň ogly İlek (Hökümdar) bir uruş mahalynda ölýär.
Atillanyň maşgalasy gündogara tarap ýönelen vagty, Avarlar, uly bir
hovp bolup orta çykýarlar. Atillanyň Dengizik (Deňiz ýeli)
adly oglynyň Konstantinopolisda kellesi kesilenden soňra (468),
onuň İrnek adly ogly galýar, ol-da Garadeňiziň boýlaryna
tarap yza çekilýär.
Şunlukdan gündogar Avrupa ve Asiýada ýaşaýan Hun tofarlary
bütinleý diýen ýaly dargapdyr, ýöne olardan bir
tofary, türklere garyşypdyr diýip taryhy çeşmelerde görkezilýär.
Ak-Hunlar diýip aýdylýan Heftalitler (Eftalitler), 460-nji
yýllarda Hazar deňizi bilen Ovganistanyň aralygynda ýerleşýän
sähralarda hem-de Ovganistanyň gaýra taraflarynda ýüze çykýarlar.
Olar Amyderýa bilen Syrderýanyň aralygyndaky SOGD sährasynda
ve Tian-Şana çenli bolan ýerlerde höküm sürüpdirler. Olar bilen
İranlylar ve İranlylaryň gol astynda bolan Ermeniler arasynda söveşler ýüz
berip dovam edýär.
Eftalitleriň günbatar tofary, İranlylar ýaly şäherlerde ýaşaýar,
olaryň bir bölegi-de Hyrystiýan dinine eýerýär.
Gündogarda ýaşaýanlar bolsa, türk tipli atly göçüp-gonup ýören
tofar bolupdyr.
Jzegledý, Bizanslaryň Uarhon diýip adlandyran Majaristandaky
Avarlar bilen Heftalitleriň Uar-hon (Avar-Hun) halk tofaryndandyklaryny
subut edýär. Heftalitler (Eftalitler) gysga vagtlap öz häkimiýetlerini
gündogar Hindistana çenli ýaýradýarlar. Toramana ve
Mihirakula (502-530) adly hökümdarlary, Gvalior ve Malva çenli girip
barypdyrlar. 563-nji yýldan soňra-da Göktürkler Heftalit dövletini
yýkypdyrlar. Günbatar Göktürk dövletiňde 766-nji yýlda dargaýar
ve oguzlar Seýhun derýasynyň eteklerine gelip ýerleşýärler.
ýöne şondan 100 yýl soňra olaryň Araplara garşy
göreşendikleri görülýär. Kapisa ve Gandharada bolsa, (XII. asyrda Hytaý
jahangeştesi Hiüen-tsangyň-da oňlaýşy ýaly Şahi
maşgalasy dövründe) Göktürkler Budizmiň uly hovandary bolupdyrlar.
Groussete görä bu maşgala (Gök Türkler) türk govumyndandyr. Taryhy çeşmelere
görä, Heftalitler bilen aýny dövürde ýaşan bir Hun govumy ilki
türkmen tofragynda soňra, Baktriada görünýär. Bizansly Priskos
Rhetor bular üçin "Kidarita" diýip aýdylýan
Hunlar sözüni ulanypdyr (Taryhta Türklük-Prof.Dr.Laszlo Rasoný-Ankara.1971).
Olaryň hökümdary Kün-han (Gün-Han), 465-nji yýlda Sasani hökümdary
Peroz bilen ýüz beren söveşde ýeňilýär. ýokardaki
maglumatlara esaslanyp, Hun dövleti vagtynda, belkem ondan ozalky dövürlerde-de
türkmen ady ve tofragy bolmaly diýip boljak.
İne şu türkmen tofragynda ýaşaýan türkmenler, beýleki
türki halklar ýaly köp gyn günleri başdan geçirýärler. Anadoly
tofraklaryndan tä Hytayýň çäklerine çenli bolan giňişlikde haýsy
halkyň vekilleri häkimiýete eýe bolan bolsalar, olaryň
bitiren işleriniň, ve söveşen milletleriniň arasynda türkmen ady
agzalmadygy ýokdyr. Nirede bir dövlet gurulan bolsa ýa onuň
hatarynda türkmenler bolandyr ýa-da şol häkimiýetler türkmenler
bilen elmydama uruşyp, kä ýeňip kä ýeňilip gelendir. Bu
ýagdaý iň bir gadymy dövürden tä XVIII. -XIX. ve hatda XX.
asyra çenli dovam edip geldi.
Ol, häzirki dövürde-de türkmenler azçylykda ýaşaýan dövletlerde
dürli görnüşlerde dovam edýär. Arman ozalky dövürlerde bolşy ýaly
häzirki dövürde-de türkmenleriň uly üstünlikler gazanmaklaryna päsgel bolýan
zat, olaryň arasynda agzybirligiň ve hyzmatdaşlygyň ýoklygydyr.
Türkmenler özara ylalaşyp bilmeseler ve öz aralaryndaky kiçi meseleleri aradan
çykaryp uly maksatlara-arzuvlara tarap bilelikde ýörimeseler, olaryň,
başga halklaryň vekilleri tarafyndan horlanmagy ve hak-hukuklarynyň
ellerinden alynmagy dovam eder gider. Arassa, gujur-gaýratly ve namysjaň,
aýdyň ve agzybir türkmenler baglasa bir ýere bili, gurydar
Gulzumy derýa-ýi Nili, diýen beýik akyldar
Magtymgulynyň dana sözleri iň köp häzirki vagtda öz uly manysyny ve
agramyny duýdurýar.
Biz öz bu kitabymyzda, şeýle uly halkymyzyň eýelän
tofraklaryndan ýetişen alymlary, han-begleri, olaryň ulanyp gelen
adam adlaryny bir ýere yýgnap siz gadyrly okyjylara hödürlemegi
niýet edindik. ýöne şeýle uly alymlar, han-begler ýetişdiren,
adyny taryhyň sahyfalaryndan egsik etmän gelen uly halkymyzyň
arasyndan samygy çykmaz my? elbetde çykar, ine türkmen samsyklarynyň eden
işlerini, biz obanyň iň bir baryp ýatan samsygy Nazargulynyň
ady bilen hödürlesek, işimiziň jemi bilen türkmenleri köp taraflayýn
tanydan bolarys diýip pikir etdik. İnşallah bu kitapda getirilen
maglumatlar, türkmenlere ve türkmen halkyny tanymak isleýän türkmen
bolmadyklara peýdaly bolar.
Türkmen adam adlary, Türkmen tofraklarynda önüp-ösen alymlar, Türkmen
han-begleri, Samsyk Nazar, ve iň soň-da sözlük bölüminden ybarat
bolan bu kitabymyzda her işde bolşy ýaly nätakyklyklaryň ve bärden
gaýtmalaryň bolan bolmagy mümkindir. Siz gadyrly okyjylaryň
degerli goşantlary bilen olaryň üsti ýetiriler ve şeýle
maglumatlar has giň hem dogry şekilde halkymyza hödürlener diýip
tama edýäris.
TÜRKMEN ADAM ADLARI
SÖZBAŞI:
Türkmen dili, türki dilleriň günorta-gündogar tofaryna girýär.
Türkmenler, esasan Türkmenistanda, İranda ve Ovganistanda ýaşaýarlar.
Bu ýurtlarda ýaşaýan türkmenler öz medeniýetlerini,
din hem dillerini goryp saklan bolsalar, Özbegistanda, Gazagystanda,
Täjigistanda, Astrahanda, Stavropol ülkesinde, Kyrymda, Hytaýda, Türkiýede,
Irakda, Avrupanyň dürli ýurtlary bilen Amerikanyň Birleşen
Dövletlerinde ve başga ýerlerde ýaşaýan ildeşlerimiz, ýa
öz medeniýetlerini, din hem dillerini bütinleý ýogaldypdyrlar,
ýa-da ýogaldyp barýarlar. Olara, bile ýaşaýan
halklar her jähtden täsir ýetiren-de bolsalar, türkmen bolup galmak
ugrunda jan çekýän köp ildeşlerimiziň bardygyny-da ýatlap
geçeliň.
Türkmen dilinde irili-avnukly otuza golaý dialekt-kepleşik hili bar.
Şonuň üçin türkmen adam adlary, dialektlere görä, biri-birinden
tafavutlydyr.
Türkmen adlarynyň aglabasy gelip çykyşy (köki) taýdan türkmen
diliniň öz sözleridir. Şolaryň içinde tebigat hadysalary bilen
baglanyşykly: Aýdogdy, Garýagdy, haývandyr guşlary aňladýan
Şir, Gaplaň, Jeren, Keýik, Sona, Tavus ýaly adlar iň
gadymylarydyr.
Türkmen dilinde adam adlary hökmünde dürli sözler-de ulanylýar:
*Ösümlik adlary: Çerkez, Gandym, GülÖ.
*Vagt aňladýan sözler: Safar, Rejep, Mered, Baýram,
Bahar....
*Gymmat-Baha daşlar-metallar: Altyn, Kümüş, Polat.....
*ýer-ýurt adlary: Tejen, Balkan, Gürgen, Etrek.....
*Daşky alamatlar: Hally, Tuvak, NarlyÖ..
Türkmen adam adlarynda, Islam dini bilen baglanyşykly geçen arap sözleri kändir:
Muhammed, Kerim (Abdylkerim), Jepbar (Abdyljepbar), MövlamÖ
Türkmenler arasynda, bäbeklere ad dakylanda, bir zady niýet etmek däbi
bardyr. Oglanlaryň batyr, edermen, durnukly adam bolup ýetişmegi,
gyzlaryň abraýly, edepli, arassa bolup ulalmaklary arzuv edilýär.
Şeýle-de olary gözden-dilden goryp saklajaklygyna ynanylýan
sözleriň-de ulanylanlygyny görmek bolýar.
Köne däbe eýerip bäbeklere gelşiksiz adlar dakmak adaty, ýuvaş-ýuvaşdan
aradan çykyp barýar. Türkmenler arasynda ogul hem gyza (ikisine-de)
dakylýan ad sany azdyr. Umuman erkekleriň ady gyzlaryňkydan
tafavutlydyr.
Kitapdaky türkmen adam adlary öz manylary hem ogula-gyza dakylyşy bilen
görkezilenligi üçin, ol barada kän aýdyp oturmak gerek däl. Her işde
bolşy ýaly, biziň bu işimizde-de kemçilikleriň bardygy, olaryň
gadyrly ildeşleriň ýerlikli ýardamlary bilen aradan
çykarylyp bilinjekligi hakykatyny kabul etmek bilen, onuň ildeşlerimize peýdaly
bolmagyny arzuv edýäris.
ADI BİLEN ÝAŞASIN!
GİRİŞ:
Her kimiň öz ady bardyr ve maşgalada, jemgiýetde şol ad bilen
tanylýandyr. Buşluk doganym boldy! diýip gelen oglana ozaly
bilen: gyzmy? ogulmy? diýilip soralýar, gyz bolsa bagty ýagşy
bolsun, oglan bolsa ýaşy uzyn bolsun diýilip aýdylýar.
Ondan soňra: Ady Näme? diýilip soralýar, buşluk habary
getiren oglan ýa bäbege dakylan ady aýdýar, ýa-da
entek (häzir) ad dakylanok diýip jogap berýär. ýakyn
garyndaşlara ve goňşylara aýlanandan soňra ol, uzagrakda
oturan ýakyn garyndaşlaryň öýlerine-de baryp buşluk habary
berýär, ol, her baran öýünden buşlugyny alýar.
Bu aýdylan zatlar, mundan 20-30 yýl ozalky gürrüň, indi
bolsa bir obada-da, başga obada-da hatda başga ýurtlarda-da bolsa, bir
salymda: alo! ballym boldy, diýip buşlanyp bilinýär. Häzirki
zamanda oba-ýerlerde bolamasa, şäherlerde ýaşaýan maşgalalaryň
bäbekleri keselhanalarda ýa-da dogum öýlerde dünýä gelýär.
Şondan 4-5 gün soňra-da gelin öýe getirilýär ve maşgalaň
ululary bäbege ad dakýarlar (dakýardylar).
Häzirki zamanda maşgala ulularynyň dakan ady öýde aýdylsa-da,
bäbek ulalyp mektebe giden vagty onuň ady başga bir zat bolup çykýar.
İne meselem dünýä gelen vagty oňa dakylan ad Abdyrahman bolsa ol soňra,
Mehran, Bijen, Ferzat, Kril ve ş.m. ýa-da gyza ozal dakylan ad Jemal,
SonaÖ bolsa ol soňra Ferişte, Ferhunda, Şähnaz, ýelena ve ş.m.
bolup çykýar.
Dogry, her bir adamyň öz ferzendine islän adyny dakmaga haky bardyr, ýöne
näme üçin öz türkmen adlarymyz däl-de ýa-da Gur'andan däl-de, bize
agalyk edýän (eden) ors, pars ve beýlekileriň dakýan
adlaryny biz (türkmenler) öz bäbeklerimize dakmaly?
Biz, parslaryň, orslaryň, paştunlaryň, almanlaryň, iňlisleriň,
fransuzlaryň ve beýlekileriň arasynda ýaşasak-da, öz
medeniýetimizi, urp-adatlarymyzy, dilimizi, dinimizi, ata-babalarymyzdan
bizlere ýeten däp-dessurlarymyzy goryp saklamalydyrys. Bile ýaşaýan
halklarymyzyň arasyna siňip, ýok bolup gidibersek, ozaly bilen
bizi masgaralajaklar, şol ýat halklardyrlar ve olar özlerine tabyn bolup
hemme medeni gymmatlyklarynyňhäsiýetlerini ýogaldýanlara:
görüň, näjüre ejiz adam, diýip kem göz bilen gararlar. Ösen-medeni
halklaryň dillerini ve medeniýetlerini övrenmek, öz diliňi ve
medeniýetiňi gorymak şerti bilen hoşdyr-makuldyr.
Türkmen bäbeklerine gadym zamanlarda dakylan adlaryň arasynda altaý
(türki, mogol ve mançur) dillerine mahsus bolan köp sözleriň ýany bilen
arap-pars dillerinden giren sözleriňde görmek bolýar.
Türkmenistanda bularyň ýany bilen ors dilinden giren köp sözler
göze ilýär.
Adam adlary gadym ata-babalarymyzdan galan gymmatly ýadigärlikdir, çünki
olarda geçmişdäki nesilleriň dünýägarayýşlary, söz baýlyklary,
döredijilik fantaziýasy, däp-dessurlary, başdan geçiren taryhy vakalary,
dürli dilde keplän halklar bilen eden yktysady ve medeni aragatnaşyklary aýdyň
şöhlelendirilýär.
Her kimiň öz ady bardyr, adamlara dakylýan adlaryň aglabasy,
dilimizdäki adaty sözlerden, gündelik durmuşda ulanyp ýörlen zatlaryň,
esbap-şaýlaryň, dürli hadysalaryň ÖÖ.. adlaryndan hasyl bolýarlar.
Häzirki vagtda manysy ýatdan çykan adlaryň hemmesi-de ilki ol
adlary döreden halk üçin düşnükli sözlerden emele gelipdir. Diýmek, hiç
hili many aňlatmaýan ad ýokdyr, ýöne uzak vagtyň
geçmegi bilen manysy unudylan adlaryň ilkinji-asyl manysyny ýüze
çykarmak üçin käýagdaýlarda köp zähmet çekmeli bolýar.
Adam adlary uzak vagtyň önümidir. Olar adamzat jemgiýetiniň
taryhy bilen göniden-göni baglanyşykly ýüze çykýarlar, jemgiýetiň
ösmegi bilen ösýärler, vagtyň geçmegi bilen käbir sözler
ulanylyşdan düşüp galýar, olaryň ýerini bolsa, täze sözler eýeleýär.
Her halkyň özüne mahsus bolan adlary bardyr. Garyndaş halklarda bu adlar
köplenç many taýdan biri-biri bilen gabat gelýärler, olaryň
döreýişinde-de, ulanylyşynda-da umumylyklar bar.
Dürli dil sistemi bilen sözleýän halklaryň adam adlarynda aýratynlyklar
bardyr. Meselem türk dilli halklaryň erkek ve aýal adlary üçin
ulanylýan sözleriň sany müňlere baryp ýetýär.
Adam adlarynyň haýsy dövürlerde dörändigini, haýsy dilleriň
sözlerinden hasyl bolanlygyny ve näjüre taryhy şertlerde ýüze
çykanlygyny şeýle görkezmek bolar:
1.-Umumyaltaý dillerindäki sözler: Altaý dilleri (türki, mogol,
mançur, tungus) üçin umumy bolan kän sözler bar. Meselem: Altyn, Baý,
Buga, Batyr, Gök ve ş.m. Bu sözler adam ady ýa-da goşma adyň bir
bölegi edip häzire çenli ulanylýar. Şeýle sözlerden emele gelen
türkmen adam adlaryny iň gadymy adlardan hasap edýärler.
2.-Gadymy türki dillerindäki sözler: Türki dilleriň aglabasy üçin umumy
bolup, olardan ýasalan adam adlary, türki dilleriniň gadymy ýazuv
ýadigärliklerinde kän göze ilýär. Meselem: Aý, Gün, yýldyz,
Arslan, Böri, Bugra, Taý, Kümüş, Demir, Gylyç, ýagmyr, Gut, Han,
Beg.
Bu sözler orta asyrlarda ve ondan öň-de adam adlary hökmünde
ulanylypdyr.
Türkmen Adam Adlary
Köne Türki Dilde Häzirki Dövürde
Akkul Akguly
Altu Alty
Altun Altyn
Arslan Arslan
Bagdur Batyr
Bek Beg
Buga Buga
Buri Böri
Erkin Erkin
Kutlug Gutly
Teňri Taňry
M.Kaşgarlynyň Divanynda Häzirki Dövürde
Aýas Aýaz
Altun Altyn
Baýzan Baýjan
Bogra Bugra
Komüş Kümüş
Kutlug Gutly
Küç Güýç
Kylyç Gylyç
Salym Selim
3.-Arap dilinden giren sözler: VII. asyryň ikinji ýarymy bilen
VIII. asyryň başynda türkmen tofragynyň araplar tarafyndan basylyp
alynmagy ve ýerli ilatyň yslam dinini kabul etmegi netijesinde
türkmen diline arap sözleri aralaşýar ve türkmenler Allah Tagalanyň,
Peýgamberleriň, imamlaryň adlaryny dakyp başlaýarlar:
Abdyllah, Abdulrahim (Abdyrahym), Abdulkerim (Abdykerim), Patma, Aýşa ve
ş.m.
4.-Pars dilinden giren sözler: Pars sözleriniň, türkmen diline aralaşmagy,
gadym zamanlardan başlanýar ve ol häzirki vagtda-da dovam edýär.
Ilaýta-da İran ve Ovganistan türkmenleriniň kepleşik dilinde, şeýle-de
adam adlarynda ol, aýdyň görülýär.
5.-Rus dilinden giren sözler: İran bilen Ovganistanda ýaşaýan
türkmenleriň diline Pars-Paştun dilleri täsir ýetiren bolsa,
Türkmenistanda ýaşaýan türkmenleriň diline-de Rus (Ors) dili
öz täsirini ýetiripdir. Şeýle täsir, ylaýta-da 1930-nji yýllarda
geçirilen Medeni Inkylap (!) diýilenden soňra, Rus-Türkmen nyka
baglanyşygynyň giň ýaýramagy bilen mövç alýar.
AD DAKMAKLIK BİLEN BAGLANIŞIKLI DÄP-DESSURLAR
Ata-eneleriň adyny dakmak däbi: Köp halklarda bolşy ýaly
bizde-de bu däp gadymdan bäri ýörgünli. Şonda ata-eneleriň adlaryny
unutmazlyk-ýatdan çykarmazlyk hem-de şolar ýaly uzak ýaşamaklyk
niýetlenipdir. Bir adam aýrylan vagty, eger onuň aýaly
gövreli bolsa, dünýä gelen bäbege şol adamyň ady dakylýar.
Eger-de gelin ýaş bolsa, köplenç ol, öz adamsynyň inisine dakylýar
(Bu däp, Oguzlardan galan ve bizde-de ýörgünli bolan däpdir). Eger-de aýrylan
adamyň ýaşy bir çene ýetip aýaly-da, oglan
dogurmakdan galan bolsa, onuň ady agtygyna dakylýar. Aýrylan
adamyň ogly ýok bolsa, onuň ady gyzynyň oglyna dakylýar
(Gelin-giýevi- razyçylygy bilen). Bu ýerde bellemeli zat, aýrylan
adamyň ady dakylan bäbege öz çyn ady däl-de, ata-kaka, baba, ene, käbe,
mamaÖ diýip aýdylýanlygydyr.
Uzyn ömür arzuv edilip dakylýan ad: Bu däp-de ýalňyz bizde
däl, eýsem türki halklaryň hemmesinde bar. Şonda uzyn ýaş
arzuv edilip, gaty metallaryň, uzyn ýaşaýan hem dürli
gynçylyklara döz gelýän haývanlaryň ady dakylýar:
Bekdurdy, Togta, Solmaz, Taýmaz, Polat, Tagan, Böri, Gurt, Altyn, Kümüş
ve ş.m.
Ogullary durmaýan maşgalalar gyzlaryna: Ogulgerek, Oguldöndi, Boldy,
Oguldurdy ve Dursun ýaly adlary, gyzlary durmaýan maşgalalar
bolsa gyzlaryna Gyzdurdy ýaly adlary dakýarlar.
Geçmişde gelşiksiz adlar-da dakylypdyr: Palta, Kerki, Kürre, Eşek ve İtalmaz. ýöne
şeýle adlar dakýan maşgalalaryň sany häzirki dövürde diýseň
azdyr.
Täze ad dakmak däbi: Gadym zamanlarda ozal dakylan adlary üýtgetmeklik
däbi bolupdyr. Meselem kän vagtlap keselläp ýatanlara: Açyl, Öre ýaly
täze adlar dakypdyrlar. Bu däp, taryhy şahslar arasynda-da bolupdyr.
Meselem: XVII. asyrda İranda höküm süren Safi adly padeşahyň (Şah Abbasyň
agtygydyr) kän vagtlap hassa ýatany üçin adynyň Süleýman diýip
özgerdilenligi bildirilýär. XI. asyrda Kiçi Asiýany basyp alan
Selçuk serdary Gutulmyşyň ady, oňa soňra dakylan addyr, onuň
ilkinji ady Süleýmandyr. Gelniň, gayýn öýüne gelende,
atasy öýünde aýdylýan ýalan ady däl-de çyn-hakyky
ady aýdylyp başlanýar. ýa-da gelin gelen öýde onuň
addaşy bar bolsa, gelniň ady halanmaýan (Doýduk, Besdir ýaly)
ad bolsa onuň ady özgerdilýär.
Dogluş tertibi bilen baglanyşykly adlar: Geçmişde türkmenler ilkinji bäbege Ak,
Aý sözler bilen başlanýan adlar dakypdyrlar, meselem: Aköýli
(Agöýli), Aksoltan, Aýsoltan. İkinji bäbege: Taýly, üçünji
bäbege bolsa: Tagan (üç aýakly demir gural), dördünji bäbege: Dörtguly,
bäşinji bäbege: Bäşim ve ş.m.
Ady bilen gelen bäbek: Geçmişde, bäbekleriň dünýä geliş şertleri,
olaryň bedenlerindäki aýratynlyklary göz öňünde tutulyp ad
dakylypdyr: Güýçgeldi, Gaýly, Giçgeldi, Tuvak, Saçly, Artyk, Alty
(barmak sany 6 bolsa), Goşa (barmaklary bitişik bolsa) ve ş.m.
Ekizlere dakylýan adlar: Ekizlere biri-biri bilen utgaşdyryp-sazlaşdyryp
ad dakmak däbi gadym dövürlerden bäri dovam edip gelýär: ýusuf-Ahmed,
Omar-Osman, Hydyr-İlýas, Zöhre-Tahyr, ýusuf-Zylyha, Äşe (Aýşa)-Patma,
Altyn-Kümüş ve ş.m.
Adam adlarynda dialekt aýratynlyklary: Türkmen adam adlary beýleki
türki halklaryňky bilen me-zeşdir. Türkmen tire-taýfalary arasynda
şive tafavutlyklary bar bolsa-da adam adlary many taýdan meňzeşdir.
Türkmen adam adlaryna olar bilen bile ýa-da goňşylykda ýaşan
halklaryň şive-dialektleriňde täsir ýetirendir: Araz (ýomut),
Oraz (teke), Rozi (Saryk), Anna (ýomut), Adna (Gökleň), Arna
(Saryk).
Familiýa-Soýady (ata-baba adlary): Gadym zamanlarda soýady
bolmandyr, Öogly, Ögyzy, Öaýaly diýen däp bolupdyr. Belli
alymlar, şairler arasynda ýa özleriniň özlerine ýa-da halkyň
olara dakan lakaby-tahallusy ýörgünli bolupdyr: Azadi, Zelili, İbn-i
Sina, FuzuliÖ
Soňralary adamlaryň taýfa-tireleri familiýa-soýady
edip ulanylypdyr: Annageldi Aç (ýomutlaryň Kelte taýfasynyň
bir şahasynyň ady), Annaberdi Salyr ve ş.m. Araplar Orta Asiýany
basyp alanlaryndan soňra bolsa adamlar dünýä gelen ýerlerini
soýady edip ulanyp başlapdyrlar: Farabi, Mervezi, Horezmi ýaly.
Soňky dövürlerde Türkmenistanda, İran ve Ovganistanda ýaşaýan
türkmenler Ors, Pars, Paştun däplerine eýerip ad hem soýadlaryny
olaryňky ýaly saýlap aldylar ve hatda ozal ata-babalarymyzyň
bellän ad hem soýadlaryny özgerdip olary jedidleştirmek, däbe aýlandy.
Näjüre Adlary Saýlap Almaly
Adam ady, onuň ömürlik ýoldaşydyr, şonuň üçin täze ad
dakylanda örän dykgatly bolmalydyr, çünki ol, ýeterlik delil bolmasa
kanun bilen-de çalşyrylyp bilinmeýär.
Ene-ataň vezifesi öz bäbegine gavy ad dakmak, ony terbiýeläp
okytmak ve öýli-işikli etmekden ybarat bolsa, oglanlaryň öz
ene-atalaryna hormaty-borjy ömür boyý dovam eder ve ol ýagşy-o-at
hyzmatdan ybaratdyr.
Bäbeklere gavy ad dakmak medeniýetiň-de alamatydyr, akylly, oý-düşünjeli
adam öz ferzendine ilhalar-mynasyp ad dakar.
Meselem: Mivelerden: Üzüm, Alma, Nar, HurmaÖ
Guşlardan: Sona, Sülgün, Tavus, Toty, LaçynÖ
Haývanlardan: Keýik, JerenÖ
Adam adlary gavy-manyly bolşy ýaly hakykatlara uýgun, aýdylmasy-da
aňsat sözlerden bolmalydyr. Bu usul nazara alynmadyk eserlere duş gelmek
bolýar.
Meselem: Arryk, Behişt, Eşek, Eşşek, Eşşekguly, Palta, Kerki, Teşe, Paş, Şänik,
Şire, Şaguly (şahyň guly bolmaz), Şagal, Çör, Hanjar, Tyrryk (gysga, hor,
suvuk tezek), Taňsyk, Sarymsak, Sayýl (gedaý), Porsy ve
ş.m.
Türkmen adam adlarynda goşma sözler bilen ýasalan adlar köp ulanylýar.
Meselem: Bibi, Bike, Rejep, Berdi, Geldi ve ş.m. Bu adlaryň her biriniň
öňüne ýa-da yzyna onlarça söz goşup täze adlar döretmek mümkin ve
türkmenler şeýle-de edipdirler.
Arap dilinden biziň dilimize giren sözlerden iň köp ulanylýany
Abd sözidir ve ol bende-gul diýmek bolup Allahyň adynyň öňünden
ýazylýar: Abdylkerim, AbdylgafurÖ ýöne, Muhammed, Resul ýaly
sözleriň öňünde Abd sözüni ulanyp resulyň bendesi-guly manysynda
bolan Abdylmuhammed, Abdylresul ýaly adlar döretmek dogry däldir, çünki
Allah Tagaladan başga hiç bir adamyň ýa-da gudratyň
bendesi-guly ýokdyr.
Abyl (Abul) sözi arap dilinde kaka (däde) diýmekdir, bu söz, adlaryň
öňünden gelýär: Abylkasym ýagni Kasymyň kakasy
(dädesi). Biz bu kitabymyzda türkmenler arasynda ýoň bolan goşma
sözler goşulyp döredilen adlaryň ujypsyzjasyny ulandyk, eger-de şeýle
adlaryň hemmesini ulanjak bolsak ol çenden aşa kän. Gül: Bagtygül,
Täzegül, TogtagülÖ
-A-
GIZ ADLARI
ABADAN : Bagtyýar, oňat.
AJAP : Ajayýp avadan gyz.
AGAGÜL : Agalarynyň güli, ilkinji dünýä gelen avadan gyz.
AKBÄBEK : İň soňky gyz bagtly bolsun.
AKJAGÜL : Bagtly-avadan gyz bolsun.
AKJAMAL : Bagtly-avadan gyz bolsun.
AKMEŇLİ : ýüzünde meňi bolan bagtly gyz.
AKSOLTAN : Gyzlaryň soltany-seresi bolsun.
ALTIN : Altyn-tylla ýaly gymmat-bahaly ve avadan gyz bolsun.
ASLI : Asyl sözünden ýasalan: asylly-terbiýeli gyz bolsun.
AVADAN : Görmegeý-avadan gyz bolsun.
AVLAK : Avlak ýaly şadyýan-ýakymly gyz bolsun.
AÝBİBİ : Nurana-avadan gyz bolsun.
AÝBİKE : Han-Begiň aýalyna ýüz tutulyp aýdylýan
söz. Avadan gyz.
AÝJAMAL : Nurana-görmegeý gyz bolsun. (Jamal:
Görk-gözellik).
AÝLA : Dolunaýda dünýä gelen gyz.
AÝLAR : Aýlaryň ayý, gözelleriň gözeli, iň-an
gözel gyz.
AÝNA : Aýna ýaly dury-arassa, gözel gyz bolsun.
AÝNUR : Aý ýaly nurana-gözel gyz bolsun.
AÝSEL : Aý ýaly, selbi (servi) boýly gyz
bolsun.
AÝSEN : Aý ýaly gözel gyz bol.
AÝSERE : Aý ýaly gözel gyzlaryň seresi-başy bolsun.
AÝSOLTAN : Aý ýaly gözel gyzlaryň soltany-seresi
bolsun.
AýŞA-ÄŞE : Muhammed (A) -yň bir aýalynyň ady. ýaşamaga
çalyşmak.
AÝŞAGÜL : Gül ýaly avadan gyz köp ýaşasyn.
GIZ-OGLAN ADLARI
AÇIL : Öňki ady özgerdilen, keselden açyl-gutul manysynda.
ADALAT : Adalatly ýaşasyn.
AKI : Jomart, sahavatly, açyk gövünli, asylly oglan.
AMAN : Sag-aman ýaşasyn.
ANNA : Anna güni dünýä gelen gyz-ogul (Annabagt-AnnaberdiÖ)
ARAZ : Bagtly gyz-ogul. Araza ayýnda dünýä gelen.
ARTIK : Bedeninde artykmaç ösüntgisi bolan gyz-ogul.
ARZUV : Arzuv edilip ýetilen gyz-ogul.
AŞIR : Aşyr ayýnda dünýä gelen gyz-ogul (Aşyrberdi,
Aşyrgül).
AÝJAN : Aýdogdy-aýjamal ýaly adlaryň gysgalan
görnüşi.
AÝHAN : Dolunaýda dünýä gelen gyz-ogul
AÝIM : Nurana oglan, aý ýaly avadan gyz.
AZAMAT : Şöhratly, belent ad-abraýly gyz-ogul bolsun.
OGLAN ADLARI
ABA : Kakaň-ataň hormatyna dakylýan ad, garyndaşlyk
terimi.
ABDI : Abdyllah-Abdyrahman ýaly adlaryň gysgalan görnüşi.
ADIL : Adyl-adalatly bolsun.
AGAJAN : Agasynyň ady dakylan oglan. Agalarynyň jany.
AGAMÄD : Agamuhammed (Agamämed) sözüniň gysgalan görnüşi.
AGAR : Bir türkmen taýfasynyň ady.
AGÖýLİ : Ak-bagtly öýde ýaşasyn.
AHMAD : Şöhratly-övgili oglan bolsun.
ALI : Belend derejeli. İslamda 4-nji halyfanyň ady.
ALTI : Alty barmakly ýa-da 6-njy oglana dakylýan ad. (Aliýe:
Gyz ady)
ANNAK : Annaguly ýaly adlaryň gysgalan görnüşi.
ARÇA : Pars: Kaç, TürK: Çam ýaly berk bolsun, köp ýaşasyn.
ARÇIN : Oba kethudasy-ýaşulusy.
ARÇMAN : Arçmanda dünýä gelen oglan.
ATA : Atasynyň ady dakylan oglan. Ata bolsun, önüp-össün.
ATABAL : Atasynyň ady dakylan. Ata bolsun, önüp-össün.
ATAŞ : Ata sözi bilen gelýän ad. Ot ýaly ýiti ogul
bolsun.
AÝDIŇ : Ayýň ýagtysynda dünýä gelen ogul.
Bagty açyk ogul.
AÝDOGDI : Aý doganda dünýä gelen oglan.
AZIM : Beýik-uly, ad-abraýly bolsun.
-B-
GIZ ADLARI
BAGDA : Bagdagül diýen adyň gysgalan görnüşi.
BAGTI : Bagtygül diýen adyň gysgalan görnüşi.
BAHAR : Baharda (ýazda) dünýä gelen gyz.
BAHARGÜL : Baharyň güli ýaly avadan gyz bolsun.
BÄGÜL : Bägül ýaly gözel gyz bolsun.
BİBİ : Hormatly, abraýly gyz bolsun. Hormatly aýala aýdylýar.
BİBİNİýAZ : Dilenip-ýalbarlyp alnan gyz (hormatly-eziz).
BİBİSARA : Hormatly, abraýly gözel gyz bolsun.
BİKE : Hormatly, uly derejeli gyz-aýal bolsun.
GIZ-OGLAN ADLARI
BAÝJAN : Baý hem jana ýakymly gyz-ogul bolsun.
BAÝRAM : Baýramda-aýd güni dünýä gelen gyz.
BERNA-BORNA : Juvan-täze, gözel gyz bolsun.
OGLAN ADLARI
BABA : Babasynyň ady dakylan oglan. Baba bolsun.
BABAJAN : Babasynyň jany.
BABAHAN : Babasynyň han ogly (agtygy).
BABIR : Bäbr (ýolbars-peleň) ýaly güýçli
bolsun.
BAGTIÝAR : Bagty ýary bolsun.
BAKI : Köp ýaşasyn diýip arzuv edilen oglan.
BALKAN : Balkanda dünýä gelen-Balkan dagynyň ady dakylan.
BATIR : Bahadyr, ýürekli oglan bolsun.
BAÝAR : Baý-dövletli oglan bolsun.
BAÝLI : Baý-dövletli oglan bolsun.
BAÝRI : Baý hem tejribeli oglan bolsun. Agyzly oglan
bolsun.
BAZAR : Bazar (ýekşenbe) güni dünýä gelen oglan.
BÄŞİM : Bäşinji ferzend.
BEGÇE-BEGENÇ : Abraýly. Kiçijik beg-begendiren oglan bolsun.
BORJAK : Çöl ösümligi, çöl çöfi ýaly kän bolsun.
BÖKE : Pälvan-güýçli bolsun.
BUGRA : İki örküçli diýe ýaly edermen bolsun.
BURKAZ : Bir türkmen urugynyň ady.
BÜRGÜT : Bürgüt guş ýaly güýçli ve algyr bolsun.
-J-Ç-D-
GIZ ADLARI:
JAHAN : Dünýäsi giň, asmany dury bolsun.
JAHANAÝ : Asmany- ayý-gözel gyz.
JAMAL : Jemal, avadan, gözel gyz.
JEMİLE : Avadan-görmegeý gyz bolsun.
JENAN : Janlaryň jany-mähriban gyz bolsun.
JEREN : Keýik-maral, avadan-çalasym, şadyýan gyz bolsun.
ÇEMEN : Gülli otlar gögerýan ýer. Çemen ýaly hoş ýüzli
bolsun.
ÇINAR : Çynar ýaly başy dik bolsun-kän ýaşasyn.
DESSE : Deste-desse gül ýaly avadan gyz bolsun.
DİLEG : Dilek-arzuv edilip ýetilen gyz.
DOÝDUK : Gyzdan doýduk, indi bize ogul gerek manyda dakylýan
ad.
DÖNDİ : Şu gyzyň yzyndan oglan bolsun, ogla tarap dönsün.
DURNA : Durna guş ýaly avadan, aram, sabyrly bolsun.
DURSUN : Dursun-ölmesin, köp ýaşasyn.
DÜNÝÄ : Dünýäsi giň, asmany dury bolsun.
GIZ-OGLAN ADLARI
JUMA : Anna güni dünýä gelen ferzend.
DEŇİZ : Deňiz ýaly gi- gövrümli ve dövletli bolsun.
DERÝA : Deňiz ýaly giň, derýa (akar suv) ýaly
joşgunly bolsun.
DİDAR : Öýümize ýüzi düşen, avadan-gelşikli gyz-oglan.
DURDI : Dursyn-ölmesin.
OGLAN ADLARI
JELİL : Abdyljelil, uly-şöhratly, allahyň guly.
JEPBAR : Abdyljepbar, taňrynyň guly, güýçli oglan
bolsun.
JEÝHUN : Jeýhun derýasy ýaly joşsun.
JORA : Ýoldaş-hemra, dost-boýdaş.
JOŞGUN : Joşgunly, şadyýan, suv joşanda dünýä gelen oglan.
JÜNEýT : Az sanly goşun, goşun ýaly güýçli bolsun.
ÇAGRI : Selçukly soltanyň ady, çagyrylan.
ÇAKAN : Çalymtyk-mavy gözli-alagöz.
ÇAVDUR (ÇAVDIR) : Gadymy türkmen taýfasynyň ady.
ÇERKEZ : Bir ösümligiň ady, ot.
ÇOPAN : Mal-garaly baý bolsun-Çofan.
ÇÜVDE : Paltanyň ýe-sesi, kelläň ýe-se tarafy.
(Berk-Sagdyn)
DAGDAN : Dagdan agajy ýaly berk, sagdyn-daýav bolsun.
DAŇATAR : Daň atan vagtyňda-dan dünýä gelen
ferzend.
DAýANÇ : Ata-enesiniň daýanjy bolsun.
DİÝAR : Vatan-ülke, il-gün.
DÖRTGULI : Dördünji oglan. (Dördülenji)
DÖVLET : Dövletli, baý-bagtly bolsun.
DURMUŞ : Dursun-ölmesin, köp ýaşasyn.
DUŞEM : Heptäniň Duşenbe güni dünýä gelen oglan.
-E-F-
GIZ ADLARI
EJEGIZ : Ejesiniň gyzy.
EJEKE : Aýrylan uly aýal doganyň ady dakylan gyz.
EJEŞ-ENEŞ : Eje sözi bilen gelýän adlaryň gysgalan görnüşi.
EJEV : Aýrylan ejäniň ady dakylan gyz. Eje sözi bilen-de gelýär.
ENE : Dädesiniň aýrylan enesiniň ady dakylan gyz.
ENEKÄBE : Dädesiniň aýrylan enesiniň ady dakylan gyz. Käbe ýaly.
ENEKE : Enekäniň ady dakylan gyz (Eneke: başgasynyň oglanny
saklan).
OGLAN ADLARI
EMİN : Inamly-dogruçyl oglan bolsun.
ERKİN : Azat-erkin ýaşasyn.
ESEN : Aman-esenlik, dynçlyk. Hasan adynyň üýtgän görnüşi.
ETREK : Etrek derýasy boýunda dünýä gelen oglan.
EÝMİR : Türkmeniň Eýmir taýfasynyň ady dakylan
oglan.
EÝÝUB : Eýýup peýgamberiň ady dakylan
oglan-hormatly.
FATMA : Patma, Oglany süýtden kesen aýal manysynda.
FAÝZULLAH : Allahyň faýzy siňen-sahavatly oglan bolsun.
FAZIL : Bilimli, akylly, dana oglan bolsun.
-G-H-
GIZ ADLARI
GEŇLİK : Geň, ata-enesiniň göz guvanjy gyz.
GÖVHER : Gövher ýaly gymmat-bahaly söýülen gyz bolsun.
GÖZEL : Avadan-gelşikli, görmegeý gyz bolsun.
GUNÇA : Açylmadyk gül, gunça ýaly avadan-gözel gyz bolsun.
GÜL : Gül ýaly avadan, ýakymly, özüne çekiji gyz bolsun.
GÜLNAR : Naryň güli ýaly avadan gyz bolsun.
GÜLNUR : Gül ýaly nurly-avadan gyz bolsun.
HAJAR : Göçüp ýören-İbrahim (A)-yň aýalynyň ady.
HAJAT : Gerek zat, zerur zat, isleg-arzuv edilip ýetilen gyz.
HALİMA : ýuvaş-rehimli, mylayým gyz bolsun.
HALLI : Bu ad gyz hem oglana dakylýar: Hal-ýagdayý ve
bagty ýagşy bolsun.
Endamynda haly bolan gyz-oglan.
HATIJA : Hz.Muhammediň birinji aýalynyň ady.
HESEL : Asel, bal, süýji dilli-ýakymly gyz bolsun.
HURMA : Süýji dilli-uly derejeli gyz bolsun.
HÜÝRİ : Huri, peri ýaly avadan gyz bolsun.
OGLAN ADLARI
GAJAR : Gajar diýen türkmen taýfasynyň ady dakylan
oglan.
GADIR : Gadyrly-gymmatly. Gadyr gijesi dünýä gelen oglan.
GANDIM : Çöl ösümligi bolan Gandym ýaly dözümli hem kän bolsun.
GAPBAR : Abdylgapbar (abdylgaffar), Hudayýň guly, magfiret
ediji.
GAPUR-Gafur : Abdylgafur (Hudayýň guly), geçirimli.
GARLI : Garly havada dünýä gelen oglan.
GAVŞUT : Sag adam, ata-enesine gavuşan oglan.
GAÝIP : Oglanlary durmaýan maşgalalarda dakylýan ad.
GAÝLI : Gaý turan güni dünýä gelen oglan.
GAÝRAT : Gaýratly-edermen oglan bolsun.
GILIÇ : Akylly, kesgir-ötgir bolsun.
GİÇGELDİ : Vagtyndan gijä galyp dünýä gelen oglan.
GORGAN : Gala, gala ýaly gorysyn-saklasyn.
GUVANÇ : Guvançly-söýgüli ogul bolsun.
GÜRGEN : Sagdyn agaç. Gürgen derýasynyň ýakasynda dünýä
gelen.
GÜÝÇGELDİ : Kynlyk bilen dünýä gelen oglan.
HABİP : Hebib, ýakyn ýoldaş-dost, söýgüli-ýar.
HAKAN : Arabaçy. Gadymy türk han-soltany.
HALİL : Abdylhalil (allahyň guly). Vefaly dost.
HALİM : Abdylhalim (allahyň guly). Rehimli-mylayým, ýuvaş.
HAMİD : Abdylhamid (allahyň guly). Övgä mynasip.
HAÝDAR : Arslan-edermen adam.
HEKİM : Abdylhekim (allahyň guly). Bilgir-tebib.
HIDIR : Hyzyr, gök-ýaşyl övüsýän. Ekizlerde İlýas bilen
bile.
-I-İ-K-L-
GIZ ADLARI
IMSA : Imsynmak, hantama bolmak, tamakin bolup ýetilen gyz.
KEKİL : Käkilli-saçly avadan gyz.
KEÝİK : Keýik ýaly avadan gyz bolsun.
KÜMÜŞ : Görmegeý-avadan gyz bolsun.
LÄLE : Gyzyl gül, çigdem, parlak gül ýaly gyz bolsun.
LEÝLA : Leýli sözünden dörän ad. Gül ýaly gözel gyz.
OGLAN ADLARI
ILýAS : İlýas, ekizlerde Hydyr bilen bile gelýär.
İDRİS : Okuvly-bilimli.
İGDİR : Türkmenlerin İgdir taýfasynyň ady. İg'dir (gul däl).
İLAMAN : İl-günümiz aman bolsun, bagtly oglan bolsun.
İLLİ : İlli-günli, il-gün bilen bile ýaşasyn.
İSA : İsa peýgamberiň ady dakylan-ýishak-İshak.
KADIR : Abdylkadir (Allahyň guly) -güýçli, gudratly, ukyply.
KAýýUM : Abdylkaýýum (Allahyň
guly)-Mydamylyk.
KEMAL : Kämil-ýetişen, bişişen.
KEREM : Sahylyk, eli açyklyk.
KERİM : Abdylkerim (Allahyň guly). Sahavatly-keremli.
KEýMİR : Keý (padeşah), mir (emir)-dogumly serdar.
KIÝAS : ýardam-kömek. Ekizlerde Kovus bilen bile gelýär.
KIÝAT : Kyýas adynyň özgeren görnüşi.
KOVUS : Kavus, ýaý, yýldyz, ýardam. Ekizlerde Kyýas
bilen bile.
KÖMEK : Ata-enesine kömek ediji bolsun.
KÖRFE : Gyz hem ogla dakylýan ad: İň kiçi ferzend.
KÖŞEK : Köşek ýaly gelşikli, göze ýakymly bolsun.
KÜREN : Köfelsin, ýaýrasyn manysyndadyr.
LAÇIN : Algyr guş ýaly bolsun.
-M-N-
GIZ ADLARI
MAHIM : Ayým, aý ýaly gyzym.
MAMA : Mamasynyň ady dakylan gyz.
MAMAGÜL : Mamasynyň güli.
MARAL : Maral ýaly avadan gyz bolsun.
MAÝA : Maýa ýaly ýuvaş-mähirli gyz bolsun.
MAÝSA : Gögerip oturan ýaş-arfa-bugdaý. Maýsa ýaly
övüşginli.
MELEK : Perişte, perişte ýaly hayýrly.
MERJEN : Merjen ýaly gymmat-baha gözel kyz. ýakup-Merjen.
MERýEM : Semiz-sagdyn gyz. Hz.İsanyň ejesiniň ady.
MİVE : Süýji dilli gyz bolsun.
NABAT : Nabat ýaly süýji-ýakymly gyz bolsun.
NÄZ : Niýaz sözü bilen gelýän goşma adlaryň gysgalan
görnüşi.
NÄZİK : Mylayým, ýumşak, täzeje.
NERGİS : Sary ýaprakly avadan gül. Nergiz.
NİGÄR : Görmegeý, avadan gyz.
NOBAHAR : Novbahar, baharyň başlanan vagty dünýä gelen gyz.
NOVÇA : Sagdyn, ýaş-avadan gyz.
NOVGÜL : Täze gül.
NURGÜL : Nurana, gülýüzli gözel gyz.
GIZ-OGLAN ADLARI
MELE : Bugdaý reňk gyz-oglan.
MEŇLİ : Bedeninde (ýüzünde) meňi bolan gyz-oglan.
MERED : Şaban ayý dünýä gelen. Murat-maksad-Myrat.
NARLI : Bedeninde nary (gyzyl tegmilli) bolan gyz-oglan.
NAZ : Niýaz diýen adyň gysgalan görnüşi.
NURI : Nur sözi bilen gelýän goşma ad.
OGLAN ADLARI
MAGTIM : Bir türkmen taýfasynyň ady. Aga-ýolbaşçy-baştutan.
MAHMUD : Mahmyd, övgüli, övgä mynasyp.
MAŞAL : Bedeninde tegmili bolan bäbek. Maş'äl: Şöhleli, nurly.
MAŞRIK : Bir türkmen taýfasynyn adyňGündogar, il-güne nur
saçan.
MÄMİ : Mämed-Muhammed diýen adyň gysgalan görnüşi.
MÄTER : Mehter (Pars sözi)-uly manysyndaky söz.
MÄTİ : Mehdi, dogry ýol bilen alyp baryjy.
MEJİD : Abdylmejid (Hudayýň guly). Görmegeý,
şanly-şöhratly.
MERGEN : Nyşana dogry urýan. Mergen oglan bolsun.
MUHAMMED : Övgä mynasyp. Ahyr zaman (iň soňky) peýgamberiň
ady.
MURTAZA : Saýlantgy-seçilen. Hz.Alynyň lakaby.
MUSA : Hz.Muhammedden öň geçen peýgamberiň ady.
MUSTAFA : Saýlanan-seçilen. Muhammed peýgamberiň
lakaby.
NADIR : Nedir, seýrek duş gelýän, gyt.
NAGMAT : Nygmat diýen adyň özgeren şekli.
NASIR : Abdylnasyr (Allahyň guly). Kömekçi, hemeýatçy.
NAZAR : Garayýş, esevan boluş.
NEJEP : Nejef, Hz.Alynyň jaýlanan ýeriniň ady (şäher).
Defe.
NEFES : Nepes, dem, dem alma.
NIGMAT : Nagmat, dövletli bolsun.
NOBAR : İlkinji ýetişen mive.
NOBAT : Gezek. Öz gezeginde dünýä gelen oglan.
NOHUR : Nohur taýfasynyň ady dakylan oglan.
NOVRUZ : Täze gün. Hijri şemsi yýlyň başlanýan güni.
-O-Ö-P-R-
GIZ ADLARI
OGULBAGT : Bagtly gyzyň yzyndan ogul bolsun.
OGULJAN : Şu avadan-jan gyzyň yzyndan ogul bolsun.
OGULGEREK : Gyzymyz ýeterlik, indi bize ogul gerek.
OTAGA : Başymyzyň bezegi-täji gyz.
OVADAN : Avadan, görmegeý, gözel gyz.
OVLAK : Avlak, şadyýan-ýakymly avlak ýaly gyz
bolsun.
ÖMÜR : Ömürli bolsun, kän ýaşasyn.
ÖVSER : Övsün (äfsun) atyp duran parlak-avadan gyz bolsun.
PAMIK : ýumşak, mylayým, hoşgylav, mähriban gyz bolsun.
PATMA : Fatma, emjekden aýrylan gyz. Muhammed (A)-yň gyzynyň
ady.
PERİ : Perizat ýaly avadan gyz bolsun.
RABIGA : Rabia, dördünjü (erkeklerde Çary).
RAGNA : Avadan, Ra'na, bir gülüň ady.
REÝHAN : Hoş ysly ösümlik.
RIZVAN : Jennetiň bir ady. Ilalaşykly-razyçylykly.
OGLAN ADLARI
OGŞUK : İki ýaşynyň içindäki diýe ýaly aram ogul
bolsun.
OGUZ : Avuz-ilkinji süýt. Päk niýet, Oguzhanyň ady.
OMAR : Dört çarýaryň biriniň ady.
OSMAN : Dört çarýaryň biriniň ady.
ÖDE : Ata-enäniň, il-günüň tamasyny ödesin.
ÖRE : Örlesin, keselinden gutulsyn (soňradan dakylan ad).
ÖVEÇ : Üç ýaşyna giren goýun. Mally-dövletli bolsun.
ÖVEZ : Övezine gelen-bäbekleri durmaýan maşgalalarda dakylýar.
PELEŇ : Peleň-ýolbars ýaly güýçli-haýbatly
bolsun.
PENA : Maşgalanyň-iliň penasy bolsun.
PIGAM : Peýgam, habar, sargyt, buşlyk.
PIHI : Pygamyň gysgalan görnüşi.
POLAT : Polat ýaly berk janly-sagdyn olsun.
RAHIM : Abdyrahym (Allahyň guly), rehimli.
RAHMAN : Abdyrahman (Allahyň guly), rehimli.
RAHMET : ýuka ýürekli, rehim etmek.
REJEP : Erejep, kameri ayýň 7-njisi.
RESUL : İlçi, peýgamber.
REŞİT : Reşid, Akylly, akly kemala ýeten.
REZZAK : Abdyrezzak (Allahyň guly). Ryzk beriji.
RIZA : Kanagatly, 12 imamyň 8-njisi. Razy bolmak.
RÖVŞEN : Nurana, ýaldyravuk.
-S-Ş-
GIZ ADLARI
SAÇLI : Uzyn saçly dünýä gelen gyz.
SADAP : Sadaf, gymmatly daş, eziz gyz.
SARIÝA : Saryýagyz-avadan gyz.
SÄHER : Säherde-da-dan dünýä gelen gyz.
SELBİ : Selvi, serv agajy, servi boýly-avadan gyz bolsun.
SELİME : Sagdyn-kemsiz gyz bolsun.
SENEM : Avadan, söýgüli-gözel gyz bolsun.
SOLMAZ : Solmasyn, elmydam ter dursun.
SOLTAN : Saltan, padeşah, häkim, adly-abraýly.
SONA : ýaşylbaş, avadan ördek, görmegeý gyz.
SONAŞ : Sona sözi bilen gelýän goşma ad.
SÜLGÜN : Avadan-görmegeý, ajayýp gyz. Meýdan tavugy.
SÜMBÜL : Sünbül, gavy ysly ösümlik. Gül ady.
SURAý : Süreýýa, lustre, çyra. Ülker yýldyzynyň
ady. Parlak gyz.
ŞEKER : Şeker-gand ýaly süýji-ýakymly gyz bolsun.
ŞEMŞAD : Şemşat, gaty, sagdyn hem avadan agajyň ady. Şemşad ýaly.
ŞİRİN : Süýji, dadly, tagamly.
OGLAN ADLARI
SADIK : Vefaly, dogryçyl, göni.
SAHI : Eli açyk, jomart.
SAİD : Bagtly oglan (Saide, Bagtly gyz).
SALIH : Abdylsalyh (Hudayýň guly). ýagşylyk, dogryçyl.
SANJAR : Düşmanlary sançýan, ýeňýän, ogul bolsun. ýeňer.
SAPA : Safa, rahat.
SARI : Saryýagyz gelşikli oglan. Saryk taýfasynyň ady.
SATLIK : Çagalary durmaýan maşgalalar, satyn alýan ýaly ad
dakar.
SAÝAT : Türkmen taýfasynyň ady. Seýýadyň
gysgalan görnüşi.
SAÝLAV : Saýlav güni dünýä gelen oglan (täze ad).
SELÇUK : Oguz-türkmenleriň uly serdarynyň ady.
SELİM : Sagdyn-kemsiz oglan.
SENA : Övgi, doga, alkyş.
SERDAR : Başlyk, ýolbaşçy.
SETTAR : Abdylsettar (Allahyň guly). Günäniň üstüni ýapyjy.
SEÝDİ : Seýit, aňyrlaryny peýgamber (A)-dan alýan
tofaryň ady.
SEÝFULLAH : Allahyň gylyjy.
SÖÝEG : Daýanç, direg, kömekçi. Ata enesiniň daýanjy
bolsun.
SÖÝÜN : Hüseýin, gavy, avadan-gelşikli.
SÖýÜNJALI : Söýündiren, begendiren, belent derejeli oglan.
SÖZEN : Çöl ösümligi ýaly jydamly bolsun, köp ýaşasyn.
SUMBAR : Sumbar derýasynyň ady. Şol derýaň kenarynda
dünýä gelen.
SÜBHAN : Suvhan, övgi, şöhrat. Allah tagalanyň ady.
SÜLEýMAN : ýer ýüzündäki hemme haývanlaryň
dilini aňlan peýgamber.
ŞÄHER : Şäherde dünýä gelen oglan.
ŞEÝDA : Hetden aşa aşyk, däli.
ŞİR-ŞİRİ : Şir-ýolbars.
ŞİRLİ : Şir sözi bilen gelýän adlaryň gysga görnüşi.
ŞÖHRAT : Şöhratly, ad-abraýly, meşhur oglan bolsun.
-T-U-Ü-V-Ý-Z-
GIZ ADLARI
TARLAŇ : Laçyna meňzeş guş, algyr, av guşy.
TAVUS : Tavus guşy ýaly avadan-görmegeý gyz bolsun.
TÄZEGÜL : Ter-täze gül ýaly avadan gyz bolsun.
TOGTA : Togtasyn, dursun, ölmesin, kän ýaşasyn.
TOGTAGÜL : Gözel gyz togtasyn, ölmesin.
TOKAR : Keýigiň avlagy ýaly gözel gyz bolsun.
TOTAý : Gyz-aýal adlarynyň goşma ady, hormatly-abraýly
bolsun.
TOTI : Toty (Tuti) guş ýaly avadan bolsun.
TOVŞAN : Tavşan, ýüvrük, yýldam bolsun, duşmana ýetdirmesin.
TUMAR : Hormatly-avadan gyz bolsun.
TURAN : Gadymi türk ýurdy (İran-Turan).
ÜLKER : Ülker yýldyzy (Süreýýa) ýaly parlak gyz
bolsun.
ÝILDIZ : yýldyz ýaly parlak, avadan gyz bolsun.
ÝÜPEK : ýüfek, ýüfek ýaly ýumşak-ýakymly
gyz bolsun.
ZÖHRE : yýldyz ady bolup, şol ýaly parlasyn diýen
arzuv.
GIZ-OGLAN ADLARI
TOÝ-TOÝLI : Toý güni dünýä gelen, toyý
kän bolsun.
TUVAK : ýüzi perdeli-örtgili gelen gyz-oglan. Goşma ad.
OGLAN ADLARI
TAGI : Takva, dindar. Dayý sözüniň gadymy görnüşi.
TAHIR : Arassa-päk.
TAÝMAZ : Aýagy taýmasyn, sürüşmesin, kän ýaşasyn.
TÄŞLI : Täçli ulalsyn, ad-abraýly bolsun. Goşma ad.
TEJEN : Tejende dünýä gelen oglan.
TİRKEŞ : Tirkeşsin, kän oglan bolsun.
TORGAÝ : Torgaý guş ýaly görmegeý bolsun.
TORUM : Köşek ýaly aram, mally-dövletli bolsun.
TOÝÇI : Toý tutsun, toyý köp bolsun.
TÖRE : Baştutan, başlyk, urp-adat.
UGUR : Bagt, maksad, tarap, şans.
UMİD : Umid-tamany ödejek oglan bolsun.
VELLEK : Veli sözi bilen gelýän adlaryň gysga görnüşi.
ÝAGMIR : ýagyş ýagan mahaly dünýä gelen
oglan.
ÝAHÝA : ýahýa peýgamberiň ady dakylan
oglan.
ÝALKIM : ýalkymly-nurly-nurana ogul bolsun.
ýARAN : ýar sözüniň köplük görnüşi.
ÝAŞAR : Kän ýaşar, ölmez.
ÝILDIRIM : yýldyrym ýaly çalasym-yýldam
bolsun.
ÝILGAÝ : Bir türkmen tiresiniň ady.
ÝUNUS : Kebder-gögerçin. ýunus peýgamberiň ady.
ÝUSUP : ýusuf, ýakup peýgamberiň oglynyň
ady.
Akja bäbegini basyp bagryna
Otyr ene şadyýana yýlgyryp.
Käte bolsa şirin-şirin hüvdüläp
Emdirýär balasyn gövsüni gerip.
Şeýle soval bilen ýüzlendim enä:
Ady nme balaňyzyň ene jan?
Diýdi: Parahatdyr ady dünýämiň
Ömrem abad bolsun, gyzym Sona jan.
Adamlar, adamlar, eziz adamlar,
Eşidýärmisiňiz enäň jogabyn
Oglunyň adyna Parahat dakdy,
Görmesin diýp, dünýä urşuň azabyn.
Arzygül Amanlieva
Edebiýat ve Sungat
1964-nji yýl 7-nji Oktober.
Türkmen Halky ve
onuň Gadymiýeti
Barada Gysgaça Söhbet
ýakyn ve Orta Gündogardaky gadymy halklaryň biri hasaplanylýan
türkmenler, öz köp asyrlyk taryhynyň hiç bir dövründe-de Prof.ý.E.Bertels
aýtmyşlayýn, edebiýatsyz oňmandyrlar. Şol
gündogarşinasyň pikirine görä türkmenler ýaly şeýle
şahandaz, şairana tebigatly halkyň şonsuz oňmagy asyl mümkin däl.
Onsoňam taryhda ykrar edilşi ýaly küzegärçilik, şekillendiriş,
sazçylyk, atşynaslyk, halyçylyk, zergärçilik sungaty, gadymy ve baý
folklory bolan halkyň ala-böle edebiýatynyň bolmazlygy, kanuna
layýk zat däldir.
Hakykatda velin, bilýän-de bolsak bilmeýän-de bolsak, olaryň
näçeräk böleginiň saklanyp galandygyny anyklamagy entek doly başarmaýan-da
bolsak, şu töverekdäki beýleki gadymy halklaryňky ýaly, biziň
halkymyzyň hem, orta asyrlarda-da, has irki zamanlarda-da öz umumy
ösüşine, dövrüň şertlerine, talaplaryna layýk gelen edebiýatynyň
bolandygyna şaýatlyk edýän çeşmeler, dürli faktlardyr maglumatlar
bar. ýöne arman şol edebiýatyň nusgalary gadymy dövürlerde
midiýalylar, kuvvatly Parfiýa dövletiniň synmagyna sebäp
bolan sasanylar, soňra-orta asyrlarda arap, mogol ve gaýry
basybalyjylar tarafyndan tas bütinleý diýen ýaly ýok
edilipdir. Emma her bir halkyň özüni, tutuşlygyna ýok edip bolmaýşy
ýaly, onuň edebiýatydyr sungatynyňda düýbünden ýok
edip bolmaýar. Taryhdan bilişimiz ýaly, bu iň bir ýavuz
duşmanlara-da başartmandyr. Şeýle bolansoň, şol zamanlardan, ylaýta-da,
onuň orta asyrlaryndan saklanyp galan edebi nusgalar ýok däl.
Munuň hut şeýledigine göz ýetirmek üçin, gadym zamanlaryň
edebi eserlerinden biziň eýýamymyzdan öňki I.müňyýllygyň
2-nji ýarymynda Türkmenistanyň tofraklarynda bolup giden ýunan
alymlarynyň (Herodot, Kteziý, StrabonÖ), şolara salgylananlaryň
(Poliýen, Hekateý, DiodorÖ) kitaplarynda saklanyp galan hem-de beýan
edýän vakalary, esasan Günorta Türkmenistanda, Merkezi Garagumda, Uzboý
tövereklerinde ýaýba-lanan rovaýat-hekaýalar, ýazuvly
nusgalar bilen ýüzleýje tanyşmaklyk-da ýeterlikdir.
Şolaryň ilkinjisinde, Herodotyň ýazmagyna görä,
Massagetlerden, Strabonyň ýazmagyna görä bolsa, Saklardan bolan
hökümdar aýal Tumarysyň Milatdan ozalky 530-njy yýlda
kuvvatly hem gazaply Ahmeni (Hehameneşi) şahy Sirus-e sani/Kuroş-e Kebire
(m.o.559-530/İran çeşmeleri bolsa ony 550-530 diýip ýazýarlar)
garşy alyp baran aýgytly göreşi hem onuň Uzboý
tövereklerinde gazanan uly ýeňişi beýan edilýär.
Taryhdan bilişimiz ýaly şol söveşde Kuroşyň haý-haýly
goşuny, az sanly sähra merdanlary tarafyndan derbi-dagyn edilýär ve
özüniň-de kellesi kesilip, gandan doly meşige atylýar.
Şol rovaýatlaryň ikinjisinde, ýokarda agzalan ýeňişden
17 yýl soňra, ýagny biziň eýýamymyzdan öň
513-nji yýlda Türkmenistanda ýaşap ýören govumdaş taýfalara
İran dövleti tarafyndan salynýan agyr salgytlara, edilýän
jebir-sitemlere jydap jydap sabyr käseleri dolan ýerli ilatyň
turzan gozgalaňyny basyp ýatyrmak, olara rehimsiz jeza bermek üçin
uly güýç yýgnap gelen Midiýa şahy Dara I.-ni (Darýuş-e
bozorgiň biziň eýýamymyzdan ozalky 522-486-nji) şol
vagtyň uruş taktikalary bilen Garagumyň çöllerine çenli elten ve onuň
goşunlaryny aç-suvsyz ýagdaýa salan ve şeýdip öz
ildeşlerini elhenç gyrgynçylykdan gutaran Nusaýly Sak seýislerinden
Saragyň merdanalygy barada gürrüň berilýär. Saragyň
özi-de şol ýerde ýüz beren uruşde şehit düşýär.
Başga bir rovaýatda, tahmynan m.o. V. asyryň ahyrlarynda, ýa-da
IV. asyryň başlarynda häzirki Kaka (Türkmenistanda) tövereklerinde
hökümdarlyk eden sak serdarlarynyň biriniň aýaly, adamsy
söveşde gurban bolansoň, ilki öz govumdaşlaryna serdarlyk eden, soňra
olary, şondan tahmynan 150-160 yýl töveregi soň, kuvvatly Parfiýa
dövletiniň emele gelmeginde (m.o. 247-nji yýl), 470 yýl
govrak uly imperýa hökmünde dovam etmeginde hem-de onuň hut şeýle
(Parfiýa) adlandyrylmagynda esasy rol oýnan ikinji bir güýçli
taýfa-Parlar (olaryň nesilleri şol ad bilen häzir hem Türkmenistanyň
Gyzylarbat-Türkmengala aralygyndaky ýerlerde hem-de Aşgabadyň
içinde ve tövereginde ýaşap-işläp ýörler) bilen birleşdirip,
keseki ýurtly basybalyjylara berk gaýtavul beren, şeýleliklede,
ep-esli vagtlap Günorta Türkmenistanyň özbaşdak bolmagyny gazanyp, uly
şöhrata eýe bolan, özüni-de ýeke bir söveşje-likde däl, görmegeýlikde-de
hatda duşmanyny (Midiýaly şazada Ztriangeýi) hem özüne mayýl
eden, aradan çykanda bolsa, ýokary hormatyň alamaty hökmünde
häzirki Nusaý (Türkmenistanda) tövereklerinde mazarynyň üstüne ýadigärlik
gurlan ajayýp sak gözeli Zerrinaý ve onuň edim-gylymlary
hakda söhbet açylypdyr. Nusaý şäheriniň ady hem şol ajayýp
zenanyň ady bilen baglanyşyklylykda döräpdir diýen maglumat bar.
Şol rovaýatlarda ýene şeýle birnäçe hekaýalar bar:
Sasanylar bilen bolan gazaply söveşde (m.o. 224-227 yýllar) Parfiýa
dövletiniň synmagy zerarly, onuň ösen medeniýetiniň-de
köküne palta urulýar. Şol dövrüň sungat eserleri bilen birlikde,
görnükli edebi eserleriňde ýok edilýär. Olaryň
birnäçesini bolsa, sasanylaryň taryhy, edebiýaty galplaşdyryjylary,
öz milli bähbitlerine uýgunlaşdyryp, hut öz edebi işleriniň önümi
hökmünde gaýtadan ile ýaýradypdyrlar.
ýerli medeniýeti tas ýoga diýen ýaly çykaran
Sasanylar dövletiniň soňkurak hökümdarlary: Kubat I. (488-531) ve onuň
Novşirvan Adil ady bilen meşhurlyk gazanan ogly-Hosrov Perviz Anovşirvan
(531-579) ve olaryň iň soňkysy ýäzdgerd III. (632-651)
dövürlerinde, Türkmenistanyň medeniýeti täzeden oýanyp
başlapdyr. Şeýlelikde ýerligi türkmen tofragynyň dürli
künjeklerinden bolan ylymly-bilimli, hünärli adamlar peýda bolup
ugrapdyr.. Olar barada doly maglumatlar ýok, ýöne azu-köp
maglumatlar ýok hem däl.
Şolardan biri, asly Marydan bolan öz dövrüniň tanymal hekimi, köptarafly
alymy hem terjimeçisi Borzuýe-tebipdir. onuň kakasy goşun
serkerdesi, ejesi bolsa otparazçylyk dininiň görnükli hadymlaryndan biriniň
gyzydyr. Olar Borzuýäniň öz ýazmagyna görä, ogullarynyň
(Borzuýäniň) terbiýesine, bilim almagyna heývere kän
tagalla edipdirler. Tebip, hem alym filolog bolup ýetişen Borzuýäniň
Anovşirvan Adylyň köşgüne çagyrylanlygy onuň Kelile ve Dimne adly
kitaby gola salyp bilmegi üçin-de Hindistana iberilenligi bildirilýär.
Borzuýe, Kelile ve Dimnäni hem beýleki kitaplary Sanskrit
dilinden Pählevi (Parfiýa) diline terjime edýär ve Hindistandan
gaýdyp gelende, Anovşirvan tarafyndan köp sylanýar, oňa
hazynanyň agzy açylan-da bolsa ol özüne birki sany gymmatbaha lybasdan
başga hiç zat almaýar ve bu, onuň adamkärçilik mertebesini has-da
artdyrýar. III-IV. asyrlarda, Borzuýäniň Pählevi diline
geçiren kitaplaryny, VIII. asyrda Abdullah İbn'i Mugaffah, Pählevi dilinden
arap diline geçiripdir. Abulhasan Rudeki-de ony, ilkinji bolup şygyr bilen ýazypdyr.
Soňra bu eser, Abulmaaly Nasrullah İbn'i Muhammed İbn'i Abdullah Monşi
tarafyndan 1144-nji yýlda Abdullah ibn'i Mugaffäniň arapça
nusgasyndan örän rovan stilde pars diline terjime edilýär.
Edil şol dövürleriň görnükli şahyslarynyň ýene biri hem asly
Nusaýdan-Parlardan bolan ve ady Barbat-Berbut, Pählbod (batyr-pälvan)
görnüşinde dürli-dürli ýazylýan meşhur sazanda, kompozitor hem
şairdir. Ol, VII. asyrda Hosrov Pärviz II.niň köşgünde işläp her günde bir
aýdym döredenligi bilen şöhratlanypdyr. Orta Gündogarda saz sistemini
onuň döredenligi ve berbet-ud diýen sazyňda onuň ilkniji ýola
ýasanlygy ve oňa öz adyny berenligi bildirilýär.
651-nji yýlda Orta Asiýany şol sanda Türkmenistanyňda arap
basybalyjylarynyň eýelemekleri netijesinde, bu ýerlerdäki
halklaryň medeniýetlerine gaýtadan talaň salynýar.
Araplaryň bu ülkeleriň ilatyny syýasy hem ideologik taýdan
özlerine doly tabyn edenlerinden ep-esli vagt soňra, ýerli
dövletler güýçlenýär ve Abu Muslym Horasaninyň VIII. asyryň
40-njy yýllarynyň ahyryndan başladan gozgala-lary, misal üçin
747-nji yýlda Maryda göterilen hereketler, 750-nji yýlda Bagdatda
Ämevi halyfalarynyň agdarylmagyna ve araplaryň hökmürovanlygynyň
ve täsirleriniň gavşap başlamagy bilen, VIII. asyryň ortalaryndan
Orta Asiýa halklarynyň, şol sanda türkmen halkynyň-da medeni
durmuşy täzeden oýanyp-aýaga galyp kem-kemden ösüp ugramagyna
alyp gelýär. (Prof.N. Gulla-Taryhdan Galan Nusgalar / Aşgabad
1986)
Türkmen Edebiýatynyň Taryhy
Bolşevistik ynkylapdan ozalky dövür türkmen edebiýatyny, iki uly
dövre bölmek mümkindir:
1.-XVIII. Asyrdan Öňki Dövür: Bu dövür tutuşlygyna alnanda özüniň
mazmuny, formasy ve dili jähtden örän çylşyrymly bolup onda esasan pars dili
agalyk edýär.
2.-Türkmen Milli Edebiýatynyň ýüze Çykan Dövri: Bu dövür,
türkmen klassyky edebiýatynyň emele gelen mahalydyr. Ol, XVIII.
asyr türkmen şairleriniň, birinji nobatda beýik Magtymgulynyň
ady bilen baglanyşyklydyr.
Inkylapdan ozalky dövür ýagny türkmen edebiýatynyň klassyky
dövri bolan XVIII.-XIX. asyrlaryň şairleriniň döredijiligini
övrenmek, esasan XIX. asyryň birinji ýarymyndan başlanýar.
Türkmen klassyky edebiýatyny hakyky övrenmeklige bolsa, XIX. asyryň
ikinji ýarymyndan ve XX. asyryň başlaryndan girişilýär.
Türkmen edebiýatyny övrenmäge ilkinji girişen ve şu ugurda köp iş
bitiren akademik A.N.Samoýloviç, "Entek türkmen edebiýatynyň
taryhyny ýazmaklyga vagt gelenok" diýip, 1929-nji yýlda
beýan edipdir.
Türkmenistanyň Ilymlar Akademiýasynyň Magtymguly adyndaky dil
ve edebiýat institusynyň alymlary tarafyndan teýýarlanylan
ve 1975-nji yýlda hödürlenen 6 jiltden ybarat TÜRKMEN EDEBİýATINIŇ
TARIHI adyndaki eseriň birinji jildiniň sözbaşysynda, türkmen edebiýatynyň
üstünde ylmy-der-ev işleri dovam edýär, diýilip görkezilýär.
Türkmen edebiýatyny iň gavy bilýänleriň biri akademik ýevgeniý
Eduardoviç Bertels bolup onuň "Türkmen Halkynyň Edebi
Geçmişi" adly belli işi orta asyr türkmen edebiýatynyň
problemini tutuşlygy bilen aýdyňlaşdyrdy (Sovet Edebiýaty
Jurnaly-1944, Nr.9-10).
Orta Asiýanyň taryhy barada iri eseriň autory (ýazyjysy)
akademik Wilhelm Barthold türkmen halkynyň orta asyrlarda, musulman edebiýatynda
ýeten derejesine ýokary baha berýär ve:
Selçuk imperýasyny döretmek bilen oguzlar, başgaça aýdanymyzda
türkmenler, musulman dünýäsindäki orta asyr türki halklarynyň
hiçbiriniň ýetip bilmedik derejesine ýetdiler, şoňa
görä-de bu halka diýseň uly üns berlipdir, biz musulman edebiýatynda
oguzlaryň bölünen taýfalaryna-tirelerine çenli çikme-jik sanalyp
görkezmelere duş gelýäris, beýleki türki halklaryň hiç biri
barada şeýle köp maglumat göremzok" diýip belleýär.
Akademik Barthold öz şol eserinde, oguz-türkmenleriň irki oturan ýert-ýurtlary
ve gelip çykyşlary baradaky maglumatlara analiz berýär. Şoňa layýklykda
türkmenler, jemi 24 govumdan durýan oguzlaryň Kynyk-Gynyk taýfasyndan
bolup olar, miladi VIII.-IX. asyrlarda Uzak Gündogardaky vakalardan, ýagny
Hytaý häkimiýetleriniň görkezen gysyşlaryndan soňra,
günbatara göçýär ve Aral gölüniň gündogarynda Syrderýanyň
boýlarynda ýerleşýärler. Olar şol ýerde ilkinji ýola
arap-pars medeniýeti bilen tanyşýarlar. İň gadymy taryhy
edebiýatda, ýagny Ulanbatoryň günbatarlygyndaky Orhon derýasynyň
boýlaryndan tafylan (XVIII. asyr) daşlaryň ýüzüne oýulyp
ýazylan Orhon ýazgylaryndan, oguzlaryň şol vagtlar
Mogolistanyň ýerli halky bolandyklaryny görýäris. Şol ýazgylarda
Türkit, Türk sözleri ulanylypdyr. Türkmen adyna bolsa ilkinji ýola
XVIII. asyrda Hytaý ýazgylarynda duşýarys.
Oguzlar, Orta Asiýa göçüp gelenlerinden soňra, türkmen sözi syýasy
mana eýe bolup ol, umuman oguz sözi bilen bir manyda ulanylyp başlanýar.
Şonuň üçin türkmen halky Orta Asiýanyň iň gadymy
halklarynyň biridir, diýip aýtmak bolar. Şeýle bir
halkyň öz durmuş derejesine layýk medeniýetiniň-de
boljaklygy anykdyr.
X-XI. asyrlarda bitevi bir halk hökmünde formirlenip ugran türkmenleriň
7-8 asyrlap öz edebiýatlary bolmandyr, diýip aýtmak
nädogry bolsa gerek. Biz şeýle sözleri Prof.ý.E.Bertelsiň,
"Türkmen Halkynyň Geçmiş Edebiýaty" sözbaşyly makalasyna
esaslanyp aýdyp bilýäris, çünki ol öz şol makalasynda: "Bu
halk (türkmenler) haçandyr bir vagt manzum esersiz oňuşupdyr diýip,
diňe onuň ganym düşmanlary pikir edip bilerler" diýip ýazýar
(Sovet Edebiýaty Jurnaly 1944, Nr.9-10).
Türkmen edebiýatynyň, belli bir taryhy dövürde, başga dilden peýdalananlygyny
geň görmeli däl, çünki iň gadymy dövürlerde, ýagny Parfiýalar
dövründe, Pehlevi dili, soňra XVIII. asyra çenli Türk dili, ep-esli
vagtlap-da Arap dili ulanylan bolsa, IX. asyrdan başlap, ýakyn hem orta
gündogarda ýaşan halklaryň köpüsiniň edebi dili hökmünde Pars
dili öňe çykypdyr.
Eseri öz ene dilinde däl-de, haýsydyr bir umumy edebi dil hökmünde ykrar
edilen dilde döretmeklik bolsa, Bertelsiň sözi bilen aýdanymyzda
gündogar edebiýatynyň ýörite bir aýratynlygy ýa-da
gavşak tarafy däldir. İňlis edebiýaty IX-XV. asyrlarda Latin
dilinden, soňra bolsa Fransuz dilinden ve ahyrsoňy İňlis
dilinden peýdalanyp başlapdyr. Danmark (Daniýa) edebiýatynyň-da
XVIII.-XIX. asyrlarda Alman dilinden peýdalananlygyny aýtmak
bolar.
Türkmen tofragynda milatdan öňki I.müň yýllygyň
ortalaryndan bärik aýry-aýry dövürlerde belli bir ösüşe eýe
bolan medeniýetiň dovam edip gelenligini taryhy çeşmeler tassyklaýarlar.
Türkmen edebiýatynyň ve medeniýetiniň täzeden ösüp
başlan dövri, XI. asyryň ikinji ýarymyna, ýagny Selçuklaryň
dövri başlanan vagtyna gabat gelýär. Selçuklar (Saltyklar), türkmenleriň
Salyr taýfasynyň Kynyk-Gynyk tiresinden bolup, bir tarafdan
savadsyz bolandyklary beýleki tarafdan-da, Horasanyň, özlerinden
ozalky häkimiýetleri bolan Samanylaryň ve Gaznavylaryň
däplerini saklap-dovam etdirmek isländikleri üçin, şol häkimiýetleriň
resmi hem edebi dili bolan Pars dilini ykrar edipdirler.
Öz ykbalyny, Saltyklaryň kömegi bilen baglanyşdyran görnükli şairleriň
ilkinjilerinden biri Fahreddin Asad Gürgenidir. onuň, XI. asyrda Veýs
ve Ramin manzumasyny ýazandygy, hem-de müň yýl çemesi öň,
uly höves bilen okylar ýaly derejede ýazandygy bize mälimdir, diýip,
Prof.İ.S. Braginskiý belleýär. Gürgeni, Saltyklar köşgünde, bu
dövleti ilkinji esaslandyryjylaryň biri bolan Tugrul begiň (vefaty
1063-nji yýl) dövründe işläpdir. Gürgeni, Saltyklar dövletiniň paýtagtlaryndan
gadymy Mary şäherinde (olaryň beýleki paýtagtlary Bagdatdyr)
tahmynan 1050-nji yýlda (XI. asyr) bütinleý öz dövrüniň
ruhuna ýugrulan meşhur Veýs ve Ramin manzumasyny döredipdir.
Eserdäki gahrymanlaryň ve vakalaryň aglabasy Mary şäheri bilen
baglanyşykly. Gürgeni öz bu eserinde Horasanyň Täji hasaplanan Maryny şeýle
vasf edýär:
Mary şahy jahan ne ajayýp şäher Doýmarsyň baksaň-da
oňa her säher,
Mary gyş hem gözel güýzdäkisi deý Jovzaly tomus hem ýazdakysy
deý,
Kim görse, ýa ýurdy saýsa Maryny Küýsärmi ol heý-de
özge ýerini.
Saltyklar köşgünde ilkinji gezek Şairler Şahy (Melik-eş Şuera) diýen ada
eýe bolan şair Ebu Abdyllah Muhammed İbni Abdymälik Emir Muezzidir
(1058-1148). Ol, Selçuklaryň beýik häkimi Melikşah Selçugynyň
köşgünde işläpdir. Soltan Sanjaryň uly ähmiýet beren şairi Muezzi
barada Prof.ý.E.Bertels şeýle ýazýar:
Muezziniň öz goşgulary üçin saýlap alan meselesi ýüzlerçe
görnüşde bolup täze-täze me-zetmeler bilen baýlaşdyrylypdyr. Onçakly
meşhur bolmadyk şair Abdylla Burhanynyň maşgalasynda Türkmenistanyň
Nusaý şäherinde dünýä gelen Muezzi, 90 ýaşynda öz doglan
mekanynda aradan çykýar.
Muezziden öň, X. asyrda, ýagny Samaniler dövründe-de meşhur alym
hem şair Omar (Omar Haýýam däl), Abpas, Mesudi Mervezi, Jövheri ýaly
onlarça şairler bolypdyr. ýöne olaryň köpüsiniň eserleri bize
gelip ýetmändir. Misal Üçin: Maryly şair Mesudi Mervzviniň 966-nji
yýlda ýazyp gutaran Şahnamasyndan 6 setir saklanyp galypdyr.
Abulgasym Ferdovsi-de (934/941-1025) öz şahnamasyny döretmekde Mesudi Mervzviniň
eserinden peýdalanypdyr.
Öz ömrüniň ep-esli bölegini Saltyklaryň (Selçuklaryň) köşgünde
hyzmat edip geçiren şairleriň ýene biri hem Ali Ovhadeddin
Enveridir. onuň 1115-1120-nji yýllarda dünýä gelenligi
bildirilýär. Ol, İranyň TUS şäherine gidip ol ýerde okyýar
ve tebigata, dine ve jemgiýetçilik işlerine degişli ylymlaryň dürli
pudaklaryny gavy özleşdirip, öz dövrüniň alymlarynyň biri bolup ýetişýär.
Ol, özüniň kasidalary bilen, dövürdeşleriniň hiç biriniň ýetip
bilmedik derejesine ýetýär. Enveri, 1187-nji yýlda Mary
şäherini (köşgüni) terk edip Balh şäherine gelýär ve ol ýerde 4 yýl
çemesi dürli ylmy işler bilen meşgullanýar ve 1191-nji yýlda
aradan çykýar. Enveriniň iň köp söýen ylmynyň
Astronomi bolanlygy görkezilýär.
Saltyklar dövründe başga-da ençeme şairler bolupdyr. Şolaryň arasyndan,
asly Maryly bolan görnükli edebiýatçy Muhammed Aufiniň
(1171-1232/42), Lubap äl-Bap (Gavylaryň gavysy) antolojisine girmäge
mynasyp bolan 100 çemesi şair bar. Olaryň tas ýarysynyň-da paýtagt
Marydan bolandyklaryny bellemek gerek. Olardan-da Melik-eş Şuera derejesine ýetenler:
Muezzi bilen Enveriden beýlekileriň ýagdaýlary
överlik bolmandyr.
XII. asyryň ikinji ýaramyndan, ýagny soltan Sanjar ölenden
soňra, ýagdaý özgerip ol, köşk şairleriniň
närazyçylyklaryna alyp gelipdir. Bu ýagdayý Mahmud ibni Aly
äs-Semaýi Mervezi öz Lubap äl-Bap antolojisinde ýerleşdirilen
eserinde beýan edýär.
Horezm Saltyklaryndan bolan Atsyzyň hem onuň ogly İlarslanyň
köşgünde işlän meşhur şair hem alym Reşideddin Vatvatdan-da (1090-1183) söz
etmek ýerlikli bolar. Soltan Sanjaryň köşgünde işlän şairlerden
Mähestini (1120/21-de doglan) agzaman geçip bolmaz. onuň döredijiligi,
esasan Rubagylardan ybarat bolupdyr. Şonda Omar Haýýamyň
(1040-1123) rubagylarynyň täsiriniň bolanlygy aýdylýar.
Ol, ömrüniň köpüsini Maryda geçiripdir. Azerbaýjan alymy
Prof.H.Arasly, onuň Azeri şairesidigini öňe sürýär, hem-de
Nizami Genjevi (1141-1209) bilen öýlenenligini ýazýar.
XIII. asyrda ýaşan ve öz dövrüniň tanymal alymy ve ýazyjysy
bolan Muhammed ibni Ahmed än-Nesevi, taryh ve beýleki ylymlar ugrunda
birnäçe işler edipdir. ýöne şol asyryň ikinji ýarymynda hem
XIV. asyryň başlarynda ýaşap geçen Mahmyd Pälvanyň yşky temada
ýazyp galdyran rubagylary örän çeperdir. Şairiň döredijiliginde,
Omar Haýýamyň ýiti täsirini aç-açan görmek bolýar.
onuň Köneürgençli bolup, maşgalasy Hyva göçüp barýarka ýolda
(1247) dünýä gelenligi, 1326-nji yýlda aradan çykanlygy bildirilýär.
Biziň gadymy dövür şairlerimiziň iň görnüklilerinden biri hem
Ahmed Burhaneddin Syvaslydyr. Ol, 1344-nji yýlda Türkiýäniň
syvas velaýatynyň Kaýser şäheriniň baş kazysy Şemseddin
Muhammediň maşgalasynda eneden bolýar.
Onuň ata-babalary, Saltyklaryň dövründe Türkmenistandan Kiçi Asiýa
gitmeli bolýarlar. onuň edebi döredijiliginden bize gelip ýeten
1500 gazaldan, 20 rubagydan, 119 Tuýugdan ybarat bolan goşgular
divanydyr. Ahmed Burhaneddin Syvasly, agsak Timuryň (1336-1405) dövürdeşi
bolupdyr, ýöne onuň bilen onçakly oňuşmandyr.
Syvaslynyň, Syvasdaky Salyrlaryň, Akgoýunlylar hem Garagoýunlylar
tiresiniň arasynda häkimiýetiň üstünden ýüz beren
agzalaçylyklar mahalynda Akgoýunlylaryň ýolbaşçysy Gara
Osman tarafyndan 1398-nji yýlda öldürilenligi bildirilýär. Şairiň
goşgulary türki dilde bolup, halkyň kepleşik diline örän ýakyndyr.
onuň Tuýug hem Rubagylary aruz ölçeginde ýazylan-da bolsa,
beýan edilişi hem dili taýdan türkmen goşgy düzüş formasyndan üýtgeşik
däl. Ahmed Burhaneddin Syvaslynyň Garagoýulylar tiresindendigi anyklanyp
subut edilen-de bolsa, Azerbaýjan edebiýatçylary ony öz şairleri
hökmünde Azerbaýjan edebiýatynyň taryhyna girizipdirler. Bu
ve şuňa meňzeş meseleleri ayýl-sayýl etmek, edebiýat
ve ylaýta-da edebiýatyň taryhy bilen gyzyklanýan
alymlarymyzyň öňünde durýan borçdyr. Bular, edebiýatçy
alymlarymyzyň öňünde öz çözgüdine garaşyp duran möhüm meselelerdir.
TÜRKMEN EDEBİÝATINIŇ
TARIHI
(X1.-XVII. Asyrlar)
XI. asyryň
40-nji yýllaryndan (Selçuklaryň türkmen tofragynda özbaşdak dövlet
guran vagtlaryndan) tä XVII. asyryň ahyrlaryna çenli geçen dövürdäki edebiýatymyzyň
taryhyna giňişleýin durup geçmek, edebiýatçy alymlarymyzyň
işidir. Biz bu ýerde şol dövürki edebiýatymyzyň käbir
taraflary, aýryňaýry vekilleridir eserleri hakda gysgarak
durup geçmek isleýäris.
Bu dövürde-de ylmy edebiýatyň aglabasy çeper eser şeklinde,
ençemesi aralarynda şygyrlar getirilen gyssa görnüşinde, birnäçesi-de hatda boýdan-başa
şygyr bilen ýazylypdyr. Şeýle eserleri ýalňyz İbn-i
Sinanyň däl, eýsem orta asyrlar gündogarynyň beýleki
alymlarydyr şairleriniň döredijiliklerinde-de görmek bolýar. Misal
üçin Abdyrahman Jami, öz ogluna arap dilini övretmek niýeti bilen, şol
diliň gramerini şygyrlar bilen beýan edipdir. Şonuň üçin-de
orta asyrlar barada gürrüň gozgalanda ylmy edebiýat bilen çeper
edebiýatyň arasyna serhed çekmek örän kyn bolýar. Çünki
alymlaryň birnäçesiniň gavy şair hökmünde-de tanylşy ýaly,
şairleriň-de käbirleri gavy alym hökmünde tanylypdyr. Şunlukda, bir
tarafdan alymlar, öz ylmy eserleriniň birnäçesini çeper eser görnüşinde ýazan
bolsalar, käbir şairler özleriniň aýry-aýry çeper
eserlerinde ylmy fikirler ýöredipdirler.
Çeper edebiýat bilen ylmy edebiýat hemişe bir-birlerini ösdürip,
baýlaşdyryp hem kämilleşdirip gelipdir. XI.-XVII. asyrlarda, irki orta
asyrlaryň: El Horezmi, El Farabi, El Biruni, İbni Sina ýaly beýik
akyldarlarynyň deňine ýeter alymlar bolman-da bolsa, öz
zamanalarynyň biçak uly alymlarynyň ençemesi döräpdir.
NİZAMILMÜLK: Abu Aly Hasan İbni Aly bin İshak ät-Tusi, 1017-nji yýlda
Tus (häzirki Ferdovs) şäherinde dünýä gelýär. Ol, 1092-nji yýlda-da
Nihavend (häzirki Tähranyň golayýnda) öldürilýär. Ol,
1064-nji yýldan tä ölýänçä, Selçukly serdarlar Alp-Arslanyň
(1063-1072), Melik şahyň (1072-1092) başveziri bolup işleýär.
Pähim-paýhasly ve medeniýetli bolan Nizamylmülküň, gelip
çykyşynyň farsdygy bildirilýär. Ol, Selçuklar dövründe başvezir
bolan vagty ylmyň, edebiýatyň hem sungatyň pajarlap
ösmegi üçin, köp tagalla edýär. Ol, Syýasatnama adly eseri bilen
has meşhur bolýar. Fars dilinde ussadlyk bilen ýazylan bu eser 50
bapdan ybaratdyr ve ol, gündogaryň orta asyrlardaky musulman dövletleriniň
syýasy gurluşyny övrenmegiň esasy çeşmesi hesaplanylýar.
MAHMUT KAŞG